Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

ABŞ-nyň we Orsýetiň baş diplomatlary ýene Ukrainadaky krizisi çözmek maslahatyny eder

0
ABŞ-nyň we Orsýetiň baş diplomatlary ýene Ukrainadaky krizisi çözmek maslahatyny eder

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken, berk gaýtawul beriljegi baradaky duýduryşlara garamazdan, Orsýetiň Ukraina goşun sürmek ähtimallygy baradaky aladalaryň arasynda, dartgynlygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde, 21-nji ýanwarda Ženewada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşýar.

Şweýsar şäherinde iki ýurduň baş diplomatlarynyň arasynda geçiriljek gepleşikler soňky hepdelerde Günbatar paýtagtlary bilen Moskwanyň arasynda Gündogar Ýewropadaky howpsuzlyk meseleleri boýunça geçirilen şowsuz duşuşyklaryň yz ýanyna gabat gelýär. 

Blinken Ženewa ugramazyndan öň bu gepleşiklerden o diýen uly ilerlemä garaşmaýandygyny aýtdy we ol ýerde "özümiziň haýsy ýerde durandygymyzy kesgitläp’, "bu krizisi çözmek üçin hakykatdanam diplomatik ýoly dowam etdirip biljegimizi ýa bilmejegimizi anyklarys” diýdi.

Russiýa “diplomatiýa we gepleşik” ýa-da “gapma-garşylyk we onuň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmak” ýoluny saýlap biler diýip, Blinken 20-nji ýanwarda Berline eden sapary wagtynda Germaniýanyň ZDF telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

"Meniň pikirimçe, ertir biz has köp zat bileris, iň bolmanda ertir Russiýanyň bu düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly, diplomatik ýol bilen çözmek synanyşygyna çynlakaý ygrarlydygy ýa-da däldigi barada has köp zada göz ýetirmegimize umyt edýärin” diýip, Blinken sözüniň üstüni ýetirdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид






Рубль упал к основным валютам на закрытии позиций перед длительными выходными

Путин и Шойгу коротко поговорили после парада Победы в Москве

Компания из Гонконга подала иск о банкротстве "Москвича"

«Никому не позволим угрожать нам» — Путин выступил на Красной площади