Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 23.03.2021

Käbir döwlet edara-kärhanalary iş orunlaryny kemeldýär, býujet işgärleriniň aýlyklarynyň bir bölegi haryt bilen tölenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda käbir döwlet edara-kärhanalary iş orunlaryny kemeldýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Farap etrabynyň jemagat gulluklarynyň, obalarda tehnikalara hyzmat ediş edaralarynyň, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň hem-de etrap gaz üpjünçilik edarasynyň öz işgär sanyny 30 göterim kemeltmegi duýdurýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, orta mekdepleriň üpjünçilik bölümlerinde-de işçi sany azaldylýar. Şol bir wagtyň özünde... Читать дальше...

Baýramaly: Oba ýaşaýjylary pul nagtlaşdyrmakda kösenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak problemalary dowam edýär. Oba ýerlerinde bu problema polisiýanyň gatyşmagy bilen has-da kynlaşýar. “Marynyň Baýramaly etrabynyň Gökdepe geňeşliginde adamlar uly kynçylyk bilen aýlyklaryny nagtlaşdyrýarlar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Lebapdaky harasat: S.Berdimuhamedow welaýata geldi; adam ölümi tassyklandy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda turan weýrançylykly şemaldan üç gün geçenden soňra, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow sebite bir günlük sapar bilen geldi. Bu aralykda, güýçli şemalda azyndan bir adamyň ölendigi tassyklandy. Sebitde internet wifi hyzmatlarynyň çäklendirilendigi sebäpli, anna güni ýüze çykan harasat bilen bagly maglumatlar gowuşmagyny dowam edýär.

Daşkendiň häkimi Aşgabatda "Daşkent" seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy

Azathabar.com 

Türkmenistana baran Daşkendiň häkimi Jahongir Artykhojaýew özbek delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Daşkendiň häkimi türkmen paýtagtynda Aşgabadyň häkimi Ýaztagan Gylyjow bilen gepleşik geçiripdir. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň paýtagtlarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek barada pikir alyşypdyr. Bu barada 22-nji martda ýarym resmi "Türmenportal" neşiri Daşkendiň administrasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi. Maglumata görä, Aşgabadyň häkimi özbek... Читать дальше...

HRW Özbegistanda geýleriň yzarlanmagyny bes etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Human Rights Watch (HRW) Özekistanda geýleriň esassyz tussag edilmelere, kazyýet jogapkärçiligine çekilmegine we azatlykdan mahrum edilmegine sezewar bolýandygyny aýdýar we Merkezi Aziýa döwletiniň hökümetini adamlaryň hukuklaryny kepillendirmäge we bir jynsly gatnaşyklar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmezlige çagyrýar. HRW 23-nji martda eden beýanatynda öňki sowet respublikasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň häzirki agzasy bolan ýurtda geý erkekleriň, "gomofobiýa,... Читать дальше...

Putin 23-nji martda koronawirusa waksina etdirjekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 23-nji martda koronawirusa garşy sanjym etdirjekdigini aýtdy. "Sanjym, elbetde, her bir adam üçin meýletin karar. Bu her bir adamyň şahsy karary" diýip, Putin duşenbe güni telewideniýede görkezilen hökümet maslahatynda COVID-19 barada eden çykyşynda aýtdy. "Ýogsa-da, emen muny ertir etmegi meýilleşdirýärin" diýip Putin belledi. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Putiniň Russiýada öndürilen "üç" waksinadan birini aljakdygyny, olaryň hersiniň hem gowy, hem-de ygtybarlydygyny aýtdy. Читать дальше...

Günbataryň tankytlarynyň we sanksiýalarynyň arasynda Hytaý we Russiýa agzybirlik görkezýärler

Azathabar.com 

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri duşuşyk geçirip, agzybirlik görkezdiler we adam hukuklarynyň bozulmagy hem başgaça pikirdäkilere garşy syýasy fonunda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň sammitini geçirmäge çagyryş etdiler. Wan Ýi we Sergeý Lawrow 23-nji martda Pekinde geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Günbataryň tankytlaryny ret etdiler. Lawrow ABŞ Sowuk Uruş döwrüniň harby syýasy bileleşiklerine daýanyp, halkara hukuk arhitekturasyny ýok etmäge synanyşýar diýip, Russiýa bilen Hytaýyň pikir edýändigini aýtdy.

Germaniýa epidemiologiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli çäklendirmeleri artdyrýar

Azathabar.com 

Germaniýa, tutuş Ýewropa ýaýran koronawirusyň üçünji tolkunyna jogap hökmünde 18-nji aprele çenli tutuş ýurt boýunça bölekleýin çäklendirmeleri girizýär. 23-nji martda ir bilen geçirilen gepleşiklerinden soň, kansler Angela Merkel we döwlet ýolbaşçylary Pasha baýramçylygynda bäş günlük berk üzňelik çärelerini ulanmak barada ylalaşdylar. Dükanlaryň hemmesi diýen ýaly 1-nji aprelden 5-nji aprel aralygynda ýapylar we dini hyzmatlar onlaýn ýagdaýda geçiriler. Diňe supermarketlere 3-nji aprelde açylmaga rugsat berler. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






Участнику СВО из Киргизии дадут временное убежище в России

США впервые за 40 лет возобновили производство ядерных боеголовок

Жители Подмосковья смогут зарегистрировать дачи в праздники

Сотрудники Щелковского Водоканала устраняют последствия ливня