Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 27.01.2022

Türkmen lideri milli puluň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegi tabşyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynda milli puluň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegiň döwletiň pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolmalydygyny belledi diýip, business.com neşiri habar berýär. Emma Türkmenistanyň çap edýän resmi sanlary bu ýylam Bütindünýä bankynyň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatynda orun almaja meňzeýär.

Omikron hadysalarynyň artmagynyň arasynda, Lebap 'karantine ýapyldy'

Azathabar.com 

Türkmenistanda omikron hadysalarynyň möwjemeginiň arasynda, ýurduň esasy karantin zolaglary hem ýerleşýän Lebap welaýaty karantine ýapyldy. Bu barada ýerli häkimiýetler Türkmenistanyň beýleki künjeklerinden ýurduň gündogar welaýatyna aşmak isleýän raýatlara habar berýärler.

Aşgabatda we Lebapda "Omikron" möwjeýär. Saglyk igärlerinden dilhaty alynýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynda koronawirusyň "Omikron" görnüşi möwjeýär. Bu keselçilik esasan çagalaryň arasynda giňden ýaýraýar. Munuň bilen bagly, Lebabyň etrap keselhanalary we Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasy näsaglardan doldy we syrkawlary kabul etmegi bes etdi. Bu aralykda, Lebabyň häkimiýetleri saglyk işgärlerini "syrlary äşgär etmezlik" baradaky ýörite dilhata gol çekmäge mejbur edýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar. Читать дальше...

Hindistanyň premýeri Merkezi Aziýa liderleri bilen onlaýn duşuşygyny geçirýär

Azathabar.com 

Premýer-ministr Modi tarapyndan gurnalan wirtual çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri gatnaşar diýip, hindi mediasy 27-nji ýanwarda habar berdi. Premýer-ministr Narendra Modiniň beýemçilik etmeginde 4-nji gün geçiriljek ilkinji Hindistan -Merkezi Aziýa sammitinde gatnaşyklar "täze belentliklere" çykarylar diýip, ndtv.com neşiri belleýär. Wirtual çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Читать дальше...

Daşkentde gadagan edilen yslamçy toparyň agzalary saklandy

Azathabar.com 

Özbegistanyň paýtagtynyň polisiýasy Daşkentde gadagan edilen yslam hereketiniň agzasy diýilýän adamlaryň bir toparyny tussag etdi. Daşkent şäher polisiýa müdirliginiň 26-njy ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, “Katiba al-Tawhid wal-Jihad” (Bir hudaýlylyk we mukaddes uruş brigadasy) toparynyň agzasy diýlip güman edilýän 30-a golaý adam tussag edildi. Bu topar Özbegistanda 2016-njy ýylda terrorçy gurama hökmünde gadagan edildi. Ol adamlaryň haçan tussag edilendigi we nirede saklanýandygy aýdylmaýar. Читать дальше...

Nazarbaýewiň gyzy bilen baglanyşykly kompaniýanyň dolandyryjysy öz janyna kast etdi

Azathabar.com 

Gazagystandaky “Operator ROP” kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Ruslan Şamşiýew öz janyna kast etdi diýip, Informburo.kz neşiri polisiýa salgylanyp habar berýär. Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň körpe gyzy Aliýa Nazarbaýewa bilen baglanyşykly “ROP Operator” 2015-nji ýylda döredildi we gaýtadan işlemek ýygymy diýilýän esasynda, hasapdan çykarylan awtoulaglaryň böleklerini we ýaglaryny gaýtadan işlemek üçin köp töleg aldy. Bu iş boýunça janyna kast etmäge ýetirmek aýyplamasy... Читать дальше...

ABŞ Russiýanyň NATO-nyň giňelmegini togtatmak talabyny ret edip, krizisden çykmak 'ýoluny' görkezýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar, serhet ýakasynda toplanan rus goşunlarynyň gündogardaky goňşynyň üstüne çozmagyň başlangyjy bolmagy baradaky aladalar arasynda, Moskwanyň Ukrainanyň geljekde NATO-a girmegini gadagan etmek baradaky talabyny ret etdi, ýöne bu krizisden çykmak üçin, öz sözleri bilen aýdylanda, "çynlakaý diplomatik ýodany" teklip etdi.  Waşington 26-njy ýanwarda Russiýanyň howpsuzlyk talaplaryna ýazmaça jogap berdi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bolsa, Moskwanyň aladalaryna "prinsipial we pragmatiki" baha bermek bilen bir hatarda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мария стала соперницей Азаренко на турнире WTA в Мадриде






В России появился надежный кроссовер дешевле китайских

Воробьев рассказал об опыте цифровизации Подмосковья и предложил ряд инициатив

Концентрация песка в воздухе Москвы возвращается к нормальным значениям

Нижегородские разработчики получили семь наград международной и российской ИТ-премий