Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Ukraina krizisini maslahatlaşýar

0
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 30-njy ýanwarda Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýar we Russiýanyň günbatar goňşusynyň üstüne çozmaga taýynlanýandygy baradaky gorky-howatyrlaryň arasynda, Waşington Moskwa serhetde goşun üýşürmegi meselesinde duýduryş berýär.


Moskwanyň konflikte başlamak niýetiniň ýokdugyny aýtmagyna garamazdan, soňky günlerde ýetip gelýän çozuş baradaky gorky-howatyr ýokarlandy we ABŞ hem-de Britaniýa, Waşingtonyň ýaranlarynyň Ukraina edilip biljek islendik hüjümiň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmegi bilen, 29-njy ýanwarda Russiýa garşy giriziljek “weýrançylykly” ykdysady sanksiýalar barada duýduryş berdi. 


Moskwanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda 100 000-den gowrak esger toplamagy netijesinde ýokarlanan dartgynlyklaryň arasynda,  Birleşen Ştatlar BMG-niň soňky ýyllarda iň ýakyndan synlanjak sessiýalarynyň biri boljak maslahatda Moskwanyň öňe süren islendik "dezinformasiýasyna" garşy berk gaýtawul bermäge taýýardygyny aýtdy. 


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Linda Tomas-Grinfild 29-njy ýanwarda ABC teleýaýlymyna ABŞ-nyň we beýlekileriň sesleriniň ruslary özlerini düşündirmäge çagyrmakda bir hörpden gopjakdygyny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса