Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinden nämelere garaşylýar?

0
Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinden nämelere garaşylýar?

11-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär, şondan dogry 15 ýyl öň, Gurbanguly Berdimuhamedowy häkimiýete getiren prezidentlik saýlawlary geçirildi. Şeýle hem 11-nji fewral prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň batly syýasy ösüşiniň başlangyjy, onuň premýer-ministriniň orunbasary wezipesine bellenen günüdi. Türkmenistanyň prezidentiniň sanlaryň jadysyna berýän aýratyn ähmiýetini bilýän synçylar we ýönekeý türkmen raýatlary ýene bir möhüm kararyň kabul edilmegine garaşýarlar. Mundan başga-da, Berdimuhamedowyň özi indiki sessiýany “ýakyn 30 ýylda ýurduň ösüşi üçin möhüm” diýip, aýratyn yglan etdi.

Häkimiýetiň tranziti ýa-da oňa taýýarlyk

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Mejlisiň) ýokarky öýi bolan Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň yglan edilmeginden birnäçe aý öň, ýakyn wagtda Türkmenistanda boljak syýasy özgerişler barada myş-myşlar ýaýrady, çörek nobatyna duran bazardaky adamlar prezidentiň häkimiýeti ýakyn wagtda öz ogluna geçirjekdigini gyzgalaňly ara alyp maslahatlaşýardylar. Şol bir wagtyň özünde, Serdar Berdimuhamedowyň halka ýolbaşçylyk etmekdäki “aýratyn ukyby”, onuň ýurdy ykdysady krizisden alyp çykjakdygy hakda, myş-myşlaryň döremegine sebäp boldy.

Bu myş-myşlaryň ýaýramagy premýer-ministriň orunbasary Berdimuhamedowyň azyk önümleriň bahasy bilen tanyşmak üçin, prezident kakasynyň adyndan, Türkmenistanyň sebitlerine eden saparyna gabat geldi. Synçylar bu ädime kiçi Berdimuhamedowyň geljekki baş roluny kesgitlemek ugrundaky açyk synanyşyk hökmünde garadylar. Kiçi Berdimuhamedow köp basgançakly güýç gurluşynda we iň ýokary wezipä taýynlyk görmekde ýene bir ädim ätdi.

Ýerlerde arzan bahaly ýasama bazarlary, bol-elinligi döredip, Serdaryň “iň ýokary derejede” kabul edilişi, adatça mundan öň diňe prezident üçin edilýän çäreleri ýatladyp, häkimiýetiň atadan ogluna bökdençsiz geçmegine ilatyň ynamyny güýçlendirýärdi.

Türkmen synçysy Serdar Aýtakow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, myş-myşlaryň ýaýramagynyň Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň öňden bäri gelýän iş usullaryndan biridigini aýtdy. Sessiýadan iki hepde öň Aşgabatda myş-myşlar ýaýrasa-da, "häkimiýetiň miras geçmegi ýakyn wagtda bolmaz. Halk Maslahaty nähili-de bolsa, möhüm kararlar berer, megerem, ol geljekdäki hökümet gurluşy bilen baglanyşykly bolar” diýip, bilermen hasap edýär.

“Türkmenistanyň ýörite gulluklary jemgyýetiň pikirine täsir etmek üçin, dürli myş-myşlary bilgeşleýin ýaýratmak arkaly baý, ýöne täsin tejribe toplady. “Häkimiýeti Serdar Berdimuhamedowa geçirmek” baradaky myş-myşyň köpçülige degişlidigini bilip, häkimiýetler jemgyýetçilik tolgunyşyklaryndan we aç-açan gahar-gazapdan gaça durmak isleýärler, şonuň üçin “ýakyn wagtda häkimiýetiň bir elden beýlekä geçmegi baradaky” myş-myşlary ýaýradyp bilerler” diýip, bilermen hasap edýär. Ýöne garaşylýan Halk Maslahatynda takyk bolmadyk wagtda, häkimiýetiň üstaşyr geçmegini üpjün etjek, emma bu belli bir adamyň peýdasyna, iş başyndaky prezident pensiýa çykanda ýa-da dünýäsini täzeläninde, şeýle tranziti ýeňilleşdirýän ýa-da awtomatiki usulda kanunçylyk derejesinde amala aşyryljak kararyň kabul edilmegi mümkin" diýip, türkmen synçysy aýdýar.

11-nji fewral - sanlaryň jadysy babatyndaky nobatdaky umytmy 

Prezident Berdimuhamedow Konstitusiýanyň 73-nji maddasyny bozup, Halk Maslahatyna başlyklyk etmek bilen 7-nji ýanwarda nobatdan daşary mejlisiň geçiriljegini yglan edeninde, onuň takyk senesini aýtmady. Diňe iki hepde geçensoň, prezident-başlyk sessiýany 11-nji fewralda geçirmek baradaky karara gol çekdi.

Ýokarda-da ýatlanyşy ýaly, 11-nji fewralda, Berdimuhamedowy häkimiýete getiren 2007-nji ýyldaky saýlawyň geçenine 15 ýyl dolýar, hut şol günden kiçi Berdimuhamedowyň wezipe ösüşi başlanypdy. 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda premýer-ministr bolan prezident- kaka öz ogluny wise-premýer, ýagny özüniň orunbasary edip belledi.

Türkmen lideriniň sanlaryň keramatyna näderejede ähmiýet berýändigini, aýratyn-da 7-lik sana bolan garaýşyny we onuň bilen baglanyşykly edýän hereketlerini köp adam bilýändigi üçin, Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň hem möhüm günde çagyrýandygyna şübhe bolup bilmez.

Gazak tolgunşyklarynyň ýaňy

Nobatdan daşary mejlisiň çagyrylmagy goňşy Gazagystandaky halk tolgunyşyklaryna-da gabat geldi. Suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy Mangystauda, hut Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitde dörän närazylyk Gazagystanyň ähli ýerinde köpçülikleýin tolgunyşyklara getirdi we goňşy respublikanyň paýtagtynda alada döretdi.

Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri Gazagystanda bolup geçen wakalara erjellik bilen üns bermedik bolsa-da, türkmen halky goňşy ýurtdaky halk gozgalaňyny we onuň sebäplerini gowy bilýärdi hem öz aralarynda ony Türkmenistandaky ýagdaýlar bilen deňeşdirip maslahat edýärdiler.

“[Türkmenistanda] diňe bir gaz däl, beýleki hyzmatlar we harytlar, ýangyç, azyk önümleri hem gymmatlady. Olaryň bahasy 2 esse däl-de, 3-5 esse, käbir ýagdaýlarda 10 esse ýokarlandy. Emma bu sosial meseleler ilatyň arasynda nägileligiň we närazyçylyk tolgunyşygynyň döremegine sebäp bolmaýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşlerinden biri aýtdy.

"Gazagystandaky protestler adamlary ruhlandyrdy, olar "aglamadyk oglana emzik ýok" diýen nakyly ýada saldylar, adamlar protestler arkaly öz hukuklaryny talap edenlerinde, hökümeti üýtgedip boljakdygyna düşünip başladylar. Gazagystan ýaly şeýle uly bir döwlet hem öz halkyna tabyn boldy" diýip, bir türkmenistanly aýtdy.

Görnüşinden, ol halk gozgalaňy prezident Berdimuhamedowy hem sarsdyran bolarly, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çagyrylýandygy yglan edilenden soň, 12-nji ýanwarda Döwlet Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň giňeldilen ýygnagyny geçirdi we mejlisde sebitdäki syýasy wakalara we howpsuzlyk ýagdaýyna, olaryň Türkmenistanyň şertinde bolup biläýjek täsirine gözegçilik etmegi buýurdy.

Bilermen Serdar Aýtakow hem Halk Maslahatynyň Gazagystanyň tolgunyşyklary wagtynda, gyssagly çagyrylmagynyň tötänlik däldigine ünsi çekýär. Ýogsa çynlakaý ykdysady kynçylyklara garamazdan, halk türkmen režimine ýyllar boýy çydamlylyk görkezip gelýänem bolsa, durnukly ýaly görünýän Gazagystandaky protestler beýle çydamlylygyň dowamly boljagyna kepilligiň ýokdugyny görkezdi.

“Türkmen häkimiýetleri bar zada gowy düşünýärler. Olar garşy durmak tejribesini; Ermenistanda, Belarusda we Russiýada häkimiýeti ele almak synanyşyklaryny üns bilen öwrenýärler. Aýratyn hem Gazagystanda bolup geçen wakalardan degişli netije çykarmaga synanyşýarlar. Indi türkmen häkimiýetleriniň ykdysady ýagdaýy birneme gowulaşdyrmak mümkinçiligi bar. Gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz infrastrukturasyny gurmak üçin alnan esasy berginiň diňe Hytaýa tölenmegi, häkimiýetlere sosial krizisiň ýuwaş-ýuwaşdan gowşadylmaga we maliýe ätiýaçlyklaryny toplamaga mümkinçilik berýär. Ýöne munuň gapma-garşylykly ýeri – pandemiýa sebäpli ýüze çykan krizis we karantin çäreleri sebäpli-de häkimiýetleriň beýle ýeňillikleri hiç hili ýagdaýda başlamazlygydyr. Häkimiýetler ýapyk çäklendirmeler sebäpli eýýäm öwezini dolup bolmajak ýitgiler çekýän ilata, kiçi we orta kärhanalara hiç hili kömek bermeýär. Muňa derek, mende bar bolan maglumata görä, häkimiýetler graždan tolgunyşyklaryny basyp ýatyrmak üçin, ýörite ýaraglar we enjamlar satyn alyp başladylar, kanun goraýjy ýörite güýçlerden başlap, Içeri işler ministrliginiň ýönekeý gullukçylaryna çenli, raýat nägileliklerine garşy göreşmek üçin, maksatly türgenleşik okuwlary geçirilýär" diýip, bilermen S. Aýtakow aýdýar.

Režim adamlary köşeşdirip bilermi?

Bilermeniň pikirine görä, Halk Maslahatynda häkimiýetiň geljekki dolandyryşy barada karar bermekden başga-da, ilaty “köşeşdirmek” üçin hem bir zat bar bolmagy mümkin.

“Gazagystanda bolup geçen wakalaryň sebäplerine we netijelerine düýpli baha berip, ilatyň ýaşaýyş derejesini hil taýdan üýtgetmegiň obýektiw zerurlygynyň bardygyna göz ýetiren häkimiýetler geljekki Halk Maslahatynda, goşmaça birnäçe çäreler geçirmegi meýilleşdirmegi bolup biljek zat; meselem, jemgyýetdäki “basyşy peseltmek” bilen sosial dartgynlygy gowşatmak çärelerini görüp bilerler. Häkimiýet başyndaky prezidentden hökümeti ogly Serdara geçirmek meselesiniň uzak wagtlap çişirilmegi, goý, ol psihologiki maksatdan bolsa-da, haýyrly bir ýagdaýa öwrülip, özgertmeler kem-kemden başlanyp biler. Häkimiýeti beýleki ele geçirmek niýeti yzygiderli taýýarlyk we jemgyýete ýüz tutmak synanyşygy bilen bilelikde amala aşyrylsa, ol geçiş azda-kände endigan bolardy. Eger jemgyýetde ýaýraýan myş-myşlary nazara almasak, şu wagta çenli häkimiýeti şeýle ýagdaýda elden ele geçirmek ugrunda, hakyky taýynlyk göze ilmeýär” diýip, bilermen düşündirýär.

Şol bir wagtyň özünde, bilermeniň ýene-de öz sözüne goşmagyna görä, bu ýerde ýene bir esasy sorag bar; häkimiýetler has uly repressiýalardan, emigrasiýa täsirlerinden, ykdysady ýagdaýyň hasam erbetleşmeginden we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmeginden halas boljak zerur kararlary almaga wagt taparmy?

Habarçylarymyzyň habar bermegine görä, şu wagta çenli Aşgabatdaky režim diňe Halk Maslahatynyň agzalaryny we nobatdan daşary sessiýa gatnaşýanlary ruhlandyrmaga synanyşýar, olara sessiýa gatnaşmagy üçin, gymmatly sowgatlar wada berildi.

11-nji fewralda boljak sessiýa gaýybana tertipde geçiriler, oňa sebitleriň agzalary wideo baglanyşygy arkaly gatnaşarlar. Biziň Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, sessiýanyň işine ýaşulular we ýaşlar guramalarynyň wekilleri-de çagyrylar, oňa gatnaşanlara 5000 manatlyk sowgat wada berilýär.

2020-nji ýylda ýurduň Konstitusiýasy nobatdaky gezek üýtgedilenden soň, kanun çykaryjy organ bir palatalyk düzgünden, iki palata geçip, Halk Maslahaty Milli Geňeşiň (Mejlisiň) ýokarky palatasyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, Konstitusiýanyň täze görnüşi kabul edilenden soň, prezident Berdimuhamedow ilki ýokarky palatanyň agzalygyna saýlanyp, soňra bolsa oňa başlyk bellenmek bilen ony bozdy. (Konstitusiýanyň 73-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da wekili bolup bilmez.)

Halk Maslahaty 2020-nji ýyla çenli diňe maslahat beriji guramady, ol Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar başlanan wagtynda, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda, Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaňadan dikeldilipdi. 2008-nji ýylda hut Berdimuhamedowyň özi bu guramany ýatyrypdy, soňra öz ýeke-täk hökümdarlygyny güýçlendirmek üçin, Ýaşulular geňeşini peýdalandy.

Bellik: Makala çapa taýýarlanan pursady prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, onda Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000






Историческая библиотека Лафрагуа в Мехико

В Ступине приступили к благоустройству Пушкинского сквера

Экс-игрок "Спартака" Тихонов: история тренера Слишковича напоминает Карреру

Экономический эффект Башнефти от внедрения передовых решений достиг 4,8 млрд руб.