Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

2021: Türkmenistanyň daşary syýasatyna syn

0
2021: Türkmenistanyň daşary syýasatyna syn

Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atlandyrylan geçen 2021-nji ýylda Türkmenistanyň daşary syýasat pudagy dürli, şol sanda düýpli we görnüşinden kesgitleýji wakalara baý boldy. Türkmen häkimiýetleri entek “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden has öň jeňçi toparynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirip başlady; bitarap Türkmenistan Türki geňeşe agza boldy, şeýle-de Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky regional guramalarda has aktiwleşip başlady. Galyberse-de, geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary, hem-de diplomatlary türkmen aktiwistlerine basyş etmekde, bir hadysada bolsa öz aýalyna zorluk görkezmekde güman edildi.

Türkmen häkimiýetleri awgustyň ortalarynda halkara güýçleriniň Owganystandan doly çykarylmagy we Günbatar tarapyndan goldanylan Kabul hökümetiniň synmagy bilen “Talybanyň” häkimiýeti eýelemeginden ozalam, soňam aşa dinçi yslamçy toparynyň wekilleri bilen ençeme tapgyr duşuşyklary geçirdiler.

Fewralda we iýulda türkmen tarapynyň çakylygy esasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikler, türkmen-owgan serhedindäki howsalaly ýagdaýlaryň fonunda, ýagny Owganystanda “Talybanyň” barha köp sebitleri, şol sanda ýurduň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän etraplaryny öz gözegçiligine geçirmeginiň arasynda amala aşdy. Bellesek, bu döwürde Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine goşmaça güýçleri çekýändigini we tutuş ýurt boýunça ätiýaçdaky harbylaryň harby bölümlerine çagyrylýandygy barada habar beripdiler.

“Talybanyň” häkimiýeti eýelemeginden soň, türkmen wekilleri, şol sanda Owganystandaky türkmen diplomatlary hem daşary ýurtlularyň arasynda ilkinjiler bolup “Talybanyň” ýokary derejeli wekilleri bilen ençeme gezek duşuşdylar.

Resmi maglumatlarda gepleşiklerde esasan türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmagy göz öňünde tutýan TOPH proýekti we Owganystana berilýän ýardamlar barada gürrüň edilendigini synlasa bolýar. Şol bir wagtda, synçylar Aşgabadyň takmynan 1 müň 800 kilometre uzamaly geçiriji arkaly ýylda 33 milliard kub metre çenli tebigy gaz eksport etmek planynyň maliýe we howpsuzlyk meseleleri sebäpli durmuşa geçjekdigine şübheli garaýarlar.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary gatnaşyklarynda bolup geçen ýene bir möhüm waka, bu onuň resmi ýagdaýda Türki Geňeşe synçy hökmünde kabul edilmegi boldy. Bu barada 12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeş) VIII sammitiniň dowamynda yglan edildi.

Mundan owal, BMG tarapyndan hemişelik bitaraplyk statusy ykrar edilen Türkmenistan, synçylara görä, özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, birnäçe halkara guramalara, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine goşulmakdan çetde durýardy.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň hökümetiniň Türk Geňeşine goşulmagyň öwezine Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistlere basyş edilmegini şert goşandygyny ​habar berdiler. Ýatlatsak, Türkiýedäki türkmenistanlylar watanyndaky awtoritar režime garşy ençeme tapgyr protestleri geçirip, ýurtdaky problemalar barada öz pikirlerini açyk beýan edip başladylar.

Munuň bilen baglylykda, adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türki Geňeşiň Stambul sammitiniň öňýany, hususan-da sentýabr, oktýabr aýlarynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistlere türk häkimiýetleri tarapyndan basyşlaryň güýçlenendigini habar berdiler.

Awgustda bolsa, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen raýatlarynyň geçiren protest aksiýasyna baranlaryň biri Farhad Durdyýew birnäçe sagatlap konsullygyň içinde saklanyp, zorluga, şol sanda urgulara sezewar edildi. Bu ýagdaýlar dogrusynda, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan häzirki güne çenli maglumat almak başartmaýar.

Galyberse-de, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary bitarap Türkmenistany Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky, şol sanda harby guramalary bilen hem has aktiw işleşmegine iterendigine çalym edýär. Geçen sentýabrda Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýuriý Borisow Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) Owganystandaky häzirki howp salýan ýagdaýy sebäpli Türkmenistan bilen harby tehniki hyzmatdaşlygy giňeldýändigini aýtdy.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesini emele getirýän energiýa serişdeleri, hususan-da tebigy gaz meseleleri ýurduň halkara gatnaşyklarynyň gün tertibindäki esasy meseleleriň biri boldy.

2021-nji ýylyň başynda Türkmenistan we Azerbaýjan, 30 ýyla golaý dowam eden gepleşiklerden, dawalardan we haýbatlardan soň, iki ýurduň Hazar deňziniň aralygynda ýerleşýän dawaly uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşyga geldiler. 21-nji ýanwarda türkmen we Azerbaýjanyň prezidentleriniň geçirilen wideokonferensiýa ýygnagynda Dostluk ýatagyny özleşdirmek barada düşünişmek jarnamasyna gol çekilendigi yglan edildi. Iki ýurt bu ýatagyň üstünde Sowet Soýuz 1991-nji ýylyň aýagynda dargaly bäri dawa edýär, Azerbaýjan ony Kýapaz diýip atlandyrsa, Türkmenistan bu ýataga Serdar diýip at berdi.

Mundan başga-da, noýabrda Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen ýylda 2 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmak barada üçtaraplaýyn ylalaşygy baglaşdylar. Bar bolan şertnama goşmaça kabul edilen swap ylalaşygyna laýyklykda Eýran Türkmenistandan alan gazynyň mukdaryny soňy bilen Azerbaýjana akdyrar diýip, Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Eýranyň mediasyna aýtdy. Ol Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän gaz bergisi baradaky dawanyň çözülmegi ugrunda hem tagalla edilýändigini belledi. 2016-njy ýylda Aşgabat Eýranyň türkmen gazy üçin azyndan 1,5 milliard dollar bergisiniň bardygyny öňe sürüpdi. Eýran bu görkezijiler bilen ylalaşmandy.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň gaz eksporty regiondaky iri güýçler, ýagny Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarynyň hem düýp özeninde ýerleşýändigine meňzeýär.

Dekabrda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin öz ýurdunyň Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini geçen ýyldakysyndan iki esse artandygyny aýdyp, 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende “belki-de iki esse, her ýylda 10 milliard kub metre çenli artjakdygyny” aýtdy. Russiýanyň döwlet energiýa läheňi “Gazprom” 2016-njy ýylda "Türkmengaz" bilen arada togtadylan gaz söwdasyny 2019-njy ýylda dikeldip, gaýtadan türkmen gazyny satyn almaga başlady. Iki tarap şol wagt ýylda 5,5 milliard kub metr möçberindäki gaz söwdasy barada ylalaşyk baglaşdy.

Şu aralykda “Turan” neşiri Hytaýyň geçen ýylyň 11 aýynda 6,1 milliard dollarlyk türkmen gazyny satyn alandygyny habar berdi. Neşiriň Hytaýyň baş gümrük edarasyna salgylanyp beren maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa akdyrylan türkmen gazynyň mukdary 21,91 million tonna boldy.

Şeýle-de, geçen ýyl türkmen hökümeti Hytaýdan alan karzlaryny üzendigini aýdyp, anyklaşdyrmazdan “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek üçin alan daşary ýurt karzlaryny üzendigini belledi.

Şol bir wagtda, Pekin bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan 14-nji iýulda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny goldaýandygyny beýan etdi. Musulman ilatly ýurtlar Hytaýyň Sinijangdaky hukuk kemsitmelerini ýazgarmazlykda tankyt edilýär. Aktiwistler we BMG-niň hukuk hünärmenleri azyndan 1 million uýgur we beýleki musulman azlyklarynyň Sinjiaň lagerlerinde bendilikde saklanandygyny aýdýarlar.

Geçen ýyl dünýäde howanyň maýlamagynyň öňüni almak we zyýanly galyndylaryň howa zyňylmagynyň gerimini azaltmak meseleleri hem dünýäniň üns merkezinde boldy. Halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we köp sanly daşary ýurt hökümetleriniň dünýäde howanyň üýtgemegine garşy global göreş tagallalarynyň çäginde daşky gurşawyň goralyp saklanmagyna, tebigata aýawly çemeleşmäge aýratyn üns gönükdirýän pursady, Türkmenistanyň metan gazy bilen atmosferany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygy äşgär boldy.

“Bloomberg” neşirinde çap edilen hasabat Türkmenistanyň çäginden atmosfera zyňylýan metanyň mukdar taýdan dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soň üçünji orunda durýandygyny görkezdi. Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

Munuň bilen baglylykda, 1-nji noýabrda Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde dünýä liderleriniň gatnaşmagynda BMG-niň klimat boýunça geçirilen halkara sammitde Türkmenistana wekilçilik eden wise-premýer Serdar Berdimuhamedow, çykyşynda öz ýurdunyň metan zyňyndylaryny azaltmaga üns gönükdirýändigini ynandyrmaga çalyşdy.

Kiçi Berdimuhamedow ol azaltmagyň näderejede meýilleşdirilýändigi barada nähilidir bir maglumat bermedi. Halkara bilermenler galyndylary howa zyňmak boýunça Türkmenistanyň eýýäm dünýäde üçünji orunda durandygyna ünsi çekip, türkmen wekiliniň “2030-njy ýyldan başlap orta möhletde parnik gazlarynyň zyňyndylarynda nol ösüşi gazanmagy meýilleşdirýändigi” baradaky wadasyny sorag astyna aldylar.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi hem habar gulluklarynyň üns merkezine düşdi. 13-nji maýda Fransiýanyň "Le Parisien" gazetinde çap bolan makalada türkmen ilçisiniň aýalyna we 19 ýaşly gyzyna garşy el güýjüni ulanmakda güman edilýändigi aýdyldy. Gazetiň habarynda güman edilýäniň ady agzalmasa-da, şol pursat Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisiniň wezipesini Şöhrat Jumaýew eýeleýärdi.

Žurnalistlere mälim bolmagyna görä, 46 ýaşly diplomatyň aýaly 12-nji maý güni sagat 17:30-da polisiýa ýüz tutup, adamsynyň özüni we gyzyny urandygyny aýtdy. Şondan soň türkmen diplomatynyň aýalyna we gyzyna myhmanhanada gaçybatalga berlipdir.

Bellemeli ýeri bu habaryň köpçülige ýetirilmeginden üç aý çemesi wagtdan soň, Berdimuhamedowyň 18-nji awgustdaky karary bilen, Jumaýew “başga işe geçmegi sebäpli” diýen kesgitleme bilen Türkmenistanyň Fransiýadaky, şeýle-de Portugaliýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Galyberse-de, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň baş diplomaty Raşid Meredowyň gözden ýitmegi, onuň koronawirusa ýolugan bolmagynyň mümkindigi baradaky garaýyşlary döretdi. Azatlygyň bir-birinden habarsyz iki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, 61 ýaşly Meredow 24-nji awgustda COVID-19 diagnozy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky täze ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirilipdir. Bejerginiň netijesinde Meredowyň gutulandygy we soňy bilen wezipe borçlaryna dolanandygy mälim boldy.

Şeýle-de, geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda regional guramalaryň birnäçesiniň maslahaty geçirildi. Awgustda “Awaza” syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçdi, şeýle-de noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) XV sammiti geçdi.

Türkmen remileriniň 2021-nji ýylyň 10 aýlarynyň jemleri boýunça beren maglumatyna görä, bu döwür içinde Türkmenistana Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň prezidentleri sapar bilen gelipdirler.

Şeýle hem şu döwürde Berdimuhamedowyň Täjigistana, Birleşen Arap Emirliklerine iş saparlary, Özbegistana hem resmi sapary boldy. Ýylyň aýagynda hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Чех Легечка пожелал здоровья россиянину Медведеву, который снялся с их матча






Срочники из Торопца написали «Диктант Победы»

День Георгия Победоносца отмечают православные 6 мая 2024 года

Куда девать скорлупу от освященных пасхальных яиц: что говорят священники

Амбассадоры сообщества «Волонтеры Москвы» помогают столице и горожанам