Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 20.01.2022

Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeginde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çärelerini güýçlendirýän mahaly, paýtagt Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär. Şeýle-de, hassahanalaryň aglabasynda dürli ugurlar boýunça saglyk bejergisini alýan näsaglar öýlerine iberilýär. Bu ýagdaýlar barada paýtagtly saglyk işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi. "Koronawirus bilen keselleýän näsaglar eýýäm hassahanalara ýerleşdirilýär. Читать дальше...

Aşgabatda çörek her gün diňe 15 minut satylýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin sarp edýän esasy azyk önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly problema saklanýar. Paýtagtda daňdan garaňkyda satuwa çykarylýan çörek diňe 15 minudyň dowamynda satylýar. Şeýle-de, ilat towuk ýumurtgasyny almak üçin onuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçip barýan azyk önümlerini satyn almaga mejbur edilýär. Döwlet dükanlarynda iýmit üpjünçiligi bilen bagly soňky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Berdimuhamedow Zaman taýçanagy 'täze eýýamyň' nyşany atlandyryp, atlar üçin pul bölüp berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady we sosial kynçylyklaryň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň çäginde gurluşygy dowam edýän iki mega-taslamada işleriň barşy bilen tanyşdy. Prezident 18-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine, 19-njy ýanwarda “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumyna sapar etdi. Bu aralykda, Berdimuhamedow bedew atlaryň hal-ýagdaýyndan habar almak üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy we ol ýerde täze dünýä inen taýçanaga Zaman diýip at goýdy. Читать дальше...

Aşgabatdaky türk ilçisi dowamly howa gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna garaşylýandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda geçen ýyl “Türk howaýollarynyň” iki ýurduň arasynda 26 uçuşy amala aşyrandygyny, şeýle-de ýakynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dowamly howa gatnaşygynyň ýola goýulmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Bu barada hökümetçi orient neşiri Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oralyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Diplomat çarşenbe güni 2021-nji ýyldaky iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeleri boýunça metbugat ýygnagyny berdi. Читать дальше...

Blinken Lawrow bilen gepleşikleriň öňýany Berline sapar edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ýewropaly ýaranlar bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek üçin Berline geldi. Bu Waşingtonyň Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyrmagy sebäpli dörän dartgylylyklary gowşatmak ugrundaky tagallalaryna gabat gelýär. Köpler Russiýanyň Ukraina hüjüme geçmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigini howatyrlanma bilen belleýärler. 20-nji ýanwarda Blinken özüniň germaniýaly, fransiýaly we britaniýaly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirer. Читать дальше...

Türkiýede türkmen raýatynyň ölümi bilen bagly derňew dowam edýär

Azathabar.com 

Türkiýäniň Tekirdag şäherinde ýerde hereketsiz ýatan wagty tapylan türkmenistanly raýat, ähli saglyk bejergilerine garamazdan, hassahanada aradan çykdy. Türk polisiýasy bu waka bilen bagly merhum Allanur Italmazowyň dostlaryny we ony getiren taksi sürüjisini tussag etdi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.



Gebreýesus Berdimuhamedowyň BSG-niň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek wezipesinde berýän ‘goldawy üçin hoşallygyny bildirdi’

Azathabar.com 

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) baş direktory Tedros Gebreýesus prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli ýollan gutlagynda, şol sanda BSG-ä we onuň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, ilatyň hemaýata mätäç gatlagyna kömek bermek hemde ähli adamlaryň saglygyny we rowaçlygyny pugtalandyrmak wezipesinde berýän yzygiderli goldawy üçin hoşallygyny bildirdi. Gebreýesusyň bu baradaky haty 19-njy ýanwarda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki gazetlerinde çap boldy. Ol geçen iki ýylyň... Читать дальше...

BMG hasabaty: Belarusyň Ryanair uçaryny gondurmak üçin bahana eden bomba howpy ‘bilkastlaýyn ýalandy’

Azathabar.com 

Belarusyň geçen ýyl Ryanair uçarynyň diwersiýasy üçin bahana hökmünde ulanan bomba howpy “bilkastlaýyn ýalandy” diýip, BMG-niň raýat awiýasiýasy boýunça agentliginiň bu hadysa barada taýýarlan hasabatynda bellenilýär. 23-nji maýda Belarus Afinylardan Wilnusa uçuşy amala aşyran uçaryň ýanyna harby uçaryny ýollap Minske gonmaga mejbur edenden soň, uçaryň bortundaky dissident žurnalist Raman Pratasewiç we onuň russiýaly hallaşýan gyzy saklanypdy. Belarus resmileri munuň üçin soňy bilen ýalan bolup çykan bomba howpuny bahana edipdiler. Читать дальше...

Awstriýanyň COVID waksinalaryny mejbury etmegine garaşylýar

Azathabar.com 

20-nji ýanwarda Awstriýanyň kanunçykaryjylary ilatyň agramly bölegini mejbury ýagdaýda waksina etdirmek baradaky kanun taslamasyny makullamagyna garaşylýar. Munuň bilen, Awstriýa bu çäreleri ornaşdyran Ýewropanyň ilkinji döwleti bolar. Fewraldan başlap 18 ýaşdan ululardan COVID-19-a garşy sanjym etdirmek talap ediler, bolmasa-da olara jerime salynar. Bu talap göwreli aýallara, şeýle-de medisina ýagdaýlary sebäpli waksina etdirip bilmeýänlere degişli bolmaz. Häzir Awstriýanyň ilatynyň 75% waksina etdirdi. Читать дальше...

Tokaýew goranmak ministrini täzeledi, Mejlis Nazarbaýewi ömürlik wezipelerinden boşatmak teklibini makullady

Azathabar.com 

Gazagystanyň liderleri ýurtda ýüze çykan ganly protestlerden bir hepde soň hökümet resmilerini çalyşmak, şeýle-de ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ömürlik wezipelerini ýatyrmak bilen prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň häkimiýetini mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky çärelerini dowam etdirýärler. 19-njy ýanwarda Tokaýew goranmak ministri Murat Bektanowy wezipe borçlaryndan boşatdy we dessine onuň ýerine içeri işler ministriň ozalky orunbasary Ruslan Žaksylykowy belledi. Şol günüň özünde... Читать дальше...

“Efire çykmak düzgünlerine hemmeler eýermeli”

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi döwlet diliniň kadalaryna laýyk gelmeýänligi we içerki önümleriň nazarda tutulmaýandygy üçin, käbir teleýaýlymlaryň analog we sanly öýjükler arkaly efire berilmegine wagtlaýyn gadaganlyk girizdi. "Telewideniýe we radio ýaýlymlary hakyndaky" kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri esasynda, şeýle karara gelindi. Golaýda Gyrgyzystanyň Medeniýet, informasiýa, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi teleýaýlymlara ygtyýarnama gözegçiligini amala aşyrdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко проиграла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Пешеходные дорожки обновят по ФКГС в сквере Иконникова в Сормове

Музыканты «Коррозии металла» задержаны за нацистскую символику

Многокилометровая пробка на М-11: массовое ДТП под Петербургом спровоцировало мощный затор

Правительство боснийских сербов: «Хорошие отношения с Россией – это наш выбор, а не давление Москвы»