Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 30.03.2021

Nägilelik listowkalary Maryda peýda boldy, häkimiýetler kamera gözegçiligini güýçlendirýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenabat, Mary we Baýramaly şäherlerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy işden çekilmäge çagyrýan listowkalar peýda bolup başlandan soňra, howpsuzlyk güýçleri şu günler çagalar baglaryna, mekdeplere, bazarlara we hususy dükanlara kamera oturtmak işlerini çaltlandyrýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň käbir edara-kärhanalara iki günüň içinde kamera oturdylmagyny talap edýändigini habar berýär. Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow türkmen baş diplomaty bilen Moskwa sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa sapar eder. Şol bir wagtda, onuň ýany bilen prezidentiň ogly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow hem gider. Bu barada 29-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim edildi. Resmi maglumata görä, Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalary bilen bilelikde türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin Moskwa iş saparyna ugradylar. Читать дальше...

Rus lukmanlary Nawalna dessine medisina hemaýatyň berilmegini talap edýärler

Azathabar.com 

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalna dessine medisina hemaýatyň berilmegi baradaky 28-nji martda başladylan onlaýn petisiýa 500-e golaý lukman we medisina bilermeni gol goýdy. Bu barada petisiýanyň awtorlarynyň biri, Insider websaýtynyň žurnalisti Oleg Pşeniçniý Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Prezident Berdimuhamedow indi parlamentiň ýokarky palatasynyň agzasy hem boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanyldy. Bu barada 29-njy martda prezidentiň öz geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi. Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň ilkinji sanawynda ýokdy we onuň saýlanylmagy garaşylmadyk ýagdaý boldy.

Russiýa türkmen pomidorlarynda tapylan wirus sebäpli, olaryň importyny çäklendirip biljekdigini duýdurýar

Azathabar.com 

Russiýanyň Rosshelnadzor gullugy Türkmenistandan import edilýän pomidorlarda ençeme gezek pomidor goňur rugoza miwesi wirusynyň (ToBRFV) tapylandygyny aýtdy, şeýle-de geljekde bular ýaly ýagdaýlar gaýtalansa, onda türkmen pomidorlarynyň importyna çäklendirmeleriň girizilip bilinjekdigini duýdurdy. Bu mesele dogrusynda, 26-njy martda Rosshelnadzoryň wekilleri bilen Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmileri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Rosshelnadzoryň resmi websaýtynda maglumat berilýär. Читать дальше...

Kazandaky türkmen konsuly pul geçirim çäklendirmeleriniň gowşadylmajakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Atadurdy Baýramow 18-nji we 26-njy martda Russiýanyň Naberežnyýe Çelny we Ulýanowsk şäherlerinde bilim alýan türkmen studentleri bilen duşuşyp, Türkmenistanda pul geçirim hyzmatlary boýunça girizilen çäklendirmeleriň aradan aýrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna garaşyp oturmaly däldigini aýtdy. Bu barada turkmen.news neşiri “UlPress” gullugyna we Naberežnoçelninskiý mugallymçylyk institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi. Maglumata görä, Baýramow... Читать дальше...

Belarusda Tihanowskaýa garşy “terrorizm” aýyplamalary boýunça jenaýat işi açyldy

Azathabar.com 

Belarusyň prokurorlary oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa garşy terrorizm aýyplamalary boýunça jenaýat işini açdylar. Bu belarus häkimiýetleriniň ençeme aýlap dowam edýän hökümete garşy protestleriň arasynda, oppozisiýa toparlaryny basyp ýatyrmak synanyşygy ugrunda eden soňky ädimi boldy. Tihanowskaýa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny 29-njy martda baş prokuror Andreý Şwed mälim etdi. 9-njy awgustdaky dawaly saýlawlardan soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli ýurdy terk etmäge mejbur bolan Tihanowskaýadan... Читать дальше...

Barlag: COVID-19 adama ýarganatdan geçen bolmagy mümkin

Azathabar.com 

COVID-19 ýokunjy uly ähtimallyk bilen ýarganatdan, göni ýa-da beýleki bir haýwanyň üsti bilen, adama geçen bolmagy mümkin diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) bilen hytaý ekspertleriniň geçiren bilelikdäki barlagynyň netijesinde bellenilýär. Emma hasabatda pandemiýanyň gelip çykyşy baradaky soraglara anyk jogaplar berilmeýär. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlar tarapyndan, Hytaýyň ünsi başga ýana sowmak mümkin synanyşygy hökmünde, ynamsyzlyk bilen garşylandy. Hasabatyň çap edilmeginden ozal, BSG-nyň... Читать дальше...

Eýran ABŞ sanksiýalaryny doly ýatyrmasa, urany 20% baýlaşdyrmagyny 'bes etmejekdigini' aýdýar

Azathabar.com 

Tähran ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalar doly aradan aýrylmasa, onda urany 20% möçberinde baýlaşdyrmak işlerinden el çekmejekdigini aýtdy. Bu barada döwlet telewideniýesi atlandyrylmadyk bir resmä salgylanyp maglumat berdi. Mundan öň, ABŞ mediasynda Waşingtonyň Eýranyň ýadro programmasy meselesi boýunça petige dirän gepleşikleri ilerletmek üçin, täze teklibi hödürlemäge taýýarlanýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Eýranyň döwlet telewideniýesinde 30-njy martda efire berlen gepleşikde... Читать дальше...

Hytaý Hong Kongda dawaly saýlaw reformasyny tassyklady

Azathabar.com 

Hytaý Honk Kongda saýlaw ulgamyny reformalaşdyrmak boýunça täze dawaly planyny kabul etdi. Munuň netijesinde, Pekiniň şäherdäki gözegçiliginiň hasam güýçlenmegine garaşylýar. Döwlet mediasynyň 30-njy martda beren maglumatyna görä, ýurduň esasy kanunçykaryjy organy, Milli Halk Kongresiniň Hemişelik Komiteti, Hong Konguň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri biragyzdan kabul edipdir, şeýle-de oňa eýýäm prezident Şi Jinping gol goýupdyr. Britaniýa 1997-nji ýylda ozalky koloniýasy Hong Kongy Hytaýyň gözegçiligine geçireninden soň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Новый культурный центр построят в Черноголовке в 2025 г

Театральный фестиваль «Русская классика» стартует в Лобне 6 мая

Сочинские проекты победили в Международном профессиональном конкурсе НОПРИЗ на лучший проект – 2023

Концентрация песка в воздухе Москвы возвращается к нормальным значениям