Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 29.03.2021

Türkmenabatda Berdimuhamedowa garşy listowkalar peýda boldy, MHM olary çap eden adamlary gözleýär

Azathabar.com 

Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan listowkalar peýda bolandan soňra, türkmen howpsuzlyk güýçleri çap hyzmatlary bilen meşgullanýan telekeçileri we hünärmenleri sorag edýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, näbelli adamlar Türkmenabatda “Gök bazaryň” hem-de ençeme söwda nokatlarynyň girelgelerine prezident Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan plakatlary we listowkalary asyp çykypdyr. Bu hereket güýç edaralaryny... Читать дальше...

Halk Maslahatyna ilkinji saýlawlar geçdi; netijeler "ýakyn wagtda" yglan ediler

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýurduň iki palataly ulgama geçirilmeginden soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçdi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 28-nji martdaky saýlawlary "geçirildi" diýip yglan etdi. Türkmen mediasy bu göni däl saýlawlaryň “açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda" geçendigini öňe sürdi. Emma günbatar saýlaw synçylary Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny erkin we adalatly hasaplamandy.

Türkmenabadyň karantin zolagynda bir adam öldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň esasy karantin zolagynda, mundan bir hepde ozal daşary ýurtlardan getirilen türkmen raýatlarynyň biri, ozal bar bolan hassalygynyň ýitileşmegi sebäpli, aradan çykdy. Bu barada merhumyň ýakynlarynyň biri 28-nji martda maglumat berdi.

Çeh milliarderi Kellner ulag heläkçiliginde ýogaldy

Azathabar.com 

Çehiýanyň iň baý adamy we Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa bilen düýpli gatnaşyklary kökleri bolan maliýe toparynyň eýesi Petr Kellner ABŞ-nyň Alýaska ştatynda dikuçar heläkçiliginde öldi. Topar 29-njy martda çap eden gysga beýanynda "2021-nji ýylyň 27-nji martynda PPF-iň esasy paýdary jenap Petr Kellneriň dikuçar heläkçiliginde pajygaly ýagdaýda aradan çykandygyny PPF gynanç bilen habar berýär" diýilýär.  Bäş adamyň ölmegine sebäp bolan ulag heläkçiligi derňew astynda. Alýaska ştatynyň harbylary bir adamyň diri galandygyny... Читать дальше...

Britaniýada koronawirus çäklendirmelerini gowşadýar

Azathabar.com 

Britaniýa 29-njy martda koronawirus çäklendirmelerini ýeňilleşdirmegiň ikinji tapgyryna basýar, ýöne premýer-ministr Boris Jonson Ýewropanyň beýleki ýerlerinde ýüze çykýan hadysalaryň we wirusyň täze görnüşleriniň abanýan howpuna salgylanyp, seresap bolmaga çagyrdy. Britaniýada öýde bolmak buýrugy gowşadylyp, alty adama çenli daşarda ýygnanmaga rugsat berýär. Täze düzgünler höwesjeňler toparlarynyň sportyň tennis, golf, basketbol we açyk howada ýüzmek ýaly görnüşleri bilen bile meşgullanmagyna täzeden başlamaga mümkinçilik berer. Читать дальше...

Sues kanalynda bökdän gämi 'belli bir derejede çykaryldy'

Azathabar.com 

Habar berişlerine görä, Sues kanalynda birnäçe günläp çöküp galan ullakan ýük daşaýjy gämi belli bir derejede boşadyldy. Bu möhüm suw ýolunyň açylmagyna we global derejede ýük daşamak işiniň ýeňilleşdirilmegine umyt döretdi. Sues kanalyny dolandyryş edarasynyň (SCA) başlygy Osama Rabie gäminiň bölekleýin boşadylandygyny we munuň "gowy habardygyny", emma gäminiň hereket edip başlamagy üçin buksir gämileriň işledilmelidigini aýtdy, diýip 29-njy martda "Wall Street Journal" gazeti habar berdi.  ... Читать дальше...

Türkmenistan Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlap aldy

Azathabar.com 

Türkmenistan, milli geňeşiň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamak üçin ilkinji ses berişligini geçirdi. Saýlawlar göni bolmadyk görnüşde gizlin ses berişlik arkaly welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi. Resmi maglumatlara görä, degişli saýlaw komissiýalary tarapyndan hasaba alnan 231 adam saýlawlara gatnaşypdyr. Ahal welaýatynda 37, Balkanda 39, Daşoguzda 39, Lebapda 38, Maryda 39 we Aşgabat şäherinde 39 adam ses beripdir. Türkmenistanyň... Читать дальше...

Вышел в эфир первый выпуск телепередачи «Гвардейцы» (видео)

Управление Росгвардии по Самарской области 

В канун 5-летия Федеральной службы войск национальной гвардии Российской Федерации, пресс-служба Управления Росгвардии по Самарской области запустила телевизионную программу «Гвардейцы». Проект реализован на платформе старейшей в России независимой региональной негосударственной телекомпании "Скат", эффективная аудитория которой в настоящий момент составляет около 3 миллионов человек.

Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






Власти Евросоюза призвали РФ пересмотреть решение о судьбе "дочек" Ariston и Bosch

Басманный суд арестовал продюсера агентства Reuters Габова

Более 1,6 тысячи жителей Пушкинского написали «Диктант Победы»

Захарова: Учения НАТО у границ являются попыткой втянуть РФ в гонку вооружений