Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Çeçen häkimiýetleri Kadyrowlary 'görnükli adam hukuklaryny goraýjylar' diýip yglan etdi

0
Çeçenistanyň başlygy Ramzan Kadyrow we onuň ene-atasy sebitiň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili tarapyndan "görnükli adam hukuklaryny goraýjylar" diýlip yglan edildi.


Ombudsmen Nurdi Nuhažiýew 30-njy dekabrda Groznydaky dabarada çykyp gürläp,Kadyrowlar maşgalasynyň "adam hukuklaryny üpjün etmek we döwletliligi berkitmek işine ägirt uly goşant goşandygyny" aýtdy.  Dabaranyň wideo ýazgysy respublikanyň "Grozny" teleýaýlymynda halka ýetirildi. Ramzan Kadyrowyň özi bu dabara gatnaşmady.


Kadyrowdan başga, onuň kakasy, Çeçenistanyň öňki prezidenti Ahmat Kadyrow we ejesi Aýmani Kadyrowa medal bilen sylaglandy. Ahmat Kadyrow 2003-nji ýyldan 2004-nji ýylyň maý aýynda öldürilýänçä Çeçenistanyň prezidenti boldy.


Biraz öň, Kadyrowyň medeniýet ministri bolup işleýän gyzy Aýşat Kadyrowa hem, "Adam hukuklaryny gorandygy üçin" diýen  medal gowşuryldy.


Rus we halkara adam hukuklary toparlary çeçen häkimiýetlerini köp ýyl bäri adam hukuklaryny gödek bozmakda, şol sanda adam alyp gaçmak, gynamak, kazyýet karary bolmazdan jezalandyrmak, LGBT jemgyýetini yzarlamak ýaly aýyplarda aýyplaýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса