Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Berdimuhamedow: Konstitusiýamyza hem üýtgetme girizmek zerur

0
Berdimuhamedow: Konstitusiýamyza hem üýtgetme girizmek zerur

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, nobatdan daşary mejlise taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garady.

“Döwrüň talabyna görä, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de geljekde Konstitusiýamyza hem üýtgetmeleri girizmek zerur” diýip, Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, ýurduň Baş kanunyna girizilmegi mümkin düzediş barada  gysgaça durup geçdi.

“Milli Geňeşiň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu soragda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesinden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almaly” diýip, ol aýtdy.

Döwlet baştutany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belläp, Esasy Kanunyň many-mazmunyny we kadalaryny, esasan hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan “uly işleri” halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda öz kanunlarynda kepillendirilen hukuklary yzygiderli, hemme taraplaýyn basgylamakda tankyt edilýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году






DIGITAL SIGNAGE ПРОЕКТОР LG PROBEAM BU70QGA: ЯРКОЕ И ЧЁТКОЕ ИЗОБРАЖЕНИЯ ДЛЯ РАЗНЫХ СФЕР

В Волоколамском округе отреставрируют церковь Рождества Пресвятой Богородицы

Заполняемость индустриальных парков Подмосковья достигла 87%

Туристы стали проводить в Нижнем Новгороде вдвое больше времени