Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 06.03.2021

Aşgabatda Türkmenistan-Türkiýe hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

Türkiýäniň baş diplomaty Mewlüt Çawuşoglu 6-njy martda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär. Şeýle-de, türk diplomatynyň öz türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen türkmen-türk gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy... Читать дальше...

Rim papasy Yrakda uly şaýy ruhanylary bilen taryhy gepleşik geçirýär

Azathabar.com 

Rim papasy Fransis, Rim Katolik lideriniň Yraga ilkinji saparyndaky taryhy duşuşykda şaýy yslam dininiň iň uly ruhanylarynyň biri bilen görüşdi. Fransisiň parahatçylykly ýaşaşmak habaryny ýaýratmak we Yragyň gabaw astyndaky hristian azlyklaryny goldamak tagallalary netijesinde, 6-njy martda aýatolla Ali al-Sistani bilen bolan duşuşygy mukaddes Nejaf şäherinde geçirildi. Bu sapar Yrak telewideniýesinde göni ýaýlymda alnyp görkezildi we ýaşaýjylar iki dini lideriň duşuşygyna begençli tomaşa etdiler. Читать дальше...

Belarus esasy adam hukuklary toparyna garşy jenaýat işini açdy

Azathabar.com 

Belarus häkimiýetleri ýurduň iň görnükli adam hukuklary guramalarynyň birine garşy jenaýat derňewini açdy we, awtoritar lider Aleksandr Lukaşenka garşy başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmagyň çäginde, onuň  birnäçe agzasyny tussag etdi. “Wýasna” adam hukuklary merkezi 5-nji martda Derňew komitetiniň guramany rugsatsyz köpçülikleýin protestlere maliýe we beýleki maddy goldaw bermek diýilýände, jemgyýetçilik tertibini bozmakda aýyplandygyny aýtdy. Netijede, bu topar bilen bagly dört aktiwist tussag edildi. Читать дальше...

Mariýa Kalesnikowa "Iň batyr aýallar" baýragyna mynasyp boldy

Azathabar.com 

Belarus oppozisiýasynyň utgaşdyryjy geňeşiniň prezidiumynyň agzasy Mariýa Kalesnikowa 2021-nji ýylda "Dünýäniň iň batyrgaý aýallary" baýragyna mynasyp boldy.  Bu baýrak ABŞ-nyň Döwlet sekretary tarapyndan 15 ýyl bäri berilýär. Bu baýrak 8-nji martda, döwlet sekretary Entoni Blinkeniň geçirjek wirtual dabarasynda gowşurular. Şeýle-de, dabarada ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýdeniň ýörite çykyş etjegi habar berilýär. “2020-nji ýylyň 9-njy awgustynda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda... Читать дальше...

Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana, Hytaýa we Täjigistana sapar etmegi planlaşdyrýar diýip, “Türkmenportal” resmi maglumata salgylanyp habar berýär. Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýew bu barada “Sputnik” neşrine aýdypdyr. Sadyr Žaparow gyrgyz prezidenti hökmünde mundan öň Gazagystana we Russiýa sapar etdi. Şeýle-de, gyrgyz lideriniň 11-12-nji martda Özbegistana sapar etmegine garaşylýar. S.Žaparow Gyrgyzystanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda ýeňiji bolup... Читать дальше...

Türkiýedäki dikuçar heläkçiliginde azyndan 11 harby öldi

Azathabar.com 

Türk metbugatynyň dördünji gün beren habaryna görä, Gündogar Türkiýäniň Bitlis sebitinde bolan dikuçar heläkçiliginde 11 türk esgeri ölüp, üç adam ýaralandy. Ölenleriň arasynda general Osman Erbaş hem bar. Ol gury ýer goşunlarynyň 8-nji goşun bölümine serkerdelik edýärdi. Deslapky maglumatlara görä, heläkçiligiň sebäbi howanyň erbetligi ýa-da dikuçaryň tehniki näsazlygy bilen baglanyşykly bolup biler. NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg harbylaryň ölümi bilen baglanyşykly Türkiýä gynanç bildirdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Виктория Азаренко

Азаренко не смогла пробиться в 1/8 финала турнира в Мадриде, уступив Соррибес-Тормо






Блогер Тамаев попал в аварию в Москве

Как справлять Вербное воскресенье?

РИА «Новости»: брата арестованного Курбонова ранее привлекали за хулиганство

Володин: Финляндия наказала своих граждан закрытием КПП на границе с Россией