Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Lebabyň häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary gan tabşyrmaga mejbur edýär

0
Lebabyň häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary gan tabşyrmaga mejbur edýär

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri aliment üçin bergisi bolan raýatlary her aý ýüzlerçe gram gan tabşyryp, bergilerini üzmäge mejbur edýär. Häkimiýetleriň ýurt raýatlaryna degişli täze mejburlygynyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Welaýatdaky şäher we etrap kazyýetleri aliment üçin bergisi bolan raýatlaryň, berginiň möçberine görä, her aýda 300 gramdan 600 garama çenli gan tabşyrmalydygy barada karar çykarýarlar. Olar raýatlardan şu usul bilen bergilerini üzmegi talap edýärler. Bu mejbury çäreler welaýat kazyýetiniň karary bilen amala aşyrylýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply kazyýet işgäri 13-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz kazyýetdäki çeşmelerine salgylanyp, aliment üçin bergisi bolan raýatlaryň aglabasynyň işsizdigini we olaryň sanynyň müňlerçedigini aýdýar.

Şeýle-de, ol geçen hepde welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde we Farap etrabynda onlarça raýatdan aliment bergisi sebäpli gan alnandygyny hem belleýär.

Lebaply kazyýet işgäriniň sözlerine görä, häkimiýetleriň bu karary kabul etmegine 2021-nji ýylda Lebabyň sudunda aliment meselesi bilen bagly arzalaryň diňe 10%-niň aliment alýan tarapyň bähbidine çözülmegi sebäp bolupdyr.

"Arza tabşyranlaryň 90%-i aliment alyp bilmeýär" diýip, kazyýet işgäri sözüne goşdy.

Galyberse-de, ol soňky döwürde welaýatyň hassahanalarynda onkologik we beýleki keseller bilen kesellän näsaglaryň köpelmegi bilen, gan donorlaryna zerurlygyň artandygyny hem aýtdy.

"Şu faktlar häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlardan gan almaga iterdi" diýip, kazyýet işgäri belledi.

Jumanyýaz atly (ady üýtgedildi) türkmenabatly ata her aý ýüzlerçe gram möçberde gan tabşyrmagyň öz saglygyna howp abandyryp biljekdigini aýdýar. Şol bir wagtda, ol "çagalaryna şu görnüşde bolsa-da pul ýetirip berýändigine begenýändigini" belleýär.

"Aliment üçin bergini başga usulda tölemek mümkin däl. Sebäbi häzir ýurtda iş tapmak asla mümkin däl" diýip, Jumanyýaz 13-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan faraply kazyýet işgäri häkimiýetleriň "aliment bergisi bolan raýatlary gan tabşyrmaga mejbur etmegiň deregine, iş bilen üpjün etmelidigini" aýdýar.

Ol munuň sebäplerini raýatlar her aý ýüzlerçe gram gan tabşyrsa, onda wagtyň geçmegi bilen, munuň olarda gan azlygyny ýa-da beýleki keselleri döredip biljekdigi bilen düşündirýär.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýat kazyýetinden we Saglyk müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Mundan ozal habarçylarymyz türkmen häkimiýetleriniň, hususan-da iki ýyla golaý wagt bäri, raýatlaryň aliment meseleleri bilen içgin gyzyklanýandygyny we munuň bilen bagly dürli çäreleri güýje girizýändigini habar berdiler.

Geçen ýylyň awgustynda türkmen häkimiýetleriniň aliment bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygmaga iberýändigi mälim boldy. 2020-nji ýylyň oktýabrynda bolsa, häkimiýetler Lebabyň Darganata etrabynda aliment töläp bilmedik raýatlaryň “kemsidiji” suratlaryny köpçülik ýerlerinde asdy.

Azatlygyň habarçylary we synçylar Türkmenistanda dowam edýän ykdysady we sosial krizisiň fonunda, ýurtda aliment töläp bilmeýän adamlaryň, maşgalasyny ekläp bilmeýän ýa-da aýalyndan aýrylyşýan erkekleriň köpelýändigini habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri bu baradaky statistiki sanlary ilat köpçüligine aç-açan mälim etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко уступила Свентек в финале турнира WTA-1000 в Мадриде






Новый беговой сезон Суперлиги Подмосковья откроет Коломенский полумарафон

Во сколько начнется Парад Победы в Москве 9 мая 2024 года

Ольга Солнце отметила 20-летие шоу «Дом-2» на телестройке

Эвелина Бледанс: «У меня было три пышные свадьбы, и каждая из них - уникальная»