Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 19.01.2022

Sürüjileriň goşmaça hünär tölegleri ýatyryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet gurluşlarynda işleýän müňlerçe sürüjä hünär derejesi boýunça aýlygyna ýyllar boýy goşmaça berlen tölegler ýatyryldy. Bu geçen sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky tassyklan düzgünnamasy esasynda amal edildi. Täze düzgünler barada, adatça bolşy ýaly, döwlet mediasynda açyk habar berilmese-de, ýerli habarçymyz bu ýagdaýlary ençeme çeşmä tassyklatmagy başardy.

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýol gözegçiligi güýçlendirildi, sürüjilerden COVID-19 synagynyň netijesi talap edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň ýollarynda polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirildi. Ýol polisiýasynyň işgärleri adaty dokument barlagyndan daşary COVID-19 testiniň netijesini talap edýärler. Test görkezmezden, ýoluňy dowam etdirmäge rugsat berilmeýär. Bu ýagdaý ýurtda nobatdaky çäklendirmeleriň girizilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Häkimiýetleriň görülýän çäreler barada ilaty resmi derejede habarly etmeýän wagtynda, çäklendiriji çäreler durnukly girdejisini ýitiren ilatyň aladasyny we nägileligini artdyrýar.

Türkmenistan 11-nji fewralda geljek 30 ýylyň maslahatyny eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 11-nji fewralda nobatdan daşary mejlisini geçirmek kararyna geldi. Synçylar ozal Ýaşulular maslahaty, soň Halk maslahaty, indi iki palataly parlamentiň mejlisi hökmünde geçirilýän uly ýygnaklaryň hakykatda 'halk bilen maslahatlaşmak' üçin däl-de, köplenç göz üçin we bir adamyň şahsyýet kultuny kanunlaşdyrmak üçin gurnalýandygyny öňe sürýärler.

Türkmen häkimiýetleri VPN ulanýan raýatlara basyşlaryny güýçlendirmäge "taýýarlanýar"

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri sebitde VPN ulgamlaryndan peýdalanýan raýatlara garşy çärelerini we basyşlaryny has-da güýçlendirmäge taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň welaýatdaky edarasyndaky çeşmesi habar berýär. Bu maglumat prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan çeşmämiziň maglumatlaryna görä... Читать дальше...

Andijanda sosial ulgamlar arkaly “Hizb ut-Tahrir” dersini alýan aýallar saklandy

Azathabar.com 

Adybir sebitiň Andijan etrabynda "Hizb ut-Tahrir" atlandyrylýan dini ekstremist guramanyň "aýallar ganatynyň" agzalary ýüze çykaryldy diýip, Andijan oblastynyň Içeri işler müdirliginiň metbugat gullugy habar berdi. Aýal-gyzlaryň 16-njy ýanwarda, Döwlet howpsuzlyk gullugy we IIM-niň sebit bölümleri, Andijan oblastynyň terrorçylyga we ekstremizme garşy göreş bölümi tarapyndan geçirilen operasiýa wagtynda, bir aýalyň öýünde toplanyp, dini sapak geçýän wagtlarynda tussag edilendigi aýdylýar. IIM-niň maglumatyna görä... Читать дальше...

Gazak häkimiýetleri bidüzgünçilikde ölenleriň sanynyň 227-ä ýetendigini aýdýar

Azathabar.com 

Soňky birnäçe günüň içinde Gazagystanyň lukmançylyk edaralarynda ýurtda bolan bidüzgünçilikler wagtynda ýaralananlaryň ýene ikisi wepat boldy diýip, respublikanyň saglyk ministri Ažar Giniýat 18-nji ýanwarda aýtdy. "Lukmançylyk guramalarynda ýogalanlar barada aýtsak, bu san şu günki günde 177 näsaga ýetdi" diýip, Giniýat aýtdy. Saglyk ministrligi ozal bidüzgünçilikler netijesinde lukmançylyk guramalarynda ýogalanlaryň sanynyň 175 adam bolandygyny habar berdi. Baş prokuraturanyň maglumatyna görä... Читать дальше...

Rus ýolbaşçylygyndaky Harby bileleşik Gazagystandaky goşunlaryny yzyna çykardy

Azathabar.com 

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) goşunlary Gazagystandan çykmagyny tamamlady. Bu goşun bölümleri ýanwar aýynyň başynda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda bolup geçen ganly protestler arasynda, Merkezi Aziýa döwletiniň hökümeti tarapyndan çagyrylyp getirildi. Russiýanyň Gazagystandaky ilçisi Alekseý Borodawkin we Gazagystandaky KHŞG missiýasyna ýolbaşçylyk eden general Andreý Serdýukow 19-njy ýanwarda "parahatçylygy goraýyş operasiýasynyň" tamamlanandygyny... Читать дальше...

Rus wehiminiň güýçlenen wagtynda ABŞ-nyň baş diplomaty Ukraina geldi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 19-njy ýanwarda, Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlaryň ýokarlanmagynyň arasynda, goldaw görkezmek üçin Kiýewe gelip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "parahatçylykly ýoly" saýlamaga çagyrdy. ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi biraz öň prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň geçen aý Kiýewe 200 million dollar goşmaça goranyş kömegini bermegi tassyklandygyny we Waşingtonyň “Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine ygrarlydygyny” aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде






Сегодня в России отмечается День работника скорой помощи

Эксперты назвали самые красивые места для путешествий по РФ для любителей цветов

"Наступление сетей": томский эксперт о трендах общепита

Авиакомпанию S7 оштрафовали на 30 тысяч рублей за нарушение прав пассажиров