Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 05.03.2021

Türkmen desantçylary Garaşsyzlyk baýramyndan öň hindi goşunyndan tälim alýar

Azathabar.com 

Hindi goşunynyň ýörite güýçleriniň topary bilelikdäki okuw türgenleşikleriniň çäginde awgust aýynda Aşgabat şäherine baryp görer. Şeýle-de soň olaryň 27-nji sentýabrda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna bagyşlanyp geçiriljek howa uçuş tomaşalaryna gatnaşjakdygy bellenýär.

Öý hojalykçy aýallar prezidentiň 8-nji mart sowgadyndan mahrum galýar

Azathabar.com 

1 – 6-njy mart aralygynda Türkmenistanda “Halkara zenanlar güni” mynasybetli aýal-gyzlara prezidentiň adyndan 60 manat (resmi alyş-çalyş boýunça $17, gara bazarda $2) möçberinde pul sowgatlary gowşurylýar. Öý hojalykçy aýallaryň prezidentiň sowgadyndan nesibesi ýok, sebäbi döwlet baştutanynyň sowgady diňe “pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, ýokary okuw jaýlarynyň gelin-gyzlaryna,... Читать дальше...

Aýlyk “paýogyň” möçberi azaldyldy, täze çäklendirmeler girizildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet dükanlaryndan her aý goýberilýän subsidirlenen, ilat arasynda “paýok” diýlip hem atlandyrylýan azyklaryň möçberiniň, görnüşleriniň azaldylmagy bilen bir wagtda, bu iýmit önümlerini satyn almak boýunça täze çäklendiriji düzgünler hem girizildi. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we azyk gytçylygynyň arasynda, Lebapda adamlar möhleti geçen unaş önümlerini, ownuk tüwini, mekgejöweni üwäp, çörek bişirip başladylar.

Türkmen polisiýasy lukmanlaryň telefonlaryny barlaýar, ýörite gulluklar Azatlygyň diňleýjilerini gözleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri informasiýa gözegçiligini, şeýle-de ilatyň maglumat elýeterliligini we habar alyşmak mümkinçiligini çäklendirmek çärelerini güýçlendirdiler. Lebap welaýatynda polisiýa we howpsuzlyk işgärleri ýerli saglyk öýlerinde we hassahanalarda medisina işgärleriniň jübi telefonlaryny barlaýarlar. Maryda howpsuzlyk gulluklary internete girmek üçin VPN ulanan we Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girýän ýaşlary yzarlaýarlar.

Marynyň kafeleri bölekleýin gowşadylýan karantin çäklendirmelerinden soň, öz işlerini dikeltmäge synanyşýar

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen käbir karantin çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan, bölekleýin ýatyrylýan mahaly, Marynyň kafeleri we barlary müşderi selçeňliginiň arasynda öz işlerini gaýtadan dikeltmäge synanyşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär. “Mary welaýatynda kafeler we barlar açyldy, işläp başlady. Ol kafe-barlarda hem söwda ýok” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu iş ýerleri ýaňy bir gapylaryny açyp, öz hyzmatlaryny täzeden dikeltmäge synanyşsa-da... Читать дальше...

Türkmenistanyň ykdysady çökgünligi – Arkadag ýurdy heläkçilikden çykarmak isleýärmi

Azathabar.com 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda azyk önümleri üçin uly nobatlaryň döremegi, bankomatlaryň öňünde adamlaryň jemlenmegi, iş ýerleriniň köpçülikleýin azaldylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi. Bilermenleriň aýtmagyna görä, sada türkmen halky garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň agyr döwüri – ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär, görnüşinden bu geljekde-de agyrlaşjaga meňzeýär. Döwlet propaganda serişdelerinde ajaýyp üstünlikler baradaky tassyklamalara garamazdan, hatda türkmen prezidentiniň özi hem «berkarar... Читать дальше...

Berdimuhamedow ogly Serdara we beýlekilere ‘Watan goragçysy’ adyny dakdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji martda ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karara gol çekdi. Hormatly at dakylanlaryň sanawynda ilkinji orunda wise-premýer, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Amanowyň ady, ikinji orunda bolsa täzelikde birden üç wezipä bellenen, wise-premýer, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, polkownik Serdar Berdimuhamedowyň ady gelýär. Читать дальше...

Türkiýäniň baş diplomaty Merkezi Aziýa alty günlük saparyna başlaýar

Azathabar.com 

Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň 4-nji martda ýaýradan maglumatyna görä, Türkiýäniň DIM-ri Mewlut Çawuşoglu Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary, DIM-ri Reşit Meredowyň, Özbegistanyň DIM-ri Awdulaziz Kamilowyň we Gyrgyzystanyň DIM-ri Ruslan Kazakbaýewiň çakylygy bilen, 5-nji we 10-njy mart aralygynda Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyzystana sapar edýär. Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Mewlut Çawuşoglu anna güni başlanýan saparlarynyň dowamynda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Обязательная программа для дачника: что нужно успеть на огороде в майские праздники

Более 1,6 тысячи жителей Пушкинского написали «Диктант Победы»

Брат Дхумохона Курбонова также задержан по делу о теракте в "Крокусе"

Омбудсмен напомнила родителям о правилах детской безопасности на отдыхе