Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy 

0
Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy 

Goňşy Gazagystanda geçýän protestleriň fonunda, türkmen häkimiýetleri öz ýurdunyň ilatyna gözegçiligi güýçlendirmäge synanyşýarlar. Kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine üýşmeleňleriň öňüni almak tabşyryldy. Oba ýerlerinde uçastok polisiýa işgärlerine kanuny we tertip-düzgüni berjaý etmek üçin şahsy jogapkärçilik barada duýduryş berildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydaky we Lebapdaky ýagdaýlar barada habar berýärler.

Habarçylaryň kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä, häkimiýetler bu sebitlerdäki ilatyň arasynda bidüzgünçilikleriň döremeginden howatyr edýärler. Goňşy Gazagystanda bolup geçýän wakalaryň fonunda polisiýa işgärlerine ýokary hüşgärlik derejesinde bolmak, her gün irden töwerek-daşa aýlanmak we ýagdaýa gözegçilik etmek tabşyryldy.

Polisiýa birnäçe adam bolup duranlary tussag edýär, bile oturan ýaşlary sorag etmek üçin alyp gidýär. Resminamalar barlanýar, maglumatlar hasaba alynýar. Tutulan adamlaryň telefonlaryndaky maglumatlar barlanýarlar, adamlaryň haýsy maksat bilen ýygnandyklary soralýar.

"Güýçlendirilen gözegçilik hemme ýerde göze ilýär. Polisiýa hatda obalarda-da patrul gözegçiligini edýär" - diýip, Marydaky çeşme aýtdy.

Habarçylaryň sözlerine görä, obalardaky etrap polisiýa işgärlerine olaryň tertip-düzgüne hersiniň öz kellesi bilen jogap bermeli boljakdygy duýdurylypdyr. Daşary ýurtda ýaşaýan migrantlaryň garyndaşlary aýratyn gözegçilik astyna alynýar.

Bu döwürde Gazagystandaky wakalar Türkmenistanyň ilatynyň arasynda esasy gürrüň bolýar. 

Habarçylaryň sözlerine görä, öz aralarynda gürrüň edýän adamlar gazagystanlylaryň öz hukuklaryny talap etmekde güýçlüdigi barada aýdýarlar. Olaryň batyrlygyna haýran galýarlar we öz ýagdaýlary bilen deňeşdirýärler.

Goňşy Gazagystandaky protestler Türkmenistanda ykdysady krizisiň görlüp-eşidilmedik derejede möwjän döwrüne gabat geldi. Maliýe çökgünligi, azyk ýetmezçiligi, işsizligiň artmagy birnäçe ýyllap dowam edensoň, pandemiýa zerarly hasam erbetleşdi. Koronawirus çäklendirmeleri adamlaryň ýurduň içindäki girdeji çeşmelerini ýitimegine we ýurduň daşyndaky zähmet migrasiýasy arkaly gazanç mahrum bolmagyna getirdi.

Türkmen häkimiýetleri bu problemalary resmi taýdan boýun almaýarlar.

Maryda we Lebapda polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilmegi bu sebitlerde häkimiýetleriň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň garyndaşlary bilen söhbetdeşlik gurnaýan pursadynyň yzýanyna gabat geldi. Migrantlaryň garyndaşlary daşary ýurtlardaky hossarlaryndan hökümete garşy toparlara goşulmazlygy talap etmek barada duýduryş aldy.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistleriň we oppozisiýa toparlarynyň agzalarynyň köpüsiniň asly Lebap we Mary welaýatlaryndan.

Bu aralykda Gazagystan bilen serhetleşýän Balkan wlaýatynda häkimiýetler çagalary Gazagystanyň uniwersitetlerinde okaýan raýatlar bilen duşuşyklar geçirýärler. Bu ýygnaklarda häkimiýetleriň wekilleri Gazagystandaky demonstrasiýalara gatnaşýan türkmen ýaşlary barada maglumatlaryň bardygyny öňe sürýärler. Ene-atalardan çagalarynyň protestlere goşulmazlygy talap edilýär. Muny Azatlyk radiosynyň habarçysy 6-njy ýanwarda habar berdi. 

Sebit we etrap häkimliklerinde bolup geçýän bu ýygnaklary bilim we migrasiýa gullugynyň walaýat bölümleri gurnaýar we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri hem polisiýa işgärleri oňa gatnaşýarlar.

Lebapda hem Gazagystanyň uniwersitetleriniň türkmen studentleriniň ene-atalary bilen duşuşyklar geçirilýär.

Bu wagt Özbegistana ýanaşyk ýerleşýän Daşogus wlaýatynda VPN giňden petiklendi. Türkmenistandaky çeşmeler häkimiýetleriň hökümete garşy duýgularyň öňüni almak we VPN-leri petiklemek üçin alyp barýan işleriniň goňşy Gazagystandaky wakalar bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler.

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Gazagystanda bolup geçýän wakalar barada ilkinji gezek resmi beýanat berdi. Habarda Türkmenistanyň soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi we ýurtdaky ýagdaýyň gysga wagtda kadalaşmagyna içgin gyzyklanýandygy aýdylýar.

2-nji ýanwarda Gazagystanyň günbataryndaky Žanaozen şäherinde gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy başlanan protestler 6-njy ýanwara çenli ýurduň köp bölegini tutdy. Almatyda polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda çaknyşyk boldy. Iň soňky maglumata görä, 18 kanun goraýjy işgär öldürilipdir. Almatynyň polisiýasy şäherdäki onlarça "gozgalaňçynyň" ýok edilendigini habar berdi. Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşgyşy Guramasynyň (KHYG) parahatçylygy goraýyş güýçleri Gazagystana bardy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Ига Свёнтек

«Ну и кто сказал, что женский теннис — это скучно?» Свёнтек — после матча с Соболенко






День Георгия Победоносца отмечают православные 6 мая 2024 года

Яд в банках: в популярных марках кофе Росконтроль выявил фальсификаты

Экс-футболист Мостовой о предложении от "Пари НН": будем думать и смотреть

Срочники из Торопца написали «Диктант Победы»