Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 24.01.2022

Häkimiýetler içerki zähmet migrantlaryny paýtagtdan we Ahaldan çykarýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimiýetleri beýleki welaýatlardan sebite gelip işleýän içerki zähmet migrantlaryny öz ýaşaýan ýerlerine iberip başlady. Häkimiýetler sebitde işlemek isleýän içerki migrantlardan resminamalaryň ençemesini talap edýär. Bu barada içerki migrantlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda, 22-23-nji ýanwarda Aşgabadyň we Ahalyň polisiýa hem-de Migrasiýa gullugynyň işgärleri welaýatlardan... Читать дальше...

'Omikron' möwjemesi. Türkmenistanda ilat çäklendirilýär, gözegçilik edilýär we jerime sezewar edilýär, emma sebäpleri düşündirilmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň birnäçe sebitinde koronawirus keseliniň täze ýagdaýlary ýene köpelýär. Ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndaky çeşmeler häzir "omikronyň" ýaýrandygy barada habar berýärler. Häkimiýetler bolsa, koronawirusyň bardygyny henizem tassyklanoklar, emma ýaşaýyş nokatlary ýapýarlar, ýurt içindäki uçuşlary ýatyrýarlar we ýollara gözegçiligi güýçlendirýärler.

‘Arzan’ paýogyň nyrhy bazaryňky bilen deňleşdi, bilermenler howatyrlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen ilat hökümet tarapyndan degişlilikde arzan bahadan hödürlenýän azyklaryň bahalarynyň günsaýyn ýokarlanýandygyny, netijede köp hojalyklaryň eýýäm ony satyn almaga hem gurbunyň çatmaýandygyny aýdýar.

Russiýa göçmek isleýän türkmenlerden Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmek talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän, goşa raýatlygy bolan türkmen raýatlary ýurdy terk etmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Russiýa hemişelik ýaşamak üçin göçüp gitjek türkmenistanlylaryň käbirinden türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmek talap edilýär. Goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň başdan geçirýän ýagdaýlaryny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi. "Türkmenistanyň häkimiýetleri Russiýa hemişelik ýaşamaga gitmek isleýän türkmen... Читать дальше...

Stambuldaky türkmen konsulhanasy raýatlaryň biometriki pasportlarynyň möhletini 2023-nji ýylyň iýunyna çenli "uzaldýar"

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Stambuldaky kosulhanasy türkmen raýatlarynyň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhletini 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli uzaldyp başlady. Bu barada "Turkmen.news" neşiri habar berýär. Bu aralykda, köne pasportly türkmenistanlylaryň ençemesi özlerine biometriki pasport berilmegini haýyş edip, Stambuldaky türkmen konsulhanasyna edýän ýüzlenmeleriniň netije bermeýändigini aýdýar.

NATO Gündogar Ýewropa goşmaça gämilerini, söweş uçarlaryny iberýär

Azathabar.com 

NATO güýçleri taýýarlyk ýagdaýyna getirendigini we rus goşunlarynyň Ukrainanyň golaýynda toplanmagy bilen bagly aladalaryň arasynda Gündogar Ýewropa goşmaça gämileri we söweş uçarlaryny iberýändigini aýdýar. "NATO ähli ýaranlaryny goramak we penalamak, şol sanda Demirgazyk atlantik bileleşiginiň gündogar bölegini güýçlendirmek üçin zerur bolan ähli çäräni görmegini dowam etdirer. Biz özümiziň howpsuzlyk gurşawymyzyň islendik görnüşdäki ýaramazlaşmagyna garşy hemişe gaýtawul bereris" diýip, NATO-nyň... Читать дальше...

BSG Ýewropadaky pandemiýanyň 'omikron' bilen soňlanmazlygynyň ahmaldygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Bütindünýä saglyk guramasy koronawirusyň häzir ýaýraýan "omikron" görnüşiniň tolkunlary sowlandan soňam Ýewropadaky pandemiýanyň soňlanmazlygynyň ähtimaldygyny aýdýar. BSG-nyň Ýewropa sebitiniň müdiri Hans Klýugäniň sözlerine görä, "Sebitiň pandemiýanyň soňky tapgyryna geçýän bolmagy gaty ähtimal". Emma muňa garamazdan, koronawirusyň indi bolup biljek täze wariantlaryna ýakyndan gözegçilik etmek zerur diýip, ol aýtdy. Klýugäniň pikiriçe, "omikronyň" Ýewropadaky ýaýrawy azalansoň, "birnäçe hepdäniň we aýyň içinde global immunitet bolar". Читать дальше...

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn türkmen kärdeşini gutlady

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag iberdi diýip, TDH habar berýär. “Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilmegi ýurtlarymyzyň halklarynyň isleglerine we bähbitlerine laýyk gelýär” diýip, Koreýa halk demokratik respublikasynyň döwlet işleri boýunça başlygynyň gutlagynda aýdylýar. Şeýle-de Kim türkmen prezidentine berk jan saglyk... Читать дальше...

ABŞ Kiýewdäki ilçihanasynyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň Ukrainany terk etmegini buýurýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Kiýewdäki ilçihanasynyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň ol ýerden gitmegini buýurdy we ABŞ raýatlarynyň ählisiniň, Russiýadan abanýan harby hereket howpy sebäpli, Ukrainandan çykmak meselesi barada pikirlenmelidigini aýtdy. Döwlet departamenti 23-nji ýanwarda ilçihananyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň Ukrainadan çykmalydygyny we ilçihananyň o diýen zerur bolmadyk işgärleriniň, hökümetiň hasabyna, meýletin gidip biljekdigini aýtdy. Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде






Сотрудница театра лишились почти 400 тысяч рублей, спасая деньги от мошенников

В РФ наладят производство биосовместимых зубных имплантатов

The Telegraph сообщила о планах Британии создать собственные ракеты к 2030 году

В Екатеринбурге пройдет благотворительный забег Ural Legal Run