Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 26.03.2021

Gara bazarda dollaryň alyş-çalyş bahasy 33 manatdan geçdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasy durnuksyzlygyny saklaýar. Türkmenabatda bir dollar 33,20 manatdan satyn alynýar, 33,50 manatdan satylýar. Paýtagt Aşgabatda dollaryň alyş-çalyş bahasy 33 manatdan geçdi.

Türkmenistanyň öňki wise-premýeri we nebit-gaz ministri Nazar Söýünow aradan çykdy

Azathabar.com 

25-nji martda, 85 ýaşynda Türkmen hökümetiniň başlygynyň öňki orunbasary Nazar Söýünow aradan çykdy. Nazar Toýlyýewiç Söýünow 1990-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Prezident Geňeşiniň agzasy, ýangyç, ykdysady toplum we senagat komitetiniň başlygy, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, nebit we gaz ministri boldy. 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda işinden boşadyldy.   1995-nji ýyldan bäri Söýünow Orsýetde ýaşady. 1997-nji ýyldan bäri türkmen häkimiýetlerini açyk tankyt edip çykyş etdi. Читать дальше...

Uýgur aktiwistleri Hytaýyň daşary işler ministriniň Türkiýä saparyna protest bildirýär

Azathabar.com 

Ýüzlerçe etniki uýgur Ankarada we Stambulda Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýiniň saparyny ýazgarmak we Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan sebitinde adam hukuklarynyň bozulmagyna garşy türk hökümetinden has berk pozisiýany talap etmek üçin ýöriş gurady. 25-nji martda 1000 töweregi uýgur Stambulyň Beýazit meýdanyna ýygnandy we "Diktator Hytaý" hem "Uýgur genosidini bes et, lagerleri ýap" ýaly şygarlary öňe sürdi. Käbir demonstrantlar Hytaýdaky tussag lagerlerinde saklanýar diýlip hasaplanýan... Читать дальше...

ÝB 'AstraZeneca' waksinasynyň paýlanyşy barada duýduryş berýär

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary agza döwletleriň arasynda COVID-19 sanjymlaryny paýlamak baradaky düşünişmezligi çözüp bilmediler we munuň koronawirusa garşy käbir waksinanyň eksportynyň gadagan edilmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdylar. 25-nji martda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen kompaniýalaryň ÝB-ni waksina bilen üpjün etmek boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirýänçä, COVID-19 waksinalarynyň Britaniýa we beýleki ýurtlara eksport edilmegine ýol bermejekdigini duýdurdy. Читать дальше...

Blinken, ABŞ-nyň ÝB bilen berk hyzmatdaşlygyny tassyklandygyny aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken ýaranlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýdyp, 25-nji martda Brýussele eden üç günlük saparyny tamamlady. Ol Brýussele barmagynyň "aýratyn bir maksady göz öňünde tutup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hyzmatdaşlygy dikeltmek kararyny açyk görkezmäge" gönükdirilendigini aýtdy. Biden häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň taryhdaky islendik döwürden has zerurdygyny we kynçylyklary ýeňip geçmek üçin NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň möhüm boljakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Baýden Hytaýyň öňdebaryjy global güýç bolmagyna ýol bermejegini aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hytaýyň dünýäniň iň güýçli döwleti bolmagynyň öňüni aljakdygyny aýtdy we Hytaýyň söwda meselelerinde halkara düzgünlerine görä hereket etmegi üçin basyşy dowam etdirjekdigini aýtdy. 25-nji martda geçirilen ilkinji metbugat ýygnagynda Baýden Hytaýyň maksadynyň dünýäde öňdebaryjy ýurt bolmakdygyny belledi we "meniň pikirimçe bu amala aşmaz, sebäbi Amerikanyň Birleşen Ştatlary ösmegini dowam etdirer" diýdi. Şeýle hem, Baýden Hytaýyň prezidenti Si Szinpini Orsýetiň prezidenti... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте






Путин призвал обеспечить равные возможности россиянам из разных регионов

2 тыс родителей выпускников с ОВЗ посетили собрание по инклюзивному образованию

В Клину состоится праздничная программа в честь дня рождения Чайковского

Медведев: РФ может изъять собственность США в ответ на конфискацию активов