Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 19.03.2021

Häkimiýetler TW üçin 'ýasama' Nowruz çäresini gurnap, baýramçylyga taýýarlanýar

Azathabar.com 

21-22 – nji mart günleri Türkmenistan Milli bahar baýramyny belleýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda häkimiýetler baýram güni telewideniýede görkezmek üçin öňünden köpçülik çärelerini gurnaýarlar. Şeýle çärelere býujet işgärleri we mekdep okuwçylary mejbury gatnaşýarlar. Köpçülik çärelerinde sosial aralygy saklamak we maska geýmek ýaly kesel ýaýramagynyň öňüni almaga niýetlenen düzgünler berjaý edilmeýär.

COVID-19: Daşarda galan raýatlaryň ýene bir tapgyry getirildi, öňüni alyş çäreleri berjaý edilmezden ‘ýasama’ reportažlar düşürilýär

Azathabar.com 

Türkmenistana daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň nobatdaky tapgyry getirilip, olar ýurduň Türkmenabatdaky esasy karantin zolagyna ýerleşdirildi. Aşgabatda ýaşy 60-dan geçen raýatlara, ýurduň özünde resmi taýdan hasaba alynmadyk, hytaý waksinasy sanjym ediýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň sosial aralygy saklamak we ýüz maskalaryny dakynmak baradaky duýduryşyna garamazdan, Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda, bu talaplar berjaý edilmezden, türkmen tw-si üçin baýramçylyk reportažlary düşürilýär. Читать дальше...

prezident harby hojalyklara aýlandy

Azathabar.com 

G.Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň goşunda düýpli özgertmeleri geçirmek wadasyny berdi, harby gullukçylar üçin täze jaýlar salyndy, esgerleriň egin-eşik, aýakgap, azyk üpjünçiligi gowulandyryldy, emma bu başlangyçlar ýurtdaky korrupsiýanyň we ykdysady çökgünligiň gurbany boldy.

Dünýä ýurtlarynyň bagt sanawynda Türkmenistan bu ýyl yza süýşdi

Azathabar.com 

Bu ýyl dünýädäki bagt reýtinginde, Türkmenistan 97-nji setirde ýerleşip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende yza geçdi. 2020-nji ýylyň mart aýynda neşir edilen geçen ýylky hasabatda Türkmenistan 95-nji setirdedi. Dünýädäki 149 ýurtda bagt derejesine baha berýän täze hasabat, 20-nji martda bellenilýän Halkara bagt gününiň öňüsyrasynda çap edildi. 2021-nji ýyldaky global bagt reýtinginde COVID-19-yň täsirine we dünýädäki adamlaryň ýagdaýyna üns gönükdirilýär. Biziň maksadymyz, COVID-19-yň adamlaryň... Читать дальше...

Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýrany Nowruzda tussag žurnalistleri boşatmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Eýranlylar Nowruz baýramyny bellemäge taýynlanýarka, “Serhetsiz reportýorlar (RSF) guramasy Eýranyň hökümetini ýurtda tussag edilen 21 žurnalisti we raýat-habarçylaryny amnistiýa etmäge çagyrýar. "Eden ýeke-täk jenaýaty faktlary habar bermek borjuny ýerine ýetirmekden ybarat bolan 21 sany erkek adam we zenan maşgala 21-nji martda pars täze ýyl baýramyny  öz maşgalalary bilen öýlerinde däl-de, Eýranda gözenegiň aňyrsynda geçirmäge taýynlanýar" diýip düýbi Parižde ýerleşýän žurnalistleri goraýjy gurama ýazýar. Читать дальше...

Azatlygyň 'esger açlygy' habaryndan soň prezident harby hojalyklara aýlandy

Azathabar.com 

G.Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň goşunda düýpli özgertmeleri geçirmek wadasyny berdi, harby gullukçylar üçin täze jaýlar salyndy, esgerleriň egin-eşik, aýakgap, azyk üpjünçiligi gowulandyryldy, emma bu başlangyçlar ýurtdaky korrupsiýanyň we ykdysady çökgünligiň gurbany boldy.

ABŞ, Hytaý diplomatlary Baýdeniň administrasiýasynyň ilkinji ýüzbe-ýüz ýygnagynda jedelleşdiler

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we Hytaýyň diplomatlary 18-nji martda prezident Jo Baýden işe başlaly bäri geçirlen ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerinde jedelleşdiler. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Hytaýyň özüni alyp barşyny üýtgetmegine we Trampyň administrasiýasy döwründe bozulan gatnaşyklary çalt dikeltmek mümkinçiligine baglan umydyny puja çykardy. Şeýle ýygnaklarda resmileriň adatça žurnalistleriň öňünde birnäçe minut dowam edýän çykyşy bir sagatdan gowrak dowam etdi, köpçüligiň öňünde bilelikde seýrek çykyş edýän iki delegasiýanyň resmileri birek-biregiň syýasatyny ýazgardy.

Azerbaýjan gynamalary we ermeni güýçlerine garşy beýleki jenaýatçylyklaryderňemäge çagyrylýar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW) guramasy Azerbaýjany geçen güýzde separatist Daglyk-Garabag sebitinde alnyp barylan söweşlerde ermeni uruş ýesirlerine (POW) garşy görkezilen ýowuzlyklar bilen bagly ähli aýyplamalary derňemäge we günäkärleri jogapkärçilige çekmäge çagyrýar. Nýu-Yorkorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama 19-njy martda eden beýanatynda “Azerbaýjan güýçleri tussag edilen ermeni uruş ýesirlerini bir ýerden başga ýere alyp baran ýa-da tussag astynda saklan... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






«Не уважаешь — возвращаешся на родину!»: Госдума включила режим высылки для мигрантов и определила перечень нарушений

День открытых дверей провели в МОНИКИ

Собянин назвал станции метро, территории рядом с которыми будут благоустроены

Предстоятель Русской Церкви совершил Литургию в Храме Христа Спасителя и возглавил хиротонию архимандрита Серафима (Пасанаева) во епископа Минусинского и Курагинского