ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 08.01.2022

Gazak häkimiýetleri paýtagty "Nur-Soltan" diýip atlandyrmagy bes etdiler

Azathabar.com 

Gazagystanyň häkimiýetleri resmi habarlarda ýurduň paýtagtyny "Nur-Soltan" diýip atlandyrmagy  bes etdiler. Indi olar iny "Gazagystanyň paýtagty" ýa-da diňe "paýtagt" diýen sözler bilen aňladýarlar diýip, "Dožd"  telekanaly Orda.kz neşiriniň žurnalisti Gulnara Bazkenowa salgylanyp habar berýär. Onuň sözlerine görä, ýerli habar beriş serişdeleri Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň maşgala agzalarynyň köpçülikleýin nägilelikler wagtynda ýurtdan gaçandygyny habar berdi. Emma... Читать дальше...

Türki döwletler guramasynyň daşary işler ministrleri Gazagystandaky ýagdaýy maslahatlaşar

Azathabar.com 

Türki döwletler guramasynyň daşary işler ministrleri 11-nji ýanwarda geçiriljek gyssagly ýygnakda Gazagystandaky ýagdaý barada maslahat eder diýip, Türkiýäniň Anadolu habar gullugy habar berýär. Bu gurama şu günki günde Türkiýäni, Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Özbegistany öz içine alýar, Türkmenistan we Wengriýa onuň işine synçy hökmünde gatnaşýar. Şu aralykda, IIM-niň maglumatyna görä, Gazagystandaky demonstrasiýalary dargatmak üçin görülýän çäreleriň çäginde 4 müňden gowrak adam tussag edildi. Читать дальше...

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Tähranda gaz gepleşiklerini geçirer

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar diýip, TDH habar berýär. Bu baradaky buýruga 7-nji ýanwarda, hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekildi.   Görnüşinden, 8-9-njy ýanwarda geçiriljek gepleşiklerde esasan iki ýurduň arasynda kesilen gaz söwdasyny dikeltmek barada maslahatlaşyljaga meňzeýär. Eýranyň... Читать дальше...

Türmede oturan eýranly şahyr Baktaş Abtin COVID-19 ýokuşmasyndan soň aradan çykdy

Azathabar.com 

Türmede oturan eýranly şahyr we kinoçy Baktaş Abtin Tähranda bir hassahanada aradan çykdy diýip, Eýranyň Ýazyjylar birleşigi habar berdi. 8-nji ýanwardaky ölüm habary 48 ýaşly Abtin golaýda, agyr COVID-19 näsaglygy sebäpli  medisina koma ýerleşdirilenden soň yglan edildi. Abtin ýürek keselinden ejir çekýärdi we COVID-19 bilen näsaglandan soň, maşgalasy ony 14-nji dekabrda Tähranyň Ewin türmesinden paýtagt keselhanasyna geçirtmegi başardy. Tanymal ýazyjy we söz azatlygy ugrunda göreşiji bolan... Читать дальше...

Öňki prezidentiň metbugat wekili Nazarbaýewiň Gazagystany terk etmändigini aýdýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň öňki prezidentiniň metbugat wekili Aýdos Ukibaý Twitterde Nursoltan Nazarbaýewiň Gazagystany terk etmändigini we häzirki wagtda paýtagtdadygyny aýtdy. Ukibaý Nazarbaýewiň "geňeş-maslahat ýygnaklaryny geçirýändigini we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen göni aragatnaşyk saklaýandygyny" hem sözüne goşdy. “Elbasy Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde ýerleşýär. Bilkastdan ýalan we spekulýatiw maglumatlary ýaýratmazlygyňyzy soraýarys. Elbasy geňeş maslahatlaryny... Читать дальше...

Blinken Ukrainadaky krizisiň döremeginde Kremli ýazgardy, ýöne diplomatik çözgüt 'mümkin' diýdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken Orsýetiň Ukraina çozmagynyň öňüni almak  üçin diplomatik çözgüdiň “henizem mümkindigini” aýtdy, emma bu başa barmasa, Günbataryň “berk gaýtawul bermäge” taýýardygyny duýdurdy. Blinken 7-nji ýanwarda Waşingtonda, ýaranlar we rus resmileri bilen umuman Ýewropanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça guraljak duşuşygyň öňüsyrasynda, Döwlet departamentinde eden çykyşynda Ukrainanyň serhedindäki krizisi öjükdirmekde aýyplap, Kremli ýazgardy. Blinken Günbataryň “diplomatiýa ygrarly” gepleşiklere girýändigini... Читать дальше...

Gazagystandaky tolgunyşyklarda müňlerçe adam tussag edildi, MHK-nyň öňki başlygy 'dönüklikde' aýyplanýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň içerki aňtaw gullugynyň öňki başlygynyň dönüklikde güman edilip, zorlukly protestler wagtynda wezipesinden boşadylandan iki gün soňra, 8-nji ýanwarda tussag edilendigi aýdylýar. Ýene birnäçe ady aýdylmadyk howpsuzlyk resmisiniň tussag edilendigini habar beren Milli howpsuzlyk komiteti Karim Masimowyň tussag edilmegi bilen bagly goşmaça maglumat bermedi. Öňki premýer-ministr, ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň uzak wagtlyk egindeşi bolan 56 ýaşly Masimow geçen hepde, ýangyç nyrhlarynyň... Читать дальше...

Türkmenistan 50 ýyl bäri ýanýan açyk gaz ýatagyny öçürmegi meýilleşdirýär

Azathabar.com 

Türkmenistan Derweze sebitinde onlarça ýyl bäri ýanyp duran we ýurduň esasy syýahat nokatlarynyň biri bolan açyk gaz ýatagyny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu meýil Türkmenistanyň halkara metbugatynda nebit-gaz senagaty bilen bagly howa goýberýän zäherli gazlarynyň möçberi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de, türkmen prezidentiniň gaz eksportyny köpeltmek baradaky nobatdaky talaby ÝB-niň esasan ýangyç söwdasyny edýän Aşgabadyň ünsüni ýene bir gezek ykdysadyýeti diwersifikasiýa... Читать дальше...

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler

Azathabar.com 

Fewralyň başynda Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilip, geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegi maksatnamasy tassyklanylar, geçen ýylyň jemleri jemlener we şu ýyldaky wezipeler kesgitlener diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berýär.   Bu teklibi bäşinji gün geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbangly Berdimuhamedow etdi.  Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, türkmenistanlylara “demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy”. Читать дальше...

Blinken: "Eger ruslar öýüňize gelse, käte olary o taýdan çykarmak kyn bolýar"

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlarda esasan rus harbylaryndan durýan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) bir böleginiň Gazagystanda ýerleşdirilmegi meselesinde sorag bar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken NATO-nyň goranmak ministrleriniň onlaýn duşuşygyndan soň aýtdy. AÝ/AR-nyň Rus gullugy bu habary "Roýters" habar gullugyna salgylanyp çap etdi. Blinkeniň sözlerine görä, Gazagystanyň häkimiýetleriniň parahat demonstrantlaryň hukuklaryny bozman, şeksiz, öz güýçleri bilen hem tertip-düzgüni berjaý etmek mümkinçilikleri bardy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Арине Соболенко предрекли победу на Уимблдоне-2024






Нагорный заявил, что иностранцы говорили ему о желании участвовать в Играх дружбы

Планировал жениться: мать убитого мигрантом из-за замечания о парковке москвича рассказала о сыне

Глава федерации бокса Ингушетии Газгириев: задержанный с оружием Накастхоев — не вице-президент

Вильфанд предсказал 20-градусное тепло в Москве