Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 02.02.2022

Gökdepede neşe gaçakçylaryna garşy operasiýa geçirildi

Azathabar.com 

30-njy ýanwarda Ahalyň Gökdepede etrabynda kanun goraýjylar tarapyndan neşe söwdegärlerine garşy operasiýa geçirildi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, paýtagt Aşgabatdan 40 km uzaklykda ýerleşýän şäheriň eteginde ýarag sesleri hem eşidilipdir. Operasiýanyň netijesinde onlarça adam, şol sanda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri-de saklandy. Eýrandan amala aşyrylan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak boýunça geçirilen operasiýa barada ilkinji bolup “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi. Читать дальше...

Sürüjileriň aýlyklaryndan soňky dört aýyň goşmaçalary yzyna alynýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet gurluşlarynda işleýän müňlerçe sürüjä hünär derejesi boýunça aýlygyna berlen goşmaça tölegleriň ýatyrylmagy bilen, indi bu baradaky kararyň kabul edilmeginden soň geçen dört aýyň dowamynda tölenen goşmaçalar hem, eýýäm kemeldilen aýlyklardan tutulyp başlandy.

"Jelepçilikde aýyplanýanlar". Gyrgyzystanyň Gara-Balta şäherinde dört gyz öz janlaryna kast etmäge synanyşdy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Gara-Balta şäherinde dört gyz bilelikde öz janyna kast etmäge synanyşdy. Janyna kast etmezden öň galdyran ýazgysynda, olaryň biri jelepçilikde aýyplanýan "Internetdäki ýalan wideolar" sebäpli şeýle ädimi ädendigini mälim edýär. Golaýda ýerli aktiwistler häkimiýetlere Gara-Baltadaky saunalary ýapmak talaby bilen çykyş etdiler hem öz ýüzlenmesini ýaýratdylar. Olar özlerinde ýaş gyzlaryň ýakyn hyzmatlaryny hödürleýän maglumatyň bardygyny aýdýarlar. «EGER SIZ ÇÄRE GÖRMESEŇIZ, ONDA BIZ ÇÄRE GÖRERIS» 19-njy ýanwarda... Читать дальше...

Russiýa Günbataryň öz aladalaryna üns bermeýändigini aýtdy. Jonson, Putin telefonda Ukrainany maslahatlaşar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen geçiren duşuşygyndan soň Kremlde çykyş edip, Ukrainany NATO-a kabul etmeli däldigini, sebäbi bu ýurduň Krymy “harby ýollar bilen” yzyna gaýtaryp almak isleýändigini aýtdy. Birleşen Ştatlar Russiýa bilen Ukrainada guryýer raketalaryny ýa-da söweş güýçlerini ýerleşdirmek boýunça özara ylalaşyk gazanmak üçin gepleşik geçirmäge taýýar diýip, Ispaniýanyň "El Pais" gazetiniň çap eden resminamalarynda aýdylýar. Bu habar... Читать дальше...

Täjik resmileri migrant lideriniň Russiýadan ekstradisiýa edilendigini tassyklaýar

Azathabar.com 

Täjik häkimiýetleri täjigistanly migrantlaryň Orsýetdäki lideriniň Merkezi Aziýa döwletine ekstradisiýa edilendigini ilkinji gezek tassyk etdi, ol geçen aý ýitirim bolup, garyndaşlarynyň we dostlarynyň arasynda ullakan alada döredipdi. Baş prokuror Ýusuf Rahmon 2-nji fewralda Duşenbedäki žurnalistlere Amriddin Alowatşoýewiň, täjik häkimiýetleriniň eden anyklaşdyrylmadyk jenaýat aýyplamasy esasynda, Russiýadan ekstradisiýa edilendigini aýtdy. Rahmon bu iş boýunça başga jikme-jiklikleri bermedi.... Читать дальше...

Orsýetiň Döwlet dumasynyň deputaty Ýaňulbaýewleriň "kellesini kesmegi" wada berýär

Azathabar.com 

Döwlet dumasynyň Çeçenistandan saýlanan wekili Adam Delimhanow Instagramda berlen göni ýaýlymda ozal federal kazysy bolup işlän Saidi Ýaňulbaýewiň maşgala agzalarynyň "kellesini kesmegi" wada berdi. Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleri ozal onuň aýaly Zarema Musaýewany zor bilen Nižni Nowgoroddan alyp gidipdiler. Delimhanowyň çeçen dilinde aýdan sözleriniň rus diline terjime edilen ýazgysy 1ADAT telegram kanalynda neşir edildi. "Bilip goýuň, gije-gündiz, janymyzy, emlägimizi we nesillerimizi gaýgyrman... Читать дальше...

Aşgabatda türkmen bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan dabaralar başlandy

Azathabar.com 

Mukamlar köşgünde dutar senetçiliginiň, dutar sazandalygynyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi diýip, TDH 1-nji fewralda habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň geçen ýylyň dekabrynda Parižde geçirilen mejlisinde türkmen bagşyçylyk sungaty barada karar kabul edilip,  ÝUNESKO-nyň degişli güwänamasy  30-njy ýanwarda Aşgabada gelip gowuşdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко проиграла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Брат Дхумохона Курбонова также задержан по делу о теракте в "Крокусе"

Омбудсмен по делам КМНС Камчатки возмутилась, что ее не пустили в Нью-Йорк (ее коллега из Якутии туда съездил)

Кобелев отметил важность матча «Динамо» - «Зенит»

Активный отдых на полную: столичные промышленники выпускают одежду и инвентарь для досуга