ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 01.01.2022

Eýran çalşylan türkmen gazyny Azerbaýjana iberip başlaýar

Azathabar.com 

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistandan alnan gazyň umumy mukdaryndan 20-30 %-i çalşyk tölegi hökmünde Eýrana berler, galan bölegi bolsa Azerbaýjana iberiler. Azerbaýjanyň her gün dört million kub metr gaz aljakdygy aýdylýar, emma muňa garamazdan, häzirki wagtda bu görkeziji dört milliondan az we kem-kemden şol mukdara ýeter diýip, eýran mediasy habar berýär. 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Hazarýaka ýurtlarynyň üçüsiniň prezidentleriniň Aşgabatda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 15-nji... Читать дальше...

Täze ýylyň bosagasynda Aşgabatda baýramçylyk konsertleri geçirildi

Azathabar.com 

Geçen ýylyň soňky hepdesinde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary birnäçe meşhur aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Koronawirus sebäpli girizilen karantin zerarly uzak arakesmeden soň, Döwlet simfoniki orkestriniň Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda beren konsertleri we Tahyr Ataýewiň krişli saz gurallary orkestriniň çykyşlary dynç alyşdan öňki günleriň ajaýyp aýdym-saz wakalaryna öwrüldi. Konsertlere Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy hem gatnaşdy. Tahyr Ataýewiň kirişli saz gurallary... Читать дальше...

2021: Türkmenistanyň daşary syýasatyna syn

Azathabar.com 

Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atlandyrylan geçen 2021-nji ýylda Türkmenistanyň daşary syýasat pudagy dürli, şol sanda düýpli we görnüşinden kesgitleýji wakalara baý boldy. Türkmen häkimiýetleri entek “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden has öň jeňçi toparynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirip başlady; bitarap Türkmenistan Türki geňeşe agza boldy, şeýle-de Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky regional guramalarda has aktiwleşip başlady. Galyberse-de, geçen ýylyň... Читать дальше...

ABŞ-nyň öňki milli howpsuzlyk işgärleri Russiýa garşy sanksiýalary aýan etmäge çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň öňki milli howpsuzlyk işgärleriniň bir topary prezident Jo Baýdeni Russiýa Ukraina hüjüm eden halatynda Moskwa garşy giriziljek sanksiýalary çap etmäge çagyrdy diýip, “Associated Press” habar berýär. Beýanata gol çekenleriň arasynda ABŞ-nyň Russiýadaky öňki ilçileri Maýkl MakFol we Aleksandr Werşbow we Kiýewdäki birnäçe ilçi bar. Onuň awtorlarynyň pikiriçe, mümkin bolan ykdysady sanksiýalaryň jikme-jiklikleriniň aýan edilmegi Moskwanyň öňe dyzamak kararyna gelmezinden ozal Kremliň kararyna täsir eder. Читать дальше...

Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri

Azathabar.com 

Täze ýylyň ilkinji gepleşiginde Dünýä Türkmenleri programmamyzyň 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan sany bilen tanyş bolmaga çagyrýarys. Dünýä Türkmenleri arka atylan ýylyň dowamynda her hepdäniň dynç alyş günleri mümkin boldugyndan täze we gyzykly temalar bilen diňleýjilerimiz bilen tolkun arkaly didarlaşdy. Dünýä Türkmenleri 2021-nji ýylyň dowamynda türkmen dünýäsi bilen ýakyndan arabaglanyşykly temalara gönükdirildi. Köne möwsüm türkmenleriň arasynda familiýalardaky rus goşulmalarynyň taşlanmagy bilen bagly meýillerden söhbet açyp... Читать дальше...

ABŞ-nyň dartgynlygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde, Baýden ýene Zelenskiý bilen gepleşer

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň ukraina serhedinde toplanan rus goşunlarynyň döreden dartgynlygyny gowşatmak tagallalarynyň çäginde, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2-nji ýanwarda ýene bir gezek ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen telefonda gürleşer. Zelenskiý bilen geçiriljek telefon gürrüňinde, Russiýanyň agressiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýynda, Baýden "ABŞ-nyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklamagy" niýet edinýär diýip, Ak tamyň resmisi 31-nji dekabrda... Читать дальше...

Ataly-agtyk türkmenistanlylara täze goşgy we saz sowgat etdi

Azathabar.com 

Türkmen metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň aýagynda döreden täze goşgusyny ilki bilen öz maşgala agzalaryna okap berendigini habar berýär. Bu onuň bir aýda döreden ikinji goşgusy bolup, “Ýaraglaň sesi, sem boluň!” diýip ýazan goşgusy eýýäm sebitleriň käbirinde býujet işgärleriniň boýnuna ýüklenen mejbury haryda öwrüldi. “Jan Watanym Türkmenistan!” diýlip atlandyrylan goşgy prezidentiň bir aýda döreden ikinji goşgusy bolýar. Ol 12-nji dekabrda, paýtagt Aşgabatda Bitaraplyk baýramyna... Читать дальше...

Ildeşlerini gulçulyga iberen özbek raýaty Nýu-Ýorkdan deportasiýa edildi

Azathabar.com 

ABŞ-da tussag edilen özbek raýaty öz ildeşleriniň söwdasyny edýärdi. Bu barada Özbegistanyň  Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. "Adam söwdasynda we olary ABŞ-a gulçulyga ugratmakda güman edilýän özbek raýaty, Halkara polisiýasynyň kömegi bilen, Birleşen Ştatlarda, Nýu-Ýorkda tussag edildi" diýip, habarda aýdylýar. Tutulan erkek eýýäm Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralaryna berildi we basym kazylaryň öňünde çykarylar.  Onuň gulçulyk üçin ýurtdan näçe adamy çykaryp bilendigi habar berilmeýär.

Ýewropa Geňeşiniň komissiýasy "Memorialyň" ýatyrylmagy baradaky karary ýazgardy

Azathabar.com 

Ýewropa  Geňeşniň maslahat beriji guramasy, Wenesiýa komissiýasy diýlip tanalýan, hukuk arkaly demokratiýa boýunça Ýewropa Komissiýasy Russiýanyň Ýokary kazyýetiniň "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna girizilen "Halkara Memorialy" ýatyrmak baradaky kararyny ýazgardy. Komissiýanyň beýanatynda bu kararyň halkara ülňülerine ters gelýändigini aýdylýar. Wenesiýa komissiýasy rus häkimiýetleriniň bu guramanyň bozandygyny aýdýan "daşary ýurt agentleri" kanunçylygyny "anyk däl we aşa giň" hasaplaýar.... Читать дальше...

AÝ/AR-nyň prezidenti 'daşary ýurt agentleriniň' sanawynyň uzaldylmagyny ýazgardy

Azathabar.com 

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý AÝ/AR bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna girizilmegini ýazgardy. “Şu gün AÝ/AR-yň iki žurnalistiniň atlarynyň  "daşary ýurt agentleriniň "sanawyna goşulmagy bilen, Radio bilen hyzmatdaşlyk edýän ruslaryň arasynda bu tagma bilen tagmalanan adamlaryň sany 18-e ýetdi. Bu görlen çäreler bizi rus auditorisýasy üçin alyp barýan işimizi bes etmäge mejbur edip bilmez" diýip, Flaý aýtdy. Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина назвала свое преимущество над Швентек






В парках Подмосковья оборудовали пикниковые зоны

Mash: Михаилу Ефремову отказали в УДО

Антонов заявил, что США перестали скрывать подлинный замысел санкций

Москва стала призером профориентационной премии «Россия — мои горизонты»