Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 16.02.2022

"Subutnama ýok": Günbatar Russiýanyň serhetdäki goşuny yzyna çykarýandygy baradaky öňe sürmesini müňkürlik bilen garşy aldy

Azathabar.com 

Günbatar ýurtlary Russiýany Ukraina bilen serhet ýakasynda jemlän harby güýçleri bilen bagly dartgynlygy gowşatmak üçin "anyk" çäreleri görmäge çagyrmagy dowam etdirýär. Bu waka Moskwanyň sebitdäki goşunlaryny yzyna çykaryp başlandygy baradaky öňe sürmeleri müňkürlik bilen garşy alnan mahalyna gabat gelýär. Russiýanyň Goranmak ministrligi 16-njy fewralda wideo ýaýradyp, onda tanklaryň, pyýada goşun ulaglarynyň we öz-özi hereket edýän artilleriýa bölümleriniň Krym adasyndan çykýandygyny aýtdy. Bu... Читать дальше...

Gurluşykda gazanç edýän türkmen studenti Belarusda wepat boldy

Azathabar.com 

Belarusda bir gurluşyk meýdançasynda işleýän türkmenistanly student wepat boldy, ol beýik ýerden ýykylypdyr diýip, “Turkmen.news” öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Mekan Saparow üç ýyl bäri Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogika uniwersitetinde okaýan eken. Ol 11-13-nji fewral aralygynda bolup geçen hadysa netijesinde ol agyr ýaralanýar. Ýaş ýigidi hassahana ýerleşdiripdirler, emma lukmanlar onuň janyny halas edip bilmändir. Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri yzlaryndan... Читать дальше...

Türkmenistan ykdysady azatlyk boýunça 165-nji ýurt boldy

Azathabar.com 

Dünýä ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady azatlyk görkezijisiniň täze hasabatynda Türkmenistan ykdysady azatlygy boýunça 46,2 dereje aldy. Bu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýyldaky görkezijide 165-nji orunda durýandygyny aňladýar. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki 39 ýurduň arasynda 38-nji ýerde durýar we bu ýurduň umumy görkezijisi sebitdäki we dünýädäki ortaça görkezijilerden has has pes bolup durýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda, 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi güýçlendi... Читать дальше...

Maryda bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda gurakçylygyň we oba hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň arasynda Mary welaýatynyň kärendeçileri barha ýitileşýän suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler suw ýetmezliginiň diňe ýaplardaky suwuň azlygy bilen bagly däldigini aýdyp, hatardan çykan tehnikalaryň abatlanmagy üçin döwlet tarapyndan ýeterlik serişde goýberilmeýändigini belleýärler.

Özbegistan migrantlar üçin ýörite otly we awtobus gatnawlaryny gurnar

Azathabar.com 

Özbek häkimiýetleri Gazagystanda we Russiýada gazanç etmäge gidýän raýatlar üçin täze gatnawlary açmak tagallalaryny edýär diýip, Iş we zähmet gatnaşyklary ministriniň orunbasary Zakir Umarow Podrobno.uz neşirine aýtdy. Onuň sözlerine görä, munyň üçin Özbegistanyň prezidentiniň gol çekjek kararynyň taslamasy eýýäm taýýarlandy. Resminama ýakyn wagtda kabul edilmeli. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň görkezmesi boýunça, hökümet degişli ministrliklere we pudaklara, raýatlaryň syýahat isleglerini nazarda tutup... Читать дальше...

Britan şazadasy Endrýu jynsy zorluk dawasy meselesini çözdi

Azathabar.com 

Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II ortanjy ogly şazada Endrýu Wirjiniýa Jüfreýiň (Virginia Giuffre) eden beýanatyndan soň, ABŞ-da özüne garşy bildirilýän jynsy zorluk aýyplamasyny kazyýetden daşary ýagdaýda ýatyrdy. Kazyýetiň resminamalaryna görä, şazada Jüfreýiň peýdasyna “düýpli möçberde serişde” harçlady diýip, BBC habar berýär. Amerikan zenany iňlis şazadasyny jynsy zorlukda aýyplady. Jüfreýiň sözlerine görä, amerikan telekeçisi Jeffri Epşteýniň kömegi bilen, heniz kämillik ýaşyna ýetmänkä, ol onuň bilen jynsy gatnaşykda bolupdyr. Читать дальше...

Rus kanun çykaryjylary Gündogar Ukrainadaky iki sebiti ykrar etmek baradaky karary tassyklady

Azathabar.com 

Döwlet dumasy, rus parlamentiniň aşaky palatasy prezident Wladimir Putiniň gündogar Ukrainadaky iki sebiti garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmegi baradaky towakganyň tassyklanmagy üçin ses berdi. Döwlet dumasynyň spikeri, Kremle tarapdar we dolandyryjy “Bitewi Russiýa” partiýasynyň agzasy Wýaçeslaw Wolodin 15-nji fewralda, kanun çykaryjylar tarapyndan tassyklanan karara derrew gol çekjekdigini we ony Putiniň garamagyna iberjekdigini aýtdy. Bu çäre, Putin tarapyndan tassyklanan halatynda, Russiýa... Читать дальше...

Ukraina “Agzybirlik gününi” belleýär, Baýden rus çozuşynyň henizem mümkindigini aýdýar

Azathabar.com 

Ukraina 16-njy fewralda, dartgynlylygyň ýokary bolup galýan wagtynda "agzybirlik gününi" belleýär, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmek ähtimallygynyň şindi hem saklanyp galýandygyny duýdurýar. Moskwanyň biraz öň sebitdäki goşunlaryny yzyna çekip başlandygyny aýtmagyna garamazdan, Baýden 15-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň Ukraina bilen serhet ýakasynda jemlän harby güýçlerini yzyna çykaryşyny görkezýän subutnamalary entek görmändigini aýtdy. "Bu gowy bolardy... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






В Музее Победы представят проекты празднования 80-летия Победы

«Советский джаз» с Петром Востоковым. Relax FM рекомендует

156 тысяч «Конфеток доброты» помогут детям

В РПЦ объяснили свой отказ от попыток к пасхальному перемирию с Киевом