Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 07.02.2022

Aşgabatda we Maryda Halk Maslahatyna gatnaşyjylar karantine ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirusyň "omikron" görnüşiniň möwjeýändigi baradaky habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri Halk Maslahatynyň mejlisine güýçli depginde taýynlyk görýär. Taýýarlyklaryň çäginde mejlise gatnaşjak adamlaryň köpçüligi Aşgabat we Mary şäherlerindäki myhmanhanalarda karantine ýerleşdirildi. Aşgabatdaky myhmanhanada beden temperaturasy aşa ýokarlanan 10 ýaşuly öýüne ugradyldy we 20 töweregi deputat keselhana ýerleşdirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Mary welaýatyndaky habarçylary habar berýärler. Читать дальше...

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlary tutmak işlerine çagalary "çekýär"

Azathabar.com 

Aşgabatda häkimiýetleriň köçelerdäki itleri we pişikleri tutmak hem-de ýok etmek işleri güýçli depginde dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we haýwanlary goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, häkimiýetler indi bu işlere çagalary hem çekýär. Köçelerde tutulyp, ýörite angara eltilen idegsiz haýwanlar aç we suwsuz köpçülikleýin ölýär. Bu waka häkimiýetleriň Halk Maslahaty mejlisine taýynlyk görýän wagtyna gabat gelýär. Aşgabadyň häkimiýetleri indi iki hepdä golaý wagt bäri köçelerdäki itleri... Читать дальше...

TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy

Azathabar.com 

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa sapar eden türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji fewralda Pekinde Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy. Ýygnagyň barşynda taraplar beýleki meseleler bilen bir hatarda iki ýurduň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär. Döwlet mediasyna görä, Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji (D) şahasynyň gurulmagy... Читать дальше...

Stambuldan gelen türkmen raýatlary izolýasiýadan goýberildi

Azathabar.com 

Türkmenabadyň karantin zonasynda bolan Türkmenistanyň raýatlaryna öýlerine gitmäge rugsat berildi. Azatlygyň çeşmelerine görä, 15-nji ýanwarda Türkiýeden gelen raýatlar 4-nji fewralda karantini terk edip bilipdir. Türkmenabatdaky karantin zolagynda, 15-nji ýanwarda Stambuldan uçarly baran ýolagçylardan diňe koronawirusyň bardygy anyklanan birnäçe adam galypdyr. Galanlary 4-nji fewralda Türkmenabadyň howa menziline äkidilip, öýlerine ugradylypdyr. Bu barada 7-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçylary... Читать дальше...

Howpsuzlyk aladasy sebäpli, çeçen aklawçysy Ýaňulbaýew Gürjüstandan çykýar

Azathabar.com 

Çeçen ýolbaşçylary tarapyndan maşgala agzalary bilen birlikde öldürilmek haýbaty atylan çeçen aklawçysy kawkaz ýurdundaky howpsuzlygyny alada edip, Gürjüstany terk etdi. Gynamalara garşy komitetiň adam hukuklary toparynyň öňki aklawçysy Abubakar Ýaňulbaýew 6-njy fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, näbelli adamlar tarapyndan yzarlanýandygyny eşidenden soň, dekabr aýynyň ahyryndan bäri bolýan ýurduny, Gürjüstany terk etmek kararyna gelendigini aýtdy. Oňa soňky hepdelerde... Читать дальше...

Interpol gyzlary aldap, jelepçilige mejbur eden özbegistanly aýaly 9 ýyl gözledi

Azathabar.com 

Adam söwdasy aýyplamalary esasynda gözlenilýän özbek raýaty Birleşen Arap Emirliklerinden deportasiýa edildi. Bu habary Interpoluň Özbegistandaky Merkezi milli býurosy çap etdi. Býuronyň maglumatyna görä, ol aýal 2013-nji ýyldan bäri Interpol arkaly halkara derejesinde gözlenýän adamlaryň sanawynda bolup, 9 ýyldan soň tussag edildi. Habarda aýdylmagyna görä, ol aýal gyzlara gowy aýlykly işleri wada berip, aldaw ýoly bilen BAE-e alyp gidipdir. Soň ol gyzlaryň pasportlaryny ellerinden alyp, olary jelepçilik bilen meşgullanmaga mejbur edipdir.

Hytaý Gyrgyzystana howpsuzlyk kömegi hökmünde 50 million ýuan berer

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Pekine iş saparyny tamamlady we 6-njy fewralda Bişkek şäherine gaýdyp geldi. Gyrgyz prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ol ýurduna dolanmazdan ozal Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen duşuşyp, syýasy, söwda we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, bilelikdäki taslamalara maýa goýumlaryny çekmek barada gepleşik geçirdi. COVID-e garşy görlen degerli çäreleri nazarda tutup, taraplaryň ýurtlaryň arasynda howa gatnawyny... Читать дальше...

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş we banky Türkmenistanyň ösüşini çaklaýar

Azathabar.com 

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy Fatih Türkmenogluna salgylanyp, “Trend” neşiri Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň şu ýyl 6 göterime çenli ösmegine garaşylýandygyny habar berýär. Emma Bütindünýä banky Türkmenistany şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy. "Geçirilen pul serişdeleriniň köpelmeginiň hasabyna hususy sarp edişligiň ýokarlanmagy we infrastruktura maýa goýumlarynyň köpelmegi esasy ösüş faktorlary bolup durýar. Читать дальше...

ABŞ geňeşçisi çozuş 'islendik pursatda' başlanyp biler diýýär, Ukraina diplomatik çözgüde bil baglaýar

Azathabar.com 

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan Russiýanyň Ukrainany birnäçe günüň ýa-da hepdäniň dowamynda basyp alyp biljekdigini, emma Moskwanyň Ukrainanyň golaýynda toplan goşunlary bilen bagly dartgynlygy gowşatmak üçin diplomatiýany hem saýlap biljekdigini aýtdy. Salliwan bu pikirini 6-njy fewralda, ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň bir geňeşçisi ýokarlanan dartgynlygy diplomatiýa arkaly gowşatmak mümkinçiliginiň hüjüm edilmek ähtimallygyndan ýokary bolup galýandygyny aýdyp aýak depeninden... Читать дальше...

Makron Putin bilen Moskwada duşuşar, Şols ABŞ-a ugraýar

Azathabar.com 

Russiýanyň Ukrainanyň golaýynda goşun toplamagy bilen güýçlenen dartgynlygy gowşatmak synanyşygynyň çäginde, 7-nji fewralda diplomatik tagallalaryň täze tapgyry başlanyp, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň Moskwada Russiýanyň Wladimir Putin bilen duşuşjagy, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň prezident Jo Baýden bilen gepleşik geçirmek üçin ABŞ-a ugrajagy mälim boldy. Makron 6-njy fewralda, sapara ugramazynyň öňüsyrasynda Baýden bilen telefonda gürleşdi. Fransiýanyň prezidentiniň aýtmagyna görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA






Собянин сообщил о трёх современных методах строительства мостов в Москве

Команда студентов ВлГУ стала призером чемпионата России по игре "Что? Где? Когда?"

Россиян экстренно эвакуировали из одного аэропорта Москвы

В столичном районе Перово построили новый дом для участников программы реновации