Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

ABŞ we Russiýa Ukraina, Ýewropa howpsuzlygy boýunça “agyr” gepleşikleri jemledi

0
ABŞ we Russiýa wekiliýetleriniň arasynda Ženewada sekiz sagat dowam eden gepleşikler tamamlandy. Ženewa gepleşikleri Moskwanyň talap edýän howpsuzlyk kepillikleri hem-de onuň Ukraina serhediniň golaýynda goşun toplamak haýbatlary esasynda girişilen hem-de bir hepde dowam etmegine garaşylan gepleşikleriň çäginde geçirilýär.


ABŞ wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleri “çynlakaý” we “netijeli” häsiýetlendirdi.


Şerman bu duşuşygy ylalaşyk däl-de, gepleşik hökmünde suratlandyrdy we Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň talaplaryny setirme setir seljermändigini aýtdy.


Şerman ABŞ-nyň duşuşyga Ýewropa gorag raketa ulgamlaryny ýerleşdirmek we harby tälim-türgenleşikleriň çäkleri ýaly ugurlar boýunça birnäçe teklip bilen barandygyny aýtdy. Ol ABŞ teklipleriniň ikitaraplaýyn bolmalydygyny aýtdy we Gündogar Ýewropada ABŞ-nyň goşun derejesiniň azaldylmagy boýunça Russiýanyň eden çagyryşlaryny ret etdi. Ol bu meseläniň 10-njy ýanwarda geçirilen duşuşygyň gün tertibine getirilmändigini aýtdy.


Bu gepleşikler Russiýanyň Ukraina serhediniň alkymyna goşun toplap, Moskwanyň Ukraina çozmak ähtimallygy barada Günbatarda dowam edýän gorkular zerarly dörän gapma-garşylygyň arasynda geçirilýär.


Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny ele geçirdi we bikanun anneksiýa etdi, şeýle-de gündogar Ukrainada hökümet güýçlerine garşy göreşýän separatistlere goldaw berdi.


Ženewada geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler 12-nji ýanwarda Brýusselde NATO-Russiýa Geňeşiniň ýygnagy bilen dowam eder.


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çarçuwasynyň çäginde 13-nji ýanwarda Wenada aýrybaşga köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek hem göz öňünde tutulýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса