Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Owgan hökümetiniň başlygy gumanitar kömek iberen Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

0
Owganystanyň talyban hökümetiniň başlygy Muhammad Hasan Ahund Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda Owganystana iberilen gumanitar kömek üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, hökümetçi “Orient” saýty habar berýär.


Neşiriň ýazmagyna görä, minnetdarlyk sözleri türkmen metbugatynda çap edildi we owgan resmisi Türkmenistanyň ýurda nebit-gaz önümlerini, egin-eşik we azyk önümlerini iberip, uly goldaw berýändigini aýtdy we munuň kyn döwürde doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ynamdar subutnamasy bolandygyny belledi.


Muhammad Hasan Ahundyň sözlerine görä, Owganystanyň Yslam Emirliginiň döremegi bilen iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklarda täze tapgyr başlandy.


Şeýle-de ol ýurduň hökümetiniň ikitaraplaýyn gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny aýtdy.


Bu habar türkmen-owgan serhedinde bolan ganly waka we çaknyşyk barada çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.


Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary golaýda Garkyn etrabynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän araçäginde türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda çaknyşyk bolandygyny habar berdiler.


Bu habar soňra owgan mediasy tarapyndan tassyklanyldy. “TOLOnews” habar saýty ýerli “Talyban” häkimiýetlerine salgylanyp, türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda 3-nji ýanwarda bolan çaknyşyk barada habar berdi.


Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy 4-nji ýanwarda resmi beýanat çap edip, türkmen-owgan serhedinde çaknyşyk bolandygyny ret etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса