Türki döwletler guramasynyň daşary işler ministrleri Gazagystandaky ýagdaýy maslahatlaşar
Bu gurama şu günki günde Türkiýäni, Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Özbegistany öz içine alýar, Türkmenistan we Wengriýa onuň işine synçy hökmünde gatnaşýar.
Şu aralykda, IIM-niň maglumatyna görä, Gazagystandaky demonstrasiýalary dargatmak üçin görülýän çäreleriň çäginde 4 müňden gowrak adam tussag edildi.
Almatyda öten agşam we 8-nji ýanwar güni irden atyşyk sesleri eşidildi. Resmiler çaknyşyklarda onlarça adamyň, şol sanda 18 howpsuzlyk işgäriniň öldürilendigini habar berdiler.
