Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 11.03.2021

Döwlet dükanlaryndaky azygyň ilata elýeterliligi barha gowşaýar

Azathabar.com 

Türkmenistandaky döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýagdaý ýaramazlaşýar. Subsidirlenen önümleriň görnüşleriniň azaldylmagy bilen bir wagtda hökümet bahalary hem ýokarlanýar. Ýurduň bazarlarynda hem azyk önümleriniň bahasy gitdigiçe artýar.

Lebapda prokuraturanyň derňewinden soň, baş lukman özüni heläklemäge synanyşdy

Azathabar.com 

Türkmenabatda Lebap welaýatynyň Köpugurly hassahanasynyň baş lukmany öz janyna kast etmek synanyşygyndan soňra, häzir keselhanada agyr ýagdaýda bolmagynda galýar. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlardan habarly çeşmesi, mundan öň keselhanada prokuraturanyň barlag geçirendigini we baş lukmanyň ilteşiginiň hem bolmagynyň mümkindigi aýdylýan jenaýatlary ýüze çykarandygyny aýdýar. Bu aralykda, ýerli resmiler hadysa baradaky habaryň ýaýramagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Lebaply lukmanlara hytaý waksinasy edilýär, daşoguzly mugallymlar waksina almaga taýýarlanýar

Azathabar.com 

Paýtagtdan soň Türkmenistanyň welaýatlarynda koronawirusa garşy waksina edilip başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň gündogaryndaky sebit keselhanalarynda lukmançylyk işgärlerine waksina edilip başlandygyny habar berýärler. Garaşsyz habar serişdeleri Daşoguzda mugallymlaryň koronawirusa garşy waksina almaga taýýarlanýandygyny aýdýarlar.

Ysraýylyň premýer-ministri Netanýahu ilkinji gezek Birleşen Emirliklere sapar eder

Azathabar.com 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu  11-nji martda Birleşen Arap Emirliklerine taryhy sapar amala aşyrar. Bu sapar Ysraýylda geçiriljek saýlawlaryň öň ýany, aýlag ýurdy bilen arada täze ýola goýlan gatnaşyklara üns çeker.   Ysraýyl mediasyna görä, Netanýahunyň Abu Dabiniň aeroportunda täç geýen şazada Şeýh Mohammed bin Zaýed al-Nahaýan bilen duşuşmagyna garaşylýar we ol şol günüň özünde yzyna dolanar. Ysraýyl hökümeti has ozal meýilleşdirilen, ýöne koronawirus sebäpli wagty yza süýşürilen bu sapary tassyklamady. Читать дальше...

'Wahhabist üýşdümi?' diýip, adamlary metjitden kowdular

Azathabar.com 

Polisiýa awtoulagdaky "ses gataldyjy" guralyny ulanyp, "Adamlar, siziň öýli-öýüňize gitmegiňizi talap edýärler" diýip, 4-5 gezek gygyrdy, emma adamlar gitmän, metjidiň daşynda oturan ýerlerinden doga-dileg etmeklerini dowam etdirdiler.

Rus kanun çykaryjylary “tötänleýin” korrupsiýa rugsat berýän kanun taslamasynyň deslapky diňlenişigini tassyklady

Azathabar.com 

Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet Dumasy “tötänleýin” korrupsiýa rugsat berýän kanun taslamasyny deslapky diňlenişikde makullady. Kanun taslamasyna görä, resmiler, kazylar, prokurorlar, harbylar we beýleki adamlar korrupsiýa hadysalaryna ýol açan şertlere gözegçilik edip bilmedik halatynda ýüze çykan korrupsiýa hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýärler. Kanun taslamasyna görä, şeýle halatlar tebigy heläkçilikleri, şol sanda ýertitremeleri, suw joşgunlaryny, harasatlary, ýangyn hadysalaryny... Читать дальше...

BSG-niň koronawirusy pandemiýa yglan etmegine bir ýyl doldy

Azathabar.com 

Dünýä koronawirusyň ilkinji hadysalarynyň Hytaýda anyklanmagyndan habarly bolandan tas üç aý soň, geçen ýyl 11-nji martda Bütindünýä Saglyk Guramasy dünýäniň çar künjüne çalt ýaýraýan täze koronawirusy “pandemiýa” yglan etdi. Bu bildiriş dünýäni tolgundyrdy, ykdysadyýetleri togtadyp, miliardlarça adam üçin durmuşy başaşak etdi. “Öňümizdäki günlerde we hepdelerde, biz hadysalaryň, ölüm sanlarynyň we täsirlenen ýurtlaryň sanynyň has ýokarlanmagyna garaşýarys” diýip, BSG-niň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus şonda çykyş edipdi. Читать дальше...

Berdimuhamedow agyr atletikada dünýä çempiony bolan türkmenistanly gyz pälwana “Lexus” sowgat etdi

Azathabar.com 

2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmenistanly gyz pälwan Ýulduz Jumabaýewa  prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sylaglandy. Bu barada Turkmen.news neşiri türkmen mediasyna salgylanyp habar berýär. 10-njy martda Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Dabarada gyz pälwana halkara ýaryşda gazanan altyn medaly gowşuryldy. Şeýle-de, prezident türgeni “Watana... Читать дальше...

Duşenbe aeroportunda uly möçberde nagt pul hem guýma altyn ele salyndy. Owgan syýasatçysynyň munuň bilen näme baglanyşygy bar?

Azathabar.com 

Owganystanyň Milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary geçen fewral aýynyň ahyrynda, dynç günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine gelende, muny adaty resmi sapar diýip hasapladylar. Ýöne owgan telewideniýesi Mohammad Mirza Katawazaýyň dört aý ozal Duşenbe aeroportunda kontrabandaçylardan ele salnan millionlarça nagt pula we guýma altyna baglanyşygynyň bardygyny habar bermek bilen sensasiýa döretdi. «MEN TELEKEÇI DÄL, SYÝASATÇY» Owganystanyň ýokary derejeli syýasatçysy Täjigistanda 15 million... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






Меры безопасности усилят в Подмосковье в майские праздники

Видео: как в Нижем парке Петергофа запускали «Самсона»

«Пришло время жить на своей земле»

Шестой ежегодный «Диктант Победы» прошел в чеховской гимназии № 2