ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 06.01.2022

Gyrgyzlar Bişkegiň Gazagystana goşun ibermek kararyna reaksiýa bildirýär

Azathabar.com 

Bişkekdäki parlament binasynyň öňünde gyrgyz goşunynyň Gazagystanda "parahatçylygy goraýyş operasiýasyna" gatnaşmagyna garşy piket geçirildi. Bu çäre gatnaşanlar goňşy Gazagystandaky wakalary respublikanyň öz içerki işi diýip hasaplaýarlar. Şol bir wagtda, parlament gyrgyz goşunynyň Gazagystandaky wakalara gatnaşmagy meselesine garamady, sebäbi munuň üçin ýeterlik kworum bolmady diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, goňşy respublika goşun bölümini ibermek... Читать дальше...

Moskwada Gazagystana goldaw bildiren piketçiler tussag edildi

Azathabar.com 

Moskwada Gazagystany goldamak üçin pikete çykan 10 töweregi adamy tussag etdiler diýip,  "OVD-Info" tussag edilenleriň birine salgylanyp ýazýar. Taslamanyň maglumatyna laýyklykda, tussag edilenleriň arasynda Oleg Krawçenko, Aleksandr Zimbowskiý, Ýelena Sidorenko, Iwan Solowýew, Elmar Rustamow, Aleksandr Nikolaýew dagynyň bardygy aýdylýar. Piketçilere nähili aýyp bildirilendigi häzirlikçe mälim däl. Ýangyç bahalarynyň birden kesgin ýokarlanmagy netijesinde Gazagystanyň günbataryndaky Žanaozen... Читать дальше...

Häkimiýetler daşary ýurtlardaky raýatlara nägilelik çykyşlaryna gatnaşmazlygy duýdurýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimiýetleri daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlaryna ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada nobatdaky gezek duýduryş berdi. Şeýle-de, sebitde we Daşoguz welaýatynyň käbir territoriýalarynda VPN ulgamlary çäklendirildi. Bu çäklendirme we duýduryş goňşy Gazagystanda ulag ýangyjynyň ýokarlanmagy sebäpli dörän protestleriň ýurduň çar künjegindäki şäherlere ýaýran mahalyna gabat geldi. Azatlyk... Читать дальше...

Häkimiýetler gazak ÝOJ-larynda bilim alýan türkmenistanlylaryň hossarlary bilen ýygnaklary geçirýär

Azathabar.com 

Gazagystanda bolup geçýän tolgunyşyklarynyň fonunda türkmen häkimiýetleri ogul-gyzy Gazagystanda bilim alýan balkanly we lebaply ene-atalar bilen ýygnaklary geçirýärler. Ýygnaklarda olar, hamala, özlerinde protestlere gatnaşýan türkmen ýaşlary barada maglumatyň bardygyny öňe sürüp, ene-atalardan öz çagalaryna protest hereketine goşulmazlygy tabşyrmagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy ýanwarda habar berdi. Onuň ýygnaga gatnaşan ene-atalara salgylanyp, habar bermegine görä... Читать дальше...

Türkmen DIM-i Gazagystandaky ýagdaýdan alada bildirdi, MHM işgär iberdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigini aýdyp, metbugat serişdeleri üçin maglumat çap etdi. Daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan “Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygy nazarda tutup”, goňşy ýurtda “dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem... Читать дальше...

Lebapda degişlilikdäki arzan azyklar gaýtadan gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň geçen ýylyň aýagynda baýramçylyklara gabatlap gyt azyk harytlarynyň nyrhlaryny emeli ýagdaýda arzanlatmak synanyşyklaryndan soň, iýmit önümleriniň bahalary, şol sanda döwlet dükanlarynda hem gaýtadan ýokarlanyp başlady. Şol bir wagtda, habarçylarymyz ýiti ykdysady krizisiň arasynda adamlaryň subsidirlenen azyklar üçin soralýan resminamalary almak synanyşyklarynda, döwlet edaralarynyň öňünde uzakly gün nobatda garaşýandyklaryny hem belleýärler. “2022-nji ýyla geçip, döwlet... Читать дальше...

KHŞG gatyşmalarynyň çäginde, Russiýa Gazagystana goşun iberýär

Azathabar.com 

Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) Nur-Soltandaky hökümetiň ýagdaýy “durnuklaşdyrmaga” kömek etmek baradaky haýyşy esasynda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik tolgunyşyklaryň arasynda, Gazagystana rus desantçylarynyň iberilendigini aýtdy. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýüze çykan bidüzgünçiliklerde daşary ýurtlarda tälim alan "terrorist" toparlary günäkärledi, ýöne Merkezi Aziýanyň nebite baý post-sowet ýurdunda... Читать дальше...

Karim Masimow Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Azathabar.com 

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uzak wagtlyk egindeşi Karim Masimow Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolup işleýän Ermek Sagimbaýew bellenildi. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bu kadr çalyşmalaryna degişli kararlary 6-njy ýanwarda Akordanyň web sahypasynda çap edildi. Gazagystanyň ýörite gulluklarynyň başlygynyň çalşylýandygy baradaky habar sebitlerde köşeşmeýän protestleriň... Читать дальше...

Dünýäde gündelik COVID-19 hadysalarynyň sany ilkinji gezek iki milliondan geçdi

Azathabar.com 

Dünýäde gündelik koronawirus ýokuşan adamlaryň sany pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek iki milliondan geçdi diýip, Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) habar berdi. Şeýle-de gurama bir günde bu wirusdan ýedi müň näsagyň ýogalandygyny aýdýar. Birleşen Ştatlarda 4-nji ýanwar güni, pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek bir günde bir milliondan gowrak COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy,  bu birnäçe gün ozalky gündelik derejeden iki esse köp adama wirus ýokuşandygyny aňladýar. Dünýäde koronawirus näsaglarynyň... Читать дальше...

Şawkat Mirziýoew  Kassym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşdi. Bu barada dördünji gün Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi. "Döwlet baştutanlary Gazagystandaky ýagdaýyň ýaýbaňlanyşy, ýagdaýy durnuklaşdyrmak we respublikada parahatçylygy we asudalygy gysga wagtda dikeltmek üçin görülýän çäreler barada pikir alyşdylar" diýip, habarda aýdylýar. Özbegistanyň prezidenti "doganlyk halkyň we Gazagystanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda durnuklylygy... Читать дальше...

Habarlar: Orsýet ýolbaşçylygyndaky KHŞG-nyň esgerleri Gazagystana geldi

Azathabar.com 

Rus habar beriş serişdeleri öňki Sowet Soýuzynyň birnäçe döwletiniň gatnaşmagynda guralan harby bileleşigiň, Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) ilkinji goşun bölümleriniň,  görlüp-eşidilmedik garşylyk tolkunynyň güýçlenmegi bilen, Gazagystanda herekete başlandygyny habar berýär. Döwlet eýeçiligindäki “Nowosti” habar gullugy 6-njy ýanwarda parahatçylygy goraýyş güýçleriniň harby-howa bölümleriniň Merkezi Aziýa ýurduna gelip girendigini aýtdy. Döwlet eýeçiligindäki... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде






Красивый и богатый звездопад посыпется на Землю в майские праздники

На активы и счета Тимура Иванова, его жены и детей наложили арест

Навигация в Рыбинске откроется 1 мая

Ситуация под Авдеевкой на сегодня. Карта боевых действий от 25 апреля 2024 года