Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Gazagystandaky tolgunyşyklarda müňlerçe adam tussag edildi, MHK-nyň öňki başlygy 'dönüklikde' aýyplanýar

0
Gazagystanyň içerki aňtaw gullugynyň öňki başlygynyň dönüklikde güman edilip, zorlukly protestler wagtynda wezipesinden boşadylandan iki gün soňra, 8-nji ýanwarda tussag edilendigi aýdylýar.


Ýene birnäçe ady aýdylmadyk howpsuzlyk resmisiniň tussag edilendigini habar beren Milli howpsuzlyk komiteti Karim Masimowyň tussag edilmegi bilen bagly goşmaça maglumat bermedi.


Öňki premýer-ministr, ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň uzak wagtlyk egindeşi bolan 56 ýaşly Masimow geçen hepde, ýangyç nyrhlarynyň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykan ganly tolgunyşyklarda halk gazabynyň esasy nyşany boldy.


Masimow MHK-nyň başlygy wezipesinde 2016-njy ýyldan bäri işleýärdi.


Şu aralykda, Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlygy kömege çagyran ýurduň IIM-niň maglumatyna görä,  Gazagystandaky demonstrasiýalary dargatmak üçin görülýän çäreleriň çäginde 4 müňden gowrak adam tussag edildi.


Prezident Kasym-Žomart Tokaýew biraz öň howpsuzlyk güýçlerine “garakçylar” we “terroristler” diýýänlerini oka tutmaga rugsat berdi. Protestçiler özleriniň beýle häsiýetlendirilmegini inkär etdiler.  


Almatyda öten agşam we 8-nji ýanwar güni irden atyşyk sesleri eşidildi. Resmiler çaknyşyklarda onlarça adamyň, şol sanda 18 howpsuzlyk işgäriniň öldürilendigini habar berdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса