ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 10.01.2022

Balkan prezidentiň saparyna taýýarlanýar, çölde emeli çopan goşy döredilýär

Azathabar.com 

Mary we Lebap welaýatlaryndan soňra, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimiýetleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etjek saparyna berk taýýarlyk görýär. Welaýatyň dürli künjeginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri hem çekilýär. Bu taýýarlyklar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan habar berdi. Habarçymyzyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ençemesine salgylanyp aýtmagyna görä... Читать дальше...

Lebabyň häkimiýetleri oba ýaşaýjylarynyň jaýlaryny ýykyp, olaryň ýerinde täze ekin meýdanlaryny "döredýär"

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri käbir çetki obalaryň ýaşaýjylaryny öýlerinden çykaryp, olaryň jaýlaryny ýykýar. Häkimiýetler bu obalaryň kiçidigini we ýurduň “Oba milli maksatnamasyna” girmeýändigini belläp, olaryň çäk dolandyryş sanawyndan çykarylýandygyny aýdýar. Öýsüz galýan oba ýaşaýjylaryna öwezine başga ýaşar ýaly jaý ýa-da ýer berilmeýär. Oba ilatynyň ýykylan jaýlarynyň ýerinde täze ekin meýdanlary döredilýär. Bu barada öýlerinden çykarylýan ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi. Читать дальше...

COVID-19 pandemiýasynyň soňy bolarmy ýa bu mydamalykmy?

Azathabar.com 

2022-nji ýylyň öňüsyrasynda-da COVID-19 pandemiýasy azalmaýar: adamlaryň kesellemegi we ölmegi dowam edýär. Heläkçilige uçraýanlaryň köpüsi sanjym almadyklar. Täze ştammlar peýda bolýar, meselem, omikron. Pandemiýa ýakyn geljekde gutararmy ýa-da bu wirus bilen ýene köp ýyl göreşmeli bolarysmy? Iki sany öňdebaryjy bilermen – Angliýadaky Norwiç lukmançylyk mekdebiniň professory Pol Hanter hem-de ABŞ-nyň Milli saglyk institutlarynyň müdiri Frensis Kollins 2022-nji ýyl we käbir uzak geljek barada çaklamalary öňe sürýärler.

Lebap: edara-kärhanalar prezidentiň täze portretini satyn almaly edilýär

Azathabar.com 

Şu günler Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze portretini satyn almaga mejbur edilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň synp otaglarynda prezidentiň täze portretlerini asmak işlerine eýýäm badalga berlendigini habar berýär. Prezidentiň 2022-nji ýyl üçin edara-kärhanalarda asylmaly portreti 2021-nji ýylyň portretlerinden onuň suratdaky penjeginiň reňki boýunça tapawutlanýar. Читать дальше...

Gazagystandaky protestleriň fonunda Maryda gözegçilik güýçlendirildi

Azathabar.com 

Goňşy Gazagystanda dowam edýän protestleriň fonunda, Mary welaýatynyň häkimiýetleri ilata gözegçiligi güýçlendirdi. Welaýatyň köçelerinde howpsuzlyk we polisiýa işgärleriniň sany köpeldi. Polisiýa awtoulaglaryndaky kanun goraýjylar gijesi bilen köçelerde nobatçylyk çekýär. Üýşüp duran raýatlar dargadylýar, ýaşlaryň mobil telefonlary barlanýar. Güýçlendirilen gözegçilikler barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Onuň sözlerine görä, soňky günlerde Mary şäheriniň köçelerinde... Читать дальше...

Aşgabatda çörek nobatlary uzaýar, subsidirlenen bahalar ýatyrylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň un we çörek bilen üpjünçiligi meselesi ýitileşýär. Paýtagtda azyk dükanlarynyň öňünde irden çörek satyn aljak bolýanlaryň nobatlary uzaýar, ýöne çörek hemmä ýetmeýär. Hökümet ilaty resmi taýdan habarly etmezden, subsidirlenen bahadan satýan azyk paýlaryny azaldyp-ýatyrýarka, çörek ýurduň ilatynyň gitdigiçe has uly bölegi üçin esasy iýmit bolýar. Türkmenistanda çörek we un satyn almak meselesi ýylyň başyndan bäri hasam kynlaşdy. Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä... Читать дальше...

ABŞ we Russiýa Ukraina, Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça “agyr” gepleşiklere başladylar

Azathabar.com 

Ženewada Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň delegasiýalarynyň arasyndaky gepleşikler başlady. Bu möhüm diplomatiki gepleşikler Moskwanyň howpsuzlyk kepilleri baradaky talaplaryny öňe sürmegi we Ukrainanyň gündogarynda harbylarynyň sanyny artdyrmagy sebäpli ýüze çykan dartgynlylyklaryň fonunda geçirilýär. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wendi Şerman 10-njy ýanwarda Ženewada Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen gepleşiklere başlady diýip... Читать дальше...

Blinken: Gazagystandaky “atyp öldürmek” buýrugy ýatyrylmaly

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň “atyp öldürmek” buýrugyny ýazgardy we Gazagystandaky içerki tolgunyşygyň arasynda rus ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk güýçlerini çagyrmak zerurlygynyň sebäpleri barada Waşingtonyň düşündiriş soraýandygyny aýtdy. “Atyp öldürmek buýrugy, şeýle buýrugyň barlygy, ýalňyşdyr we ol ýatyrylmaly” diýip, Blinken 9-njy ýanwarda ABC-TV kanalyna beren interwýusynda aýtdy. Gazagystanyň şäherleri ilkibaşda, 2-nji ýanwarda subsidirlenen... Читать дальше...

Tolgunyşyklardan soň Almatyda Internet gaýtadan ýola goýuldy

Azathabar.com 

Gazagystanyň iň iri şäheri bolan Almatyda Internet aragatnaşygy gaýtadan ýola goýuldy. 1,8 million ilatly bu täjirçilik şäherinde adam ölümlerine getiren tolgunyşyklar sebäpli bäş günläp Internet öçürildi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy 10-njy ýanwarda irden Internet aragatnaşygynyň işläp başlandygyny habar berdi, ulanyjylar web-saýtlara we messenjerlere gaýtadan girip bildi. Protestleriň fonunda ýurtda Internet çäklendirilipdi we telearagatnaşyk hyzmatlary bölekleýin hödürlendi... Читать дальше...

Eýranyň kazyýet işgärleri seýrek protest geçirip, aýlyklarynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär

Azathabar.com 

Eýranda ýüzlerçe kazyýet işgäri öňki hökümet wadalaryna garamazdan, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmaýandygyna protest bildirip, iki gün bäri Tährandaky parlament binasynyň öňünde ýygnanyşýar. Seýrek demonstrasiýa gatnaşanlaryň köpüsi 9-njy ýanwarda parlamentiň spikeri Mohammad Bakir Galibafa gahar-gazap beýan etdiler we “ýalançy, ýalançy”, “Galibaf masgara” diýip gygyryşdylar.   Awgustda prezident wezipesine girişen aşa konserwatiw Ebrahim Raisi kazyýet başlygy wezipesinde işleýän döwrüniň soňky... Читать дальше...

​​​​​​​KHŞG liderleri wideoaragatnaşyk arkaly Gazagystandaky krizisi maslahat edýär

Azathabar.com 

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) liderleri Gazagystandaky tolgunyşyklary maslahat etmek üçin 10-njy ýanwarda wideo konferensiýa geçirýär. Döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligine görä, 9-njy ýanwarda Kremliň metbugat sekretary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň maslahata gatnaşjakdygyny tassyklady. Gazagystanda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy geçirilen demonstrasiýalar awtokratik ýurduň hökümetine garşy umumy protestler bilen utgaşandan soňra... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер проиграла Бадосе на старте турнира WTA в Штутгарте






«Новые люди» объединились с «Партией роста»: как это отразится на политической ситуации в Чувашии

Билет за 9 тысяч и споры по маршруту. Все, что вы хотели спросить про ВСМ Москва-Петербург

Число вакансий для работающих из дома увеличилось в России почти в полтора раза

Чемпионат по карате-до сито-рю стартовал в Лобне 19 апреля