Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 04.03.2021

Gyrgyzystanda Ýokary kazyýetiň başlygynyň jogapkärçilige çekilmegine rugsat berildi

Azathabar.com 

Kazylar geňeşiniň garamagyndaky düzgün-nyzam topary, Baş prokuraturanyň teklibi bilen, Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Gülbara Kaliýewany jenaýat jogapkärçiligine çekmäge rugsat berdi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berdi. Kaliýewa "Ýerli kazyýet" awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny işläp düzmek we durmuşa ornaşdyrmak işi bilen baglylykda korrupsiýada (Jenaýat kodeksiniň 319-njy maddasy) aýyplanýar. Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti geçen ýylyň dekabrynda derňewiň... Читать дальше...

Gadagan edilen syýasy toparlar bilen gatnaşygy üçin ýene iki gazak tussag edildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň günortasyndaky kazyýet iki oppozisiýa toparyny goldaýan adamlara garşy görülýän çäreleriň çäginde gadagan edilen Koşe (Köçe) partiýasy we Gazagystanyň Demokratik Saýlawy (DVK) hereketi bilen gatnaşygy sebäpli iki aýala şertli tussaglyk hökümini çykardy. Taraz şäher kazyýeti  4-nji martda, gadagan edilen toparlaryň işjeňliklerini guramakda we olara gatnaşmakda günäkär tapylandan soň, Nazira Lesowany we Nazira Lepesowany iki ýyl "azatlykdan çäklendirdi". Lepesowa 100 sagat jemgyýetçilik işine-de höküm edildi. Читать дальше...

Özbegistanda döwlet mätäç maşgalalara jaý satyn almak üçin 10% subsidiýa berer

Azathabar.com 

Özbegistanda şu ýyl şäherlerde ipoteka esasynda, karzyna jaý satyn alýanlar üçin başlangyç töleg 20% -den 15% -e çenli azalýar. Mundan başga, ipoteka karzlary üçin 6 aýlyk ýeňillik möhleti giriziler. Prezident Şawkat Mirziýoýow 3-nji martda ýaşaýyş jaýynyň we ipoteka bazarynyň ösüşine bagyşlanan wideo konferensiýada çykyş etdi. “Ýaşaýyş jaý ýagdaýynyň gowulaşdyrylmagyna mätäç bolan pes girdejili maşgalalar başlangyç 15% karz töleginiň 10 göterimi möçberinde subsidiýa alar. Başgaça aýdylanda,... Читать дальше...

Maryda howanyň üýtgemegi netijesinde ýeralmany sowuk urdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda howanyň birde maýlap, birde sowamagy ekerançylyga ýaramaz täsir ýetirdi, daýhanlary hem uly zyýana goýdy. Azatlygyň ýurduň dürli künjeklerindäki, hususanda Lebap we Mary welaýatlaryndaky habarçylary fewralyň başlarynda howanyň ýylylygynyň ilki +18 gradusa çenli maýlap, soňra-da birden sowuk howanyň aralaşyp, howanyň temperaturasynyň -10 gradusdan hem pese gaçmagy netijesinde eken hasyly isrip bolan daýhanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldular.

Çöliýewi Moskwadan Türkiýä ugratjak bolýarlar, maşgalasyna basyş edýärler

Azathabar.com 

Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew heniz hem Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunyň tranzit bölüminde galýandygyny, peneşenbe güni ony azyndan iki gezek Türkiýä ugratmakçy bolandyklaryny aýtdy. Aeroportuň özünden Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, ol türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň maşgala agzalaryna edýän basyşlaryny güýçlendirendiklerini hem belledi.

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizen çäklendirmelerini gowşadýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda kafeler, barlar, restoranlar, söwda merkezleri we toý zallary açylýar. Koronawirus keseliniň ýekeje-de ýagdaýyny hasaba almadyk ýurt geçen ýyl girizilen çäklendirmeleri ýatyryp başlady. Bu aralykda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän häkimiýetler ilata waksina edýärler, munuň çäginde koronawirus bilen keselländigini görkezýän antitela, ýagny organizmiň kabul etmeýänini anyklmak üçin gan barlagyny geçirýärler.

Çöliýewi Moskwadan Türkiýä ugratjak bolýarlar, maşgalasyna basyş edýärler (WIDEO)

Azathabar.com 

Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew heniz hem Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunyň tranzit bölüminde galýandygyny, peneşenbe güni ony azyndan iki gezek Türkiýä ugratmakçy bolandyklaryny aýtdy. Aeroportuň özünden Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, ol türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň maşgala agzalaryna edýän basyşlaryny güýçlendirendiklerini hem belledi. “Men şu wagt Moskwanyň ‘Şeremetýewo’ aeroportunyň ‘D’ blogunda, samolýoda mündirilýän ýerde otyryn. Meni äkitjek bolup ýarym sagadyň... Читать дальше...

Media işgärleriniň öldürilmeginden soňra, gündogar Owganystanda lukman aýal öldürildi

Azathabar.com 

Owgan resmileri gündogar Jalalabad şäherinde bomba partlamagy netijesinde bir lukman aýalyň ölendigini aýdýar. Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat sekretaryna görä, lukman münüp barýan rikşasyna magnit bomba ýabşyrylandan soňra öldürildi, başga-da bir çaga ýaralandy. Metbugat sekretar lukmanyň bir hususy hassahananyň çaga dogrulýan bölüminde işleýändigini aýtdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim bada-bat öz üstüne almady. Iki gün ozal “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň jogapkärçiligi öz üstüne alan Jalalabad hüjüminde... Читать дальше...

Moskwa “daşary ýurt agenti” kanunyna laýyklykda AÝ/AR-a salnan jerimeleri tassyklandan soňra, ABŞ “çuňňur alada” beýan etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamenti “rus hökümetiniň söz azatlygyny çäklendirmek” tagallalaryna “çuňňur alada” beýan etdi. Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 3-nji martda Moskwa kazyýeti ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň jedelli “daşary ýurt agenti” kanunyna laýyklykda kompaniýa salnan jerimeler boýunça appelýasiýasyny ret eden güni beýanat berdi. “Bizi bu gün Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň repressiw daşary ýurt agentlerini bellige... Читать дальше...

Birmadaky harby agdarylyşygyň “iň ganly gününde” azyndan 38 adam öldürildi

Azathabar.com 

Birmada täze dikilen harby häkimiýete garşy geçirilýän protestler zorluk bilen basylyp ýatyrylanda azyndan 38 adam öldürildi. BMG-niň Birma boýunça wekili Şraner Burgener (Schraner Burgener) 3-nji marty harby agdarylyşygyň “iň ganly güni” häsiýetlendirdi we geçen aýyň dowamynda 50-den gowrak adamyň öldürilendigini sözüne goşdy. Başga-da, köp adam ýaralandy. Şaýatlar we wideolar birnäçe şäherde polisiýanyň protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we ot ulanandygyny görkezýär. ... Читать дальше...

Ermenistanda müňlerçe adam Paşinýanyň işden çekilmegini talap edip, ýöriş geçirdi

Azathabar.com 

Ermenistanda müňlerçe oppozisiýa tarapdary premýer-ministr Nikol Paşinýanyň wezipeden çekilmegini talap etmek üçin paýtagt Ýerewanda ýöriş geçirdi. 10 müňden gowrak demonstrant 3-nji martda parlament binasynyň içine we üçegine mergen ýerleşdirmek ýaly berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda binanyň öňünde ýygnanyşdy. Ondan ozal, Paşinýan maslahata gatnaşmak üçin parlamente geldi.    Bu ýöriş prezidentiň ýaragly güýçleriň başlygyny işden boşatmak baradaky buýruga gol çekmekden ýüz öwürmeginiň yz... Читать дальше...

Belarusda proteste çykanlary "bellemek": gara ýa-da ak reňk

Azathabar.com 

Geçen tomsuň ahyryndan bäri, Belarusyň howpsuzlyk güýçleri tussag edilen demonstrantlary “bellemek” usulyny ýöredýärler: saklananlaryň eşiklerine we hatda olaryň tenine dürli reňkli boýag bellikleri çalýarlar. Soňra protest mahalynda saklananlary ol reňk arkaly tussaghanada saklamak, kanun bozujylaryň merkezi izolýasiýasynda salmak ýa-da polisiýa bölümine ugratmak üçin, toparlara bölmekde peýdalanýarlar. Içeri işler ministrliginde (IIM) protestçileriň maglumatlary girizilýän baza döredilenden soň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей






Путешествуем с детьми

Вкладчикам криптобиржи Beribit начали возвращать деньги с их замороженных счетов

Почти 300 жителей Королева обратились с вопросами на «Выездной Администрации»

Продюсер Пригожин заявил, что россияне любят певца Меладзе из-за вечных песен