Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 28.01.2022

Balkanyň häkimiýetleri Internetde humar oýunlaryny oýnaýanlara gözegçiligi güýçlendirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, munuň bilen bir wagtda barha ýitileşýän işsizligiň fonunda, ýaşlaryň eklenç etmegiň dürli, şol sanda bikanun ýollaryna baş goşýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, soňky aýlarda ýaşlaryň arasynda gazanç etmek üçin Internetde humar oýunlaryny oýnaýanlar köpeldi. Bu bolsa, soňky günlerde häkimiýetleriň olara garşy göreşlerini güýçlendirmegine getirdi. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä... Читать дальше...

Türkmenistanda "subsidirlenen" önümleriň bahasy bazar nyrhyndan geçdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda azyk krizisi barha agyrlaşýar. Täjirçilik bahalarynyň yzygiderli ösmegi bilen bir wagtda subsidirlenen bahalar puja çykdy, üstesine, indi subsidirlenen bahadan diýlip satylýan önümler ilata bazar bahalaryndan hem ýokary nyrhdan hödürlenýär. Bu aralykda azyk satyn alyp bilmeýän maşgalalar köpelýär.

Ýaşulular ýaşlara hökümete garşy çykyşlara tomaşa etmezligi wagyz edip, olary deň-duşlaryny şugullamaga çagyrýar

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ilatyň erkin maglumat almak hukuklaryny çäklendirmek işlerini güýçlendirmegi we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerini garalamak kampaniýalaryny dowam etdirýärler. Marynyň häkimiýetleri bu işlere ýaşululary çekip, ýaşlary Internetde hökümete garşy çykyşlara tomaşa edýän deň-duşlaryny şugullamaga çagyrýar. Häkimiýetleriň bu çäreleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Bütindünýä banky Türkmenistany hasabatyndan çykardy, ýene-de

Azathabar.com 

Bütindünýä banky Türkmenistany, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek özüniň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy. Ykdysadyýetiniň dowam ösýändigini aýdýan Türkmenistan geçen ýyl hem şu kesgitleme esasynda bu abraýly guramanyň hasabatyna goşulmandy.

Berdimuhamedow: Konstitusiýamyza hem üýtgetme girizmek zerur

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, nobatdan daşary mejlise taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garady. “Döwrüň talabyna görä, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de geljekde Konstitusiýamyza hem üýtgetmeleri girizmek zerur” diýip, Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, ýurduň Baş kanunyna girizilmegi mümkin düzediş barada  gysgaça durup geçdi. Читать дальше...

ABŞ BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Ukrainadaky ýagdaýy maslahatlaşmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

31-nji ýanwarda, Birleşen Ştatlaryň başlangyjy bilen, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rus goşunlarynyň Ukrainanyň serhedinde jemlenmegi baradaky meselä bagyşlanan maslahaty geçiriler. "Ukrainanyň serhedinde 100,000-den gowrak rus esgeri ýerleşdirildi, Russiýa Ukraina garşy her dürli durnuksyzlaşdyryjy hereketlere ýüz urýar" diýip, ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfildiň beýanatynda aýdylýar. Birleşen Ştatlar Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary faktlary öwrenmeli we eger-de Russiýa Ukraina goşun sürse... Читать дальше...

Russiýa, ABŞ, Ukraina üstündäki oňuşmazlyklara garamazdan, has kän diplomatiýa ýol açýar

Azathabar.com 

Russiýa 27-nji ýanwarda Ukraina üstündäki gapma-garşylyk esasynda bildiren howpsuzlyk aladalaryna ABŞ-dan “oňyn jogap” almandygyny, ýöne birnäçe mesele boýunça dialogy dowam etdirmek mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Garaşylyşy ýaly, Birleşen Ştatlar we NATO 26-njy ýanwarda Moskwanyň Ukrainanyň harby bileleşige girmek mümkinçiliginiň gapysyny hemişelik ýapmak baradaky teklibini ret etdi we Gündogar Ýewropada goşun we harby tehnika ýerleşdirilmek meselesini maslahatlaşmajakdygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan... Читать дальше...

Gyrgyz-täjik serhedindäki ganly çaknyşyk togtadyldy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň häkimiýetleri iki goňşy ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda başlanan araçäk çaknyşyklaryny togtadyp, 28-nji ýanwarda ýaraşyk baglaşdylar. Serhet çaknyşyklarynda azyndan iki adamyň ölendigi, bir topar adamyň ýaraly bolandygy habar berilýär. 27-nji ýanwardaky çaknyşyk iki ýurduň arasynda gowy kesgitlenmedik serhet çelgileri we ýol petiklenmeleri bilen bagly gapma-garşylyklarda geçen ýyl bolan we ondan gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşykdan bäri dörän iň ganly waka boldy. Читать дальше...

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinden nämelere garaşylýar?

Azathabar.com 

11-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär, şondan dogry 15 ýyl öň, Gurbanguly Berdimuhamedowy häkimiýete getiren prezidentlik saýlawlary geçirildi. Şeýle hem 11-nji fewral prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň batly syýasy ösüşiniň başlangyjy, onuň premýer-ministriniň orunbasary wezipesine bellenen günüdi. Türkmenistanyň prezidentiniň sanlaryň jadysyna berýän aýratyn ähmiýetini bilýän synçylar we ýönekeý türkmen raýatlary ýene bir möhüm kararyň kabul edilmegine garaşýarlar. Читать дальше...

Türkmen DIM-i Hytaý, ABŞ, Orsýet ilçileri bilen duşuşyk geçirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministri 26-njy ýanwarda we 27-nji ýanwarda Aşgabatda Hytaýyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň baş ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi. Türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, amerikan ilçisi Metýu Stiwen Klimou bilen duşuşykda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, umumy gyzyklanma döredýän sebitara we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Raşid Meredowyň Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Россиянка Андреева стала рекордсменкой на турнирах WTA-1000






Московский код. Жители и гости столицы пишут краеведческий диктант

Куда пропала Светлана Иванова? После ареста замминистра появились странные новости о его жене

Глава МВФ заявила о четырехкратном росте числа торговых ограничений в мире

5 собачьих пород, что лучше всего подходят на роль телохранителя