Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn türkmen kärdeşini gutlady
“Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilmegi ýurtlarymyzyň halklarynyň isleglerine we bähbitlerine laýyk gelýär” diýip, Koreýa halk demokratik respublikasynyň döwlet işleri boýunça başlygynyň gutlagynda aýdylýar.
Şeýle-de Kim türkmen prezidentine berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edipdir.
Türkmenistan söz, metbugat azatlygy we beýleki hukuklar boýunça çap edilýän halkara hasabatlarynda köplenç Demirgazyk Koreýa bilen ýanaşyk tankyt edilýär.
