Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 04.02.2022

Aşgabadyň polisiýasy zibil taşlanýan gaplaryň içini dörýäneri ýene tutup başlady

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy hapa taşlanýan gaplaryň içini dörýän adamlary saklamak üçin reýd geçirýär. Paýtagt häkimiýetleriniň galyndylaryň taşlanýan ýerleriniň daşyndaky ýagdaýa ünsi güýçlendirmegi ýurtda Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine taýýarlyk görülýän wagtynda gabat gelýär. Şäheri abadanlaşdyrmak boýunça çäreler bilen bir hatarda sebitleriň ýaşaýjylary paýtagtdan kowulýar, öýsüz adamlar tussag edilýär we idegsiz haýwanlar ýok edilýär.

ABŞ daşary ýurtlardaky türgenlere edilen "repressiýa" üçin Belarusyň resmilerine goşmaça sanksiýalary girizýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar, Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, daşary ýurtlardaky belarus türgenlerine gönükdirilen "transmilli repressiýa" gatnaşan belarus raýatlaryna garşy sanksiýalary girizdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken özüniň beýanatynda bu sanksiýalaryň  "ýurduň daşyndaky çynlakaý garşydaş çärelere gatnaşandygy üçin köp sanly belarus raýatyny" nyşana alýandygyny aýtdy. Ýöne ol sanksiýalardan ejir çeken belarus raýatlarynyň şahsyýetlerini aýdyňlaşdyrmady. "Birleşen Ştatlar şeýle çäreleriň ählisini... Читать дальше...

Aşgabadyň polisiýasy zibil taşlanýan gaplaryň içini dörýänleri ýene tutup başlady

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy hapa taşlanýan gaplaryň içini dörýän adamlary saklamak üçin reýd geçirýär. Paýtagt häkimiýetleriniň galyndylaryň taşlanýan ýerleriniň daşyndaky ýagdaýa ünsi güýçlendirmegi ýurtda Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine taýýarlyk görülýän wagtynda gabat gelýär. Şäheri abadanlaşdyrmak boýunça çäreler bilen bir hatarda sebitleriň ýaşaýjylary paýtagtdan kowulýar, öýsüz adamlar tussag edilýär we idegsiz haýwanlar ýok edilýär. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, polisiýanyň awtoulaglary... Читать дальше...

Maryly býujet işgärlerinden döwletiň ýeralma borçnamasy üçin pul tabşyrmak talap edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden döwletiň ýeralma ekmek plan borçnamasy üçin ýüzlerçe manat möçberinde pul tabşyrmak talap edilýär. Şeýle-de, býujet işgärleri kartoşka ekmek işlerine hem mejbury çekilýär. Bu barada maryly býujet işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen diplomatlary Berlinde köçe düzgünlerini bozmakda öňdäki 'onluga girdi'

Azathabar.com 

Türkmen diplomatlary Berlinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýygy-ýygydan bozýan sürüjileriň sanawyna girdi diýip, “Turkmen.news” german neşirine salgylanyp habar berýär. Mundan öň garaşsyz neşirler türkmen prezidentiniň giýewisi bilen gyzynyň Londonda bir ýerli raýaty ‘utandygyşy’, Fransiýadaky türkmen ilçisiniň aýalyna we gyzyna el galdyryşy, Türkiýedäki konsullykda bolsa aktiwistiň ýenjilişi barada habar beripdiler.

Türkmen diplomatlary Berlinde köçe düzgünlerini bozmakda 'öňdäki' onluga girdi

Azathabar.com 

Türkmen diplomatlary Berlinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýygy-ýygydan bozýan sürüjileriň sanawyna girdi diýip, “Turkmen.news” german neşirine salgylanyp habar berýär. Mundan öň garaşsyz neşirler türkmen prezidentiniň giýewisi bilen gyzynyň Londonda bir ýerli raýaty ‘utandygyşy’, Fransiýadaky türkmen ilçisiniň aýalyna we gyzyna el galdyryşy, Türkiýedäki konsullykda bolsa aktiwistiň ýenjilişi barada habar beripdiler. “Spiegel” türkmen diplomatlarynyň düzgün bozmalary baradaky habary Hrtistian-demokratik... Читать дальше...

ÝB Russiýanyň agressiýasyna garşy sanskiýalaryň toplumyny taýýarlady

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukraina hüjüm eden halatynda, Moskwa garşy "ygtybarly we hemmetaraplaýyn" sanskiýalaryň toplumyny taýýarlady diýip, ÝB Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen 4-nji fewralda mälim etdi. Russiýa Ukraina bilen serhedine 100 müň töweregi harbylaryny ýerleşdirdi. Günbatar munuň Ukraina hüjüm etmek üçin taýýarlyk bolmak ähtimallygyndan howatyrlanýar. Moskwa howpsuzlyk kepillerini, şol sanda Kiýewiň hiç haçan NATO agza alynmajakdygy baradaky wadalary isleýär. Ýewropaly... Читать дальше...

Berdimuhamedow Hytaýa saparyndan soň, karantine ýerleşer

Azathabar.com 

3-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine ugrady. Ol yzyna dolanan pursady, ozalky saparlaryndan tapawutlylykda, karantinde boljakdygyny aýtdy. Günbatar döwletleri Hytaýyň adam hukuk bozmalary, hususanda Sinjiang sebitinde uýgurlaryň we azlykdaky beýleki musulman toparlarynyň gysylmagy sebäpli oýunlaryň 4-nji fewraldaky açylyş dabarasyny boýkot edýärler. Pekin bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan geçen... Читать дальше...

Pekinde Gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy, Günbatar boýkot etdi

Azathabar.com 

4-nji fewralda Pekiniň Milli stadionynda 2022-nji ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Munuň bilen Hytaý COVID-19 ýaýramagy, şeýle-de özüniň adam hukuklary babatyndaky ýaramaz görkezjilieri boýunça ünsi başga ýana sowmagy umyt edýär. ABŞ, Britaniýa, Kanada, Germaniýa, Awstraliýa we beýleki döwletler Hytaýyň adam hukuk bozmalary, hususanda Sinjiang sebitinde uýgurlaryň we azlykdaky beýleki musulman toparlarynyň gysylmagy sebäpli oýunlaryň açylyş dabarasyny boýkot etdiler. Читать дальше...

Russiýa Germaniýanyň “Deutsche Welle” mediasyny gadagan etdi

Azathabar.com 

Rus resmileri şu hepdäniň başynda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RT DE gullugynyň ýapylmagyna jogap edip, “Deutsche Welle” (DW) media korporasiýasynyň ýurtdaky işini togtatmalydygyny aýtdylar. Germaniýanyň media serişdesi muny “manysyzlyk” atlandyrdy we öz ýaýlymlaryny dowam etdirjekdigini söz berdi. 3-nji fewralda Russiýanyň Daşary işler ministrligi DW-niň Russiýadaky býurosynda işleýän ähli işgärleriniň akreditasiýasynyň ýatyrylýandygyny, şeýle-de onuň Russiýanyň çägindäki efirleriniň togtadylýandygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy. Читать дальше...

ABŞ Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek üçin galp esas taýýarlaýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek üçin galp esasy gurnamagy planlaşdyrýandygyny görkezýän aňtaw maglumatlaryny edinendigini aýtdy. Bu barada 3-nji fewralda Döwlet departamenti mälim etdi we Birleşen Ştatlaryň habar serişdelerinde ýene bir resminiň bu baradaky sözleri getirildi. Resmiler soňky günlerde bu baradaky gizlin aňtaw maglumatynyň Ukrainanyň resmilerine we Ýewropadaky ýaranlaryna hem ýetirilendigini bellediler. Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk resminiň maglumatyna görä, rus tarapy Ukraina... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






«Автомобили-утопленники» из зон паводков начинают «всплывать» в регионах России

Известный блогер Тамаев попал в ДТП на люксовом авто около «Москва-Сити»

"Наступление сетей": томский эксперт о трендах общепита

В РФ наладят производство биосовместимых зубных имплантатов