Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 18.01.2022

Türkiýede türkmen raýatynyň ölümi bilen bagly derňew dowam edýär

Azathabar.com 

Türkiýäniň Tekirdag şäherinde ýerde hereketsiz ýatan wagty tapylan türkmenistanly raýat, ähli saglyk bejergilerine garamazdan, hassahanada aradan çykdy. Türk polisiýasy bu waka bilen bagly merhum Allanur Italmazowyň dostlaryny we ony getiren taksi sürüjisini tussag etdi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär. "Sondakika.com" neşiriniň 14-nji ýanwarda çap eden habaryna görä, waka Tekirdagyň Malkara etrabynyň Metin Ilgün köçesinde boldy. Etrapçanyň ýaşaýjylary Italmazowyň dostlarynyň ýaşaýan... Читать дальше...

Aşgabatdan Mary we Lebap welaýatlaryna barlagçylar geldi

Azathabar.com 

Şu hepdäniň başynda Aşgabatdan Mary welaýatyna duýdansyz toparlaýyn barlagçylar geldi. Bu barlagçylar döwlet we hususy edara-kärhanalaryň tas ählisine aýlanyp, barlaglary geçirýärler. Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligindäki çeşmämiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň sebite iş saparyny amala aşyryp, käbir edaralarda duýdansyz barlaglary geçirendigini habar berýär. Bu barlaglar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda... Читать дальше...

Harby ofiser: “Berdimuhamedowyň hal-ýagdaýy gowulandyrmak wadalaryna ynanmaýarys”

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda gulluk geçýän ofiserleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, harbylaryň gündelik durmuşyna barha agram salýan durmuş-ykdysady problemalar, şeýle-de geçen hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin “mynasyp şertleriň” döredilmegi baradaky wadalarynyň özlerinde galdyran täsirleri barada habar berdi.

Sekizýap suw howdanynyň çägi, gurakçylyk sebäpli, azyndan 2,5 esse kiçeldi

Azathabar.com 

Barha köpelýän görnüş subutnamalary 2021-nji ýylda Türkmenistanda bolan gurakçylygyň näderejede uly täsiriniň bolandygyny görkezýär diýip, “Meteožurnal” bu gurakçylygyň keminden soňky 70 ýylda bolan iň agyr gurakçylyklaryň üçlügine girendigini habar berýär. Azatlygyň habarçylary geçen ýyl Amyderýada hem suwuň juda azalandygyny habar berdiler. Mundan başga, suw ýetmezçiligi paýtagtda hem ilatyň yssy howada şypa gözleýän çüwdürimleriniň aýlap ýapylmagyna alyp geldi. Emma Türkmenistan, beýleki sebit ýurtlaryndan tapawutlylykda... Читать дальше...

Nazarbaýew wideoýüzlenmesinde 'elitada gapma-garşylyk ýok, men dynç alyşda' diýýär

Azathabar.com 

Gazagystanyň ozalky prezidenti, ýanwar aýynyň başynda ýurtda köpçülikleýin nägilelikler we tolgunyşyklar başlanaly bäri köpçülige görünmedik we hiç bir beýanat etmedik Nursoltan Nazarbaýew wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Ol ýurduň elitasynyň arasynda hiç hili konfliktiň ýa-da gapma-garşylygyň ýokdugyny öňe sürdi we şeýle ýagdaý barada ýaýradylan myş-myşlary esassyz diýip atlandyrdy. Şeýle-de Nazarbaýew 2019-njy ýyldan bäri pensiýa, dynç alşa çykandygyny we häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagtynda “dynç alýandygyny" aýtdy. Читать дальше...

Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň başlygy korrupsiýada aýyplanýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 17-nji ýanwarda Gyrgyzystanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Adilet Kubanyçbekowyň korrupsiýa gatnaşmakda güman edilip tussag edilendigini habar berdi. Aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, gümrük gullugyndaky giň gerimli korrupsiýa barada maglumat alyndy. Habarda bu korrupsiýa döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň we gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşandygy aýdylýar. Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň aýtmagyna görä, edaranyň ýolbaşçylary haryt... Читать дальше...



Harby ofiser: “Berdimuhamedowyň hal-ýagdaýy gowulandyrmak wadalaryna ynanmaýarys”

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda gulluk geçýän ofiserleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, harbylaryň gündelik durmuşyna barha agram salýan durmuş-ykdysady problemalar, şeýle-de geçen hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin “mynasyp şertleriň” döredilmegi baradaky wadalarynyň özlerinde galdyran täsirleri barada habar berdi. Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda harbylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça tagalla edilýändigi... Читать дальше...

Hytaý, COVID sebäpli, gyşky Olimpiýa oýunlaryna bilet satmagy bes edýär

Azathabar.com 

Hytaý, koronawirus pandemiýasy sebäpli, 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary üçin köpçülige bilet satmagyny bes etdi diýip, guramaçylar 17-nji ýanwarda habar berdi. Resmi maglumata görä, oýunlara diňe belli bir möçberdäki tomaşaçy çagyrylar we olar, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen berk COVID-19 düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar. Pekin eýýäm 4-nji fewralda başlanjak Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin ýurduň daşyndan geljek janköýerlere rugsat berilmejekdigini habar berdi. Читать дальше...

Türkmenistanda ýene-de ýer yrandy

Azathabar.com 

17-nji ýanwarda, hepdäniň birinji güni Türkmenistanda 4.3 magnitýudly ýer titremesi boldy diýip, “volcanodiscovery.com” neşiri habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, 10 kilometr çuňlukdaky ýer yranmasy Lebap sebitinde, öýlän sagat 3:30-da bolupdyr. Türkmenistanda, şol sanda paýtagt Aşgabatda ýer yranmalary ýygy-ýygydan bolup durýar.  Emma türkmen metbugaty, adatça, ýer yranmalary, çekilen zyýan, adam ýitgiler barada habar bermeýär. Şol bir wagtda, sowet döwründe, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan güýçli ýer titremesi barada... Читать дальше...

Agyr ýagan ýagyşlar Guşgy derýasynyň joşmagyna sebäp bolýar

Azathabar.com 

Agyr ýagan ýagyşlar Guşgy derýasynyň joşmagyna sebäp bolýar 16-17-nji ýanwarda ýagan ýagyşlar Guşgy derýasyna guýýan suw akymlarynyň güýçlenmegine we suw joşmasyna alyp geldi diýip, “Meteožurnal” “Senitel-2 L2A” hemrasynyň ýokary derejeli suratlaryna salgylanyp habar berýär. Çap edilen suratlar adatça suwy az bolýan we her ýyl 5-6 aýlap guraýan Guşgy derýasynyň suwunyň näderejede köpelendigini açyk-aýdyň görkezýär.  Bu, neşiriň ýazmagyna görä, 2020-nji ýyldan bäri bolan ilkinji suw joşmasy bolup durýar. Читать дальше...

Sekizýap suw howdanyň çägi, gurakçylyk sebäpli, azyndan 2,5 esse azaldy

Azathabar.com 

Barha köpelýän görnüş subutnamalary 2021-nji ýylda Türkmenistanda bolan gurakçylygyň nädereje uly täsiriniň bolandygyny görkezýär diýip, “Meteožurnal” bu gurakçylygyň keminden soňky 70 ýylda bolan iň agyr gurakçylyklaryň üçlügine girendigini habar berýär. Azatlygyň habarçylary geçen ýyl Amyderýada hem suwuň juda azalandygyny habar berdiler. Mundan başga, suw ýetmezçiligi paýtagtda hem ilatyň yssy howada şypa gözleýän çüwdürimleriň aýlap ýapylmagyna alyp geldi. Emma Türkmenistan, beýleki sebit ýurtlaryndan tapawutlylykda... Читать дальше...

“Wagtynda wezipeden gitmeli”. Nazarbaýewiň “abraýynyň synmagy” hem Tokaýewiň mümkinçilikleri. “Awtokratlar üçin duzak”

Azathabar.com 

Kasym-Žomart Tokaýew özüni aýgytly lider hökmünde görkezmäge synanyşýar, ýöne häkimiýeti durnukly saklamak töwekgelçiligi henizem ýokary diýip, rus bilermeni Andreý Kolesnikow hasaplaýar. Tokaýewiň özünden ozalkydan “üstün çykmagy” başarandygy baradaky pikirler näderejede adalatly? Ol KHŞG goşunlarynyň Gazagystana girizilmegine jogap hökmünde Kremle eglişik edermi? Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe näme garaşýar? Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bu meseleleri Moskwadaky Karnegi merkeziniň “Russiýanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA






Жителей Подмосковья предупредили о появлении клещей в лесах

Пассажира рейса «Сургут-Москва», который пришлось экстренно посадить в Перми оштрафовали

Андрей Воробьев: «День добрых дел» объединил учащихся Подмосковья

Росгвардейцы приняли участие в акции "Диктант Победы"