Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 07.03.2021

Aktiwistler Suleýman Tursunbaýewiň ölüminiň derňelmegine çagyrýarlar

Azathabar.com 

Türkmen aktiwistleri 6-njy martda Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäheriniň meşhur Taýms meýdançasynda protest çäresini geçirip, türkmen häkimiýetleriniň 14 ýaşly türgen Süleýman Tursunbaýewiň ölümine sebäp bolanlary jezalandyrmagyny talap etdiler. "Türkmenistanyň Hronikasy" bu maglumaty oppozisiýadaky syýasatçysy Halmyrat Söýünowyň Youtube kanalynda çap edilen wideo esasynda çap etdi. Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri ozal bu protest çäresini 19-njy fewralda, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde geçirmegi planlaşdyrdylar.

Rim papasy Yrakda bir zaman YD söweşijileriniň eýelän sebitlerine baryp gördi

Azathabar.com 

Rim papasy Fransis demirgazykdaky Mosul şäherinde ýerleşýän köp asyrlyk ybadathananyň ýanynda Yrak urşunyň pidalary üçin doga etdi. Bu ýerler bir zaman “Yslam döwleti” (YD) söweşijileriniň eline geçip, jihadçy topar üç ýyl ozal derbi-dagyn edilýänçä, dünýäniň iň gadymy hristian jemagatlarynyň biriniň weýran edilmegine şaýat boldy. Dindarlar 7-nji martda Nineweh welaýatyndaky Al-Tahera ybadathanasynyň howlusyna ýygnandylar. Bu ybadathana YD tarapyndan weýran edilen azyndan 14 ybadathananyň iň gadymylarynyň biri hasaplanýar. Читать дальше...

Türkmen aktiwisti R.Çöliýew meselesinde 39-njy düzgün ulanylmaýar

Azathabar.com 

Hukuk goraýjy Witaliý Ponomarýew türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew meselesinde 39-njy düzgüniň ulanyljakdygy baradaky şatlykly habaryň tassyk bolmandygyny habar berýär. “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetiniň özüne iberilen hatynyň tekstine salgylanyp, kazyýete içerki gorag serişdeleriniň gutarandygyny tassyklaýan resminamalaryň berilmändigini aýdýar we şu sebäpden bu şikaýata entek kazy tarapyndan garalmandygyny belleýär. Mundan öň “Memorialyň” türkmen aktiwisti... Читать дальше...

Türkmenistan Hytaýdan kowid sanjymlaryny alýar

Azathabar.com 

Türkmenistana Hytaýda öndürilen COVID-19 waksinalary getirildi. “China Observer” neşiriniň we beýleki neşirleriň twitterde ýazmagyna görä, hytaý waksinalary altynjy gün irden Türkmenabat şäherine, türkmen uçarynda getirildi. Türkmenabadyň uçar menzilinde ýüki hytaýly ilçi Kian Naýçeng we türkmen resmileri garşy aldy diýip, habarda bellenýär. Neşiriň çap eden wideosynda “Türkmnenistan” diýen ýazgyly uçardan düşürilýän ýükler görkezilýär. Emma başga jikme-jiklikler berilmeýär. Türkmen mediasy... Читать дальше...

Ýewropada COVID-19 ýokuşmalary gaýtadan ýokarlanyp başlady

Azathabar.com 

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) habaryna görä, koronawirus ýokuşmalary Ýewropada ýene-de köpelip, hasaba alnanlaryň alty hepdelik azalmagynyň soňlanmagyna getirýär. Geçen hepde Ýewropada 1 million täze ýokuşma hasaba alyndy, bu öňki hepde bilen deňeşdirilende 9 göterim köp adama kesel ýokuşandygyny görkezýär. Keselçiligiň köpelmegi täze wirus görnüşleriniň ýaýramagy we “jemgyýetiň ygtybarly we gözegçilik astyna alynman açylmagy” bilen baglanyşykly” diýip, BSG-niň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Klýuge aýtdy. Читать дальше...

Sowetler döwrüniň aýagynda rowaçlanan “aç-açanlyk” we onuň türkmen edebiýatyndaky öwüsgini

Azathabar.com 

1953-nji ýylda Staliniň ölümi bilen Sowet Soýuzynda zulmat tüni sähelçe-de bolsa egsilip, döwlet durmuşynda liberal tendensiýalar ýüze çykyp başlaýar. Demir ýumruk astynda şekillenen sowet döredijilik endiklerinde maýylganlyk läheň güýjüň gaýdymy bilen gaýzygyp başlaýar. 50-nji ýyllaryň ortalarynda Sowet giňişliginde maýylganlyk sähelçe-de bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan liberal garaýyşlary saýhallap başlaýar. Syýasat taryhynda “Hruşýowyň maýylganlygy” bilen ýatda galan döwür demir perdäniň aňyrsynda demigen sowet intelligensiýasyna umyt berýär. Читать дальше...

Hepdäniň jemi #10 (06.03.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Berdimuhamedow ‘ösüş’ sanlaryndan kanagatlanyp, öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy; Häkimiýetler ‘elitniý jaý’ habarlarynyň daşaryk syzmagyndan alada galýar; Ölenine 68 ýyl bolan Stalinden galan ‘gara gorky’ baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей






Прокуратура Москвы: тело мужчины нашли в лесопарке в Сокольниках

Памятную доску герою ВОВ Леониду Виноградову открыли в Мытищах

Груднички психоневрологического отделения МОЦОМД посетили плавательный бассейн

ЕС призвал Россию отменить решение по активам компаний Ariston и BSH Hausgeräte