ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 07.01.2022

Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy 

Azathabar.com 

Goňşy Gazagystanda geçýän protestleriň fonunda, türkmen häkimiýetleri öz ýurdunyň ilatyna gözegçiligi güýçlendirmäge synanyşýarlar. Kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine üýşmeleňleriň öňüni almak tabşyryldy. Oba ýerlerinde uçastok polisiýa işgärlerine kanuny we tertip-düzgüni berjaý etmek üçin şahsy jogapkärçilik barada duýduryş berildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydaky we Lebapdaky ýagdaýlar barada habar berýärler. Habarçylaryň kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä... Читать дальше...

Marynyň oba ilaty ýene toguň we gazyň kadasyz üpjünçiliginden kösenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ençeme obasynda ilat elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen kadaly üpjün edilmeýär. Gyş paslynyň sowuk günlerinde oba ýaşaýjylary toguň we gazyň kesilmegi bilen günüň dowamynda ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde Mary etrabynyň obalarynda elektrik energiýasy günüň dowamynda üç-dört gezek kesilýär we her gezeginde azyndan 1,5-2 sagatlap tok berilmeýär. Читать дальше...

Gazak prezidenti görlüp-eşidilmedik protestleriň arasynda "atyp öldürmek" buýrugyny berdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletinde bäş gün ozal energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik protestler sebäpli hukuk goraýjy edaralara "atyp öldürmek" buýrugyny berendigini aýtdy. Tokaýew milli telewideniýede göni ýaýlymda eden çykyşynda howpsuzlyk işgärlerine, mundan beýläkki bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin, duýduryş bermezden ot açmagy buýrandygyny we tabyn bolmadyklaryň "ýok ediljekdigini" aýtdy. "Men hukuk goraýjy edaralara we... Читать дальше...

Serhet çaknyşygynyň yz ýany, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümet ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Azathabar.com 

3-nji ýanwarda türkmen-owgan serhedinde “Talyban” söweşijileri bilen türkmen serhetçileriniň arasynda bolan çaknyşykdan üç gün soňra, Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti Türkmenistanyň 14-nji dekabrda owgan halkyna iberen ynsanperwer ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň ýarym-resmi orient.tm neşiri döwlet metbugatyna salgylanyp habar berýär. “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň başlygy Molla Mohammad Hassan Ahundyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa... Читать дальше...

Gyrgyz metbugaty: "Nazarbaýew maşgalasyna degişli" iki uçar BAE-den Bişkege geldi

Azathabar.com 

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasyna degişli iki sany hususy uçar Bişkekiň Manas howa menziline gelip gondy. Gyrgyzystanyň 24.kg habar gullugy “Bombardier Global Express” uçarynyň howa menziline gelendigini aýdýar. Flightradar24-iň habaryna görä, uçar takmynan 11: 20-de Bişkekde gonupdyr. Neşiriň maglumatyna görä, "nazarbaýewski" atlandyrylan başga bir uçar takmynan sagat 22: 10-da Manas howa menzilindäki tehniki duralgada gondy. Howa menziliniň wekilhanasynda aýdylmagyna görä... Читать дальше...

Bolgariýanyň ilaty on ýylda 11,5% azaldy

Azathabar.com 

Ilat ýazuwynyň deslapky netijelerine görä, soňky on ýylda Bolgariýanyň ilaty 11,5 göterim azaldy. Milli statistika institutynyň 6-njy ýanwarda çap eden maglumatynda aýdylmagyna görä, ýurduň ilaty 7,3 milliondan 6,5 million adama çenli azaldy. Bu ýurduň ilat sanynyň on ýyl öňki döwür bilen deňeşdirilende 844 müňden gowrak azalandygyny görkezýär. Hünärmenler Bolgariýanyň demografiki peselişini çaga dogulmagynyň derejesiniň peselmegi, ölüm derejesiniň ýokary bolmagy, ilatyň garramagy, önelgeliligiň... Читать дальше...

Tokaýew hukuk goraýjy edaralara durduryşsyz 'atmak' buýrugyny berendigini aýtdy 

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletinde bäş gün ozal energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik protestler sebäpli hukuk goraýjy edaralara "atyp öldürmek" buýrugyny berendigini aýtdy. Tokaýew milli telewideniýede göni ýaýlymda eden çykyşynda howpsuzlyk işgärlerine, mundan beýläkki bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin, duýduryş bermezden ot açmagy buýrandygyny we tabyn bolmadyklaryň "ýok ediljekdigini" aýtdy. "Men hukuk goraýjy edaralara we... Читать дальше...

Owgan hökümetiniň başlygy gumanitar kömek iberen Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Azathabar.com 

Owganystanyň talyban hökümetiniň başlygy Muhammad Hasan Ahund Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda Owganystana iberilen gumanitar kömek üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, hökümetçi “Orient” saýty habar berýär. Neşiriň ýazmagyna görä, minnetdarlyk sözleri türkmen metbugatynda çap edildi we owgan resmisi Türkmenistanyň ýurda nebit-gaz önümlerini, egin-eşik we azyk önümlerini iberip, uly goldaw berýändigini aýtdy we munuň kyn döwürde doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli... Читать дальше...

Gazak prezidenti Gazagystandaky düzgün-tertibiň "esasan" dikeldilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystandaky düzgün-tertibiň "esasan" dikeldilendigini yglan etdi, ýöne Merkezi Aziýa hökümetiniň rus ýolbaşçylygyndaky sebit harby bileleşiginden goşun çagyrmagyna sebäp bolan güýçli tolgunyşyklardan soň, "terrorçylyga garşy" operasiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy. Prezident edarasy Tokaýewiň 7-nji ýanwarda terrorçylyga garşy milli merkeziň irden geçiren ýygnagyna başlyklyk edendigini we edilýän tagallalaryň hökümetiň ýaragly garşydaşlaryny "doly ýok etmegine" gönükdirilendigini aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Пятая ракетка мира Пегула не выступит на турнире WTA 1000 в Мадриде






Москва стала призером профориентационной премии «Россия — мои горизонты»

В парках Подмосковья оборудовали пикниковые зоны

Замминистра обороны Иванова отправили в СИЗО на два месяца

«ФосАгро» и ФЛГР создадут всесезонный центр лыжного спорта в Хибинах