Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 24.03.2021

Hukuk goraýjylar Aşgabady mejbury zähmetden el çekmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Hasabatda koronawirus pandemiýasy bilen bagly seresaplylyk, saglyk çäreleriniň pagtaçylardan sowlup geçendigi, pagta meýdanlaryna çykarylýan býujet işgärleriniň ýüz maskasyz, adamdan doly awtobuslarda işe gatnadylandygy, olaryň iň bärki arassaçylyk şertleri bilen hem üpjün edilmändigi aýdylýar.

Türkmenistanda täze karantin zolagy gurulýar we garrylara COVID-19-a garşy sanjym edilýä

Azathabar.com 

Pandemiýa sebäpli daşary ýurtda galan türkmen raýatlary Türkmenistana dolanmagyny dowam etdirýärler. Bu döwürde ýurduň gündogarynda ýene bir karantin zonasynyň gurluşygy başlandy. Ilata koronawirusa garşy sanjym etmek hem dowam etdirilýär. Waksinany şu wagt diňe paýtagtda ýaşy ulular alyp bilýärler. Garaşsyz çeşmelere görä, olara ýurtda hasaba alynmadyk Hytaýda öndürilen derman hödürlenýär.

Prezidentiň täze aýdymy 'edebi ogurlyk' bolup bilermi?

Azathabar.com 

H.Hallynyň bellemegine görä, täze döredilen goşgy we aýdym Gara Seýitliýewiň "Aşgabat" we hindi gyzy hakynda döreden aýdymlaryny ýatladýar. Ýazyjy soňky aýdymçy şahyr bilen öňki aýdymçy şahyryň setirlerini deňeşdirip görmegi maslahat berýär. G.Berdimuhamedow ozalam aýdym ogurlygynda aýyplanypdy.

Birmada ýüzlerçe tussag azat edildi

Azathabar.com 

Birmada geçen aý harbylaryň amala aşyran hökümet agdarylyşygyna garşy protestlerde tussag edilen ýüzlerçe bendi Rangoon şäheriniň türmesinden azatlyga goýberildi. Bu barada şaýatlar maglumat berýärler. Birmada 1-nji fewralda harbylaryň häkimiýeti ele geçirmeginden we saýlanan lider Aung San Suu Kýini tussag etmeginden soňra, muňa garşy her gün protestler geçirilýär. Tussag edilen protestçileriň 24-nji martda azat edilmegi barada resmi beýanat bolmady. Huntanyň liderleri geçen noýabrdaky, Suu... Читать дальше...

“Talyban” owgan prezidentiniň täze saýlawlar baradaky teklibini ret etdi

Azathabar.com 

“Talyban” topary owgan prezidenti Aşraf Ganiniň alty aýyň içinde, jeňçi topary bilen baglaşylan parahatçylyk ylalaşygyndan bir ýyl soňra, irki saýlawlary geçirmek baradaky teklibini ret etdi. Ýokary derejeli owgan resmisiniň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, Gani bu teklibiniň jikme-jiklerini aprelde Türkiýede geçiriljek halkara parahatçylyk konferensiýasynyň dowamynda mälim eder. Ganiniň teklibine görä, eger-de “Talyban” ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşsa, onda alty aýyň içinde BMG-niň... Читать дальше...

Maglumat elýeterliligini çäklendirýän Türkmenistan ikinji milli hemrasyny uçurmaga taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistan ikinji “TürkmenÄlem 52E” milli hemrasyny uçurmaga taýýarlanýar. Bu barada geçen anna güni geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi. Berdimuhamedow Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň hem-de bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Prezidentiň bu baradaky çykyşy ýurtda VPN hyzmatlaryny böwetlemek ugrundaky tagallalaryň güýçlendirilen döwrüne gabat geldi. Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar. Читать дальше...

Türkmenistanda täze karantin zolagy gurulýar we garrylara COVID-19-a garşy sanjym edilýär

Azathabar.com 

Pandemiýa sebäpli daşary ýurtda galan türkmen raýatlary Türkmenistana dolanmagyny dowam etdirýärler. Bu döwürde ýurduň gündogarynda ýene bir karantin zonasynyň gurluşygy başlandy. Ilata koronawirusa garşy sanjym etmek hem dowam etdirilýär. Waksinany şu wagt diňe paýtagtda ýaşy ulular alyp bilýärler. Garaşsyz çeşmelere görä, olara ýurtda hasaba alynmadyk Hytaýda öndürilen derman hödürlenýär. Türkmenabadyň gündogaryndaky karantin zolaklarynda adam köp, bu meselede häkimiýetler COVID-19 hassalary... Читать дальше...

"Bitarap" Türkmenistan GDA-nyň sanksiýalara garşy beýanatyna goşuldy

Azathabar.com 

Türkmenistan GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň sanskiýalaryň girizilmegine garşy bilelikdäki beýanatyna goşuldy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda 22-nji martda beýanat çap boldy. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bu barada hiç hili habar ýok. Bellesek, ABŞ Kremliň prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy we haker hüjümlerini amala aşyrandygy baradaky aýyplamalara jogap edip, Moskwa garşy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýar. Mundan öň... Читать дальше...

Türkmenistan ilkinji bolup serb BTR-lerini satyn aldy

Azathabar.com 

Türkmenistan Serbiýadan “Lazar 3” kysymly bronetrasportýorlary satyn alan ilkinji daşary ýurt döwleti boldy. Bu barada ruserbia internet neşiri Serbiýanyň Moskwadaky ilçisi Miroslaw Lazanskiniň sözlerine salgylanyp, 23-nji martda habar berdi. Maglumatda Türkmenistana satylan bronetrasportýorlaryň, ýagny pyýada goşun esgerlerini söweş meýdanyna äkitmek üçin ýokary geçiş ukyply bronlanan ulaglaryň sany we olaryň bahasy barada hiç zat aýdylmaýar. Ilçiniň sözlerine görä, mundan öň “Lazar 3” bilen diňe Serbiýanyň goşuny üpjün edilipdir. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Силовики задержали вместе с 12-м фигурантом дела «Крокуса» Курбоновым его брата

В Большом театре наградили победителей специальной премии «Золотой Маски»

"Хватит нас эксплуатировать": мигранты подались в Европу из России, где их не ценят

В Хабаровске завели дело по факту контрабанды медали «Золотая Звезда»