Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

KHŞG ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystandan goşun çykarmak kararyna gol çekdi

0
Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystanyň çägine getirilen daşary ýurt goşun bölümlerini çykarmak baradaky ylalaşyga gol çekdi diýip, Orsýetiň RBK neşiri KHŞG-nyň sekretariatyna salgylanyp habar berdi.


"Goranmak ministrliginiň baştutanlary KHŞG-nyň goranmak ministrleriniň Geňeşiniň bilelikdäki kararyna, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň agza döwletleriniň Gazagystan Respublikasynyň çäginde ýerleşdirilen  goşun bölümleriniň hemişelik ýerleşen nokatlaryna gaýdyp gelmegini guramak barada bilelikdäki karara gol çekdiler" sekretariatda aýtdylar.


"Interfaksyň" Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanypýazmagyna görä, KHŞG-nyň çäkli goşun bölümleriniň hatarynda Gazagystana getirilen rus desantçylarynyň ilkinji bölümleri ýurtdan çykyp başlandy. Dört sany Il-76 harby transport uçary rus harby bölümlerini Almatydan Iwanowo sebitindäki hemişelik nokadyna getirýär diýip, habarda aýdylýar.


Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň sözlerine görä, KHŞG güýçlerini Gazagystandan çykarmak boýunça 13-nji ýanwarda başlanan işler 19-njy ýanwarda, goşun bölümleriniň öz hemişelik ýerleşýän ýerlerine dolanyp gelmegi bilen tamamlanar. Ol muny Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda mälim etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса