Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 14.02.2022

Serdar Berdimuhamedow prezidentlige dalaş edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine dalaşgär hödürlendi. Bu barada Reuters habar agentligi Salamnews neşirine salgylanyp habar berýär. Salamnews neşirine görä, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär hödürlenýär. Ol özüniň prezidentlik wezipesine dalaşgärligini tassyklapdyr. 14-nji fewralda Aşgabatda Demokratik partiýanyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Gurultaýda Türkmenistanyň... Читать дальше...

Tokaýew Berdimuhamedowyň Türkmenistanda irki saýlaw geçirmek kararyny goldady

Azathabar.com 

Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji martda Türkmenistanda irki prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kararyny goldady diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Gazagystanyň prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. "Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň prezidentine tüýs ýürekden hormat goýýandygyny we Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdan daşary prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kararyny goldaýandygyny" aýtdy diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär. Читать дальше...

Türkmenler irki saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýar, oppozisiýa ýurduň daşynda alternatiw saýlawlary planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýokary hökümet wezipesinden çekilmek islegini aýtmagynyň yz ýany, ýurtda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdiginiň yglan edilmegi ilaty geň galdyrmady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň dürli sebitinden habar berýärler. Bu aralykda, “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri özleriniň ýurduň daşynda prezidentlige dalaşgär hödürläp, alternatiw... Читать дальше...

Türkmenistan täze ilat ýazuwyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistan täze ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar. Halk Maslahatynyň ýygnagynda aýdylyşy ýaly häzirki wagtda bu işi guramak üçin çäreler görülýär. 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ilatyň resmi sanlary köpçülige mälim edilmän gelýär.

Berdimuhamedow işden çekilmek niýetini mälim edensoň, saýlaw kampaniýalaryna badalga berildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde sözlän sözünde ýokary wezipeden çekilmek islegini mälim etmeginiň yz ýany, parlamentiň aşaky palatasy 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi. Munuň yz ýany, Merkezi saýlaw topary 13-nji fewralda geçiren ýygnagynda Türkmenistanda saýlaw kampaniýalaryna badalga berdi. Toparyň maglumatyna görä, prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek işleri 14-nji fewralda başlaýar. ... Читать дальше...

Türkmenistanda COVID-a garşy ‘buster’ sanjymlary urulýar, uly nobatlar alym-berime ýol açýar

Azathabar.com 

Koronawirusyň ýurtda ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynda ilata COVID-a garşy üçünji, ‘buster’ sanjymlaryny urup başladylar. Munuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalarynda işleýänlerden, şeýle-de ýurduň beýleki sebitlerine syýahat etmek isleýänlerden ‘buster’ sanjymyny urdurandygy barada güwanama soralýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan raýatlar munuň saglygy saklaýyş edaralarynyň ençemesinde korrupsiýa hem ýol açandygyny belleýärler.

Ukrain gazeti oligarhlaryň we telekeçileriň ýurdy köpçülikleýin terk edýändigini aýdýar

Azathabar.com 

13-nji fewralda ukrain telekeçilerini alyp barýan 20 töweregi çarter reýsi we hususy uçar Kiýewden asmana göterildi diýip, "Ukrainskaýa prawda" gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, soňky alty ýylda beýle köp çarter reýsi bolmandy. Žurnalistleriň habar bermegine görä, 13-nji fewralda Rinat Ahmetowyň (“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, iň baý ukrainleriň sanawynda 1-nji ýerde) we Boris Kolesnikowyň (55-nji ýer) uçarlary Ukrainany terk etdi. Neşiriň habaryna görä, Ahmetow 30-njy ýanwarda Ukrainany terk edip... Читать дальше...



Täjigistanda döwlet diliniň kadalaryny bozan raýatlara 48 müň somoni jerime salyndy

Azathabar.com 

Täjik kazylary geçen ýyl döwlet diliniň kadalaryny bozmak boýunça 57 sany administratiw işe garadylar we netijede 48,660 somoni möçberinde jerime saldylar. Täjik hökümetiniň ýanyndaky Dil we terminologiýa komitetiniň ýolbaşçylary bu habary 14-nji fewralda Duşenbe şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda berdiler. Şeýle-de, Dil we terminologiýa komiteti çagalara at dakmak we adam atlaryny üýtgetmek boýunça berlen 1184 arza, şol sanda milli azlyklaryň wekillerinden gowşan 74 şikaýata seretdi. Edara işgärleriniň aýtmagyna görä... Читать дальше...

Özbegistanyň bilim ministri ene-atalardan ötünç soramaga mejbur edilen mugallymlar bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň bilim ministri Bahtiýor Saidow Andijan sebitiniň Marhamat etrabynyň biraz öň okuwçylarynyň ene-atalaryndan ötünç soramaga mejbur edilen mugallymlary bilen duşuşdy.  Ministrligiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Bahtiýor Saidow mugallymlar bilen bolan duşuşygynda häzirki döwürde olaryň at-abraýynyň we mertebesiniň döwlet syýasaty derejesinde möhüm meseledigini we hiç kimiň mugallymlaryň  göwnüne degmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdy. Ol bu bolan wakany mugallymlaryň mertebesine degmek, olary kiçeltmek diýip atlandyrdy. Читать дальше...

Kanunda erkinligi kepillendirilen teatr wagyzçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýar

Azathabar.com 

Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklaýan karara gol çekdi. Döwlet eýeçiligindäki media bu karary "Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek, teatr işgärlerini höweslendirmek maksady bilen" düşünidrýär. Emma ýerli synçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen teatrlarynyň berk senzura astynda işlemeli bolýandygyny we netijede köp tomaşaçysyny ýitirendigini aýdýarlar. Читать дальше...

Almatyda Ýanwar pidalaryny hatyralamaga çykan adamlar Tokaýewiň jogapkärçilige çekilmegine çagyrdy

Azathabar.com 

Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Almatynyň merkezinde toplanan ýüzlerçe adam geçen aý merkezi aziýa döwletinde bolan ganly wakalarda ölenleriň hatyrasyny tutmak üçin rugsat berilmedik demonstrasiýa gurady. Şeýle-de, hatyra çäresine gatnaşanlar prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň we öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň, protestleriň basylyp ýatyrylmagynda oýnan rollary sebäpli, jogapkärçilige çekilmegine we sud edilmegine çagyrdylar. Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bu çärä... Читать дальше...

Rus-Ukrain dartgynlyklarynyň arasynda, Şolz Kiýewe sapar edýär

Azathabar.com 

Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlar sebäpli emele gelen dartgynly ýagdaýy gowşatmak üçin edilýän diplomatik tagallalaryň arasynda, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň 14-nji fewralda prezident Wolodymyr Zelenski bilen Kiýewde duşuşmagyna garaşylýar. Ukraina saparyndan soň, Şolz 15-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar. “Biz Moskwadan gyssagly ýagdaýda dartgynlygyň gowşadylma alamatlaryna garaşýarys” diýip, Şolz Kiýew şäherine ugranda ýazan twitinde... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






Груднички психоневрологического отделения МОЦОМД посетили плавательный бассейн

Череповецкий проект стал лауреатом Международного профессионального конкурса НОПРИЗ на лучший проект – 2023

Музей Победы запустил масштабный проект семейного отдыха

Свыше 20 подтоплений ликвидировали в Подмосковье за день