Türkmen wekiliýetiniň agzalary Tähranda gaz gepleşiklerini geçirer
Bu baradaky buýruga 7-nji ýanwarda, hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekildi.
Görnüşinden, 8-9-njy ýanwarda geçiriljek gepleşiklerde esasan iki ýurduň arasynda kesilen gaz söwdasyny dikeltmek barada maslahatlaşyljaga meňzeýär.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hassan Montazer Torbati golaýda, MEHR habar gullugynyň maglumatyna görä, Tähranyň türkmen gazynyň importyny dikeltmek isleýändigini aýtdy.
Eýran mediasy iýun aýynda “Türkmengaz” bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky arbitraž seljermesiniň tamamlanandygyny aýtdy, emma hiç tarap kararyň doly mazmunyny aýan etmedi.
Türkmenistan, goňşy ýurt bilen aradaky gaz tölegleri üstünde turan dawa esasynda, 2017-nji ýylyň ýanwarynda Eýrana gaz ibermegi bes etdi. 2018-nji ýylda taraplar bir-biriniň üstünden Halkara arbitraž kazyýetine şikaýat etdi.
