Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 03.03.2021

Aşgabat häkimiýetleri içerki migrantlary paýtagtdan çykarýar

Azathabar.com 

Şu günler paýtagt Aşgabatda hem-de Ahal welaýatynda häkimiýetler başga welaýatlardan baran içerki migrantlary ýörite awtobuslarda öz ýaşaýan sebitlerine ugradýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji martda habar berdi.

Türkmenistanyň demirgazygynda ýangyn zerarly ýedi çaga heläk boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň demirgazygynda ýangyn zerarly ýedi çaga heläk boldy. Fewral aýynyň ahyrynda Daşoguz welaýatynda ýüze çykan bu betbagtçylyk barada oppozisiýanyň "Halkyň Sesi" atly YouTube kanaly, şeýle hem Türkmenistanyň "Dashoguz.live" atly regional onlaýn portaly we ýarym resmi "Gundogar.news" neşiri tarapyndan habar berildi.

Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”; Türkmenistan "erbetleriň erbedi"

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Freedom House, ýagny Azat Öý guramasy 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy, ykdysady nämälimlik we konfliktler dünýä boýunça azatlygyň pese gaçmagyna sebäp bolandygyny aýdýar. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän guramanyň 3-nji martda çap bolan ýyllyk hasabatynda dünýäde soňky 15 ýylyň dowamynda “azat däl” diýlip häsiýetlendirilen döwletleriň sanynyň rekord derejä, 54-e ýetendigi bellenilýär. Freedom House öz hasabatlarynda Türkmenistany ýyldan-ýyla “azat däl” döwletleriň hatarynda... Читать дальше...

Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Freedom House, ýagny Azat Öý guramasy 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy, ykdysady nämälimlik we konfliktler dünýä boýunça azatlygyň pese gaçmagyna sebäp bolandygyny aýdýar. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän guramanyň 3-nji martda çap bolan ýyllyk hasabatynda dünýäde soňky 15 ýylyň dowamynda “azat däl” diýlip häsiýetlendirilen döwletleriň sanynyň rekord derejä, 54-e ýetendigi bellenilýär. Freedom House öz hasabatlarynda Türkmenistany ýyldan-ýyla “azat däl” döwletleriň hatarynda... Читать дальше...

Çeşme: Özbek prezidentiniň körekeni ýol heläkçiliginde agyr ýaralandy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň körekeni ulag heläkçiligine uçrap, agyr ýaralandy, şeýle-de bejergi üçin Günorta Koreýa ugradyldy diýip, özbek hökümetine we prezidentiň maşgalasyna ýakyn çeşmeler maglumat berýärler. Çeşmeler Mirziýoýewiň gyzy Şahnozanyň adamsy Otabek Umarowyň 13-nji fewralda Daşkentde ulag heläkçiligine uçranyndan soňra, kellesine we aýagyna ýeten zeperiň netijesinde, häzir hem ysmaz ýagdaýda bolmagyna galýandygyny aýdýarlar. Çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä... Читать дальше...

Kabul uniwersitetiniň professory öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanda Kabul uniwersitetiniň professory we dini ylymlar boýunça alym paýtagtda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi. Mundan bir gün öň, uruşdan ejir çekýän ýurduň gündogarynda bir telewideniýe kanalynyň üç aýal işgäri hem atylyp öldürilipdi. Kabulyň polisiýa metbugat wekiliniň maglumatyna görä, uniwersitetiň professory Faiz Mohammad Faýese çarşenbe güni ertir namazyny okamak üçin metjide barýan pursady hüjüm edilipdir. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç bir topar öz üstüne almady. Читать дальше...

Russiýa Günbataryň sanskiýalaryndan soň, “ot bilen oýnamazlygy” duýdurdy

Azathabar.com 

Moskwa ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi we türme tussaglygyna höküm edilmegi bilen baglylykda ýokary derejeli rus resmilerine garşy girizen sanskiýalaryna jogap edip, Günbatara “ot bilen oýun etmezlik” barada duýdurdy. 2-nji martda Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa beýanat ýaýradyp, sanskiýalary “Russiýa garşy duşmançylykly hereket” diýip atlandyrdy. “Haçanda sanksiýalary girizmek üçin [Alekseý] Nawalnynyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко проиграла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Ульяновская ёлка прижилась в московском парке

Минтруда помогло кыргызстанцу в Москве получить 715 тысяч рублей

Минобороны РФ показало кадры ночной поисков-спасательной работы вертолетов Ми-8

«К сожалению»: смогут ли клиенты криптобиржи Beribit вернуть свои деньги