Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 17.02.2022

Aşgabatda we Maryda dollar 17 manada arzanlady, walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirildi

Azathabar.com 

Paýtagt Aşgabatda we Mary welaýatynyň Mary şäherinde dollaryň gara bazardaky bahasy 17 manada çenli aşaklady. Bu waka kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy reýdleri geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Gara bazarda dollar söwdasyny edýän maryly söwdagärleriň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, saklanan adamlaryň käbirine diňe pul jerimesi salnan bolsa, käbirleri heniz-de tussaglykda saklanýar. 17-nji fewralda paýtagtda we Maryda bir dollar... Читать дальше...

Türkmenistanyň daşyndaky türkmenler prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda gyssagly prezidentlik saýlawlaryna resmi taýýarlyk görülýän wagtynda, daşary ýurtlardaky türkmenler saýlawlara gatnaşmak islegini yglan edýärler. Özlerini dalaşgär hökmünde hödürlänler Türkmenistanda prezidentlik wezipesiniň atadan ogla geçmegine gönüden-göni ýol açýan häzirki saýlaw kampaniýasyndan nägileligini bildirýärler we agyr syýasy-ykdysady krizisdäki ýurduň geljekki 7 ýyl üçin täze ýolbaşçysyny saýlamaga alternatiwa ýol berilmegini talap edýärler.

Saýlaw möwsüminiň fonunda Internet haýallady

Azathabar.com 

Türkmenistanda saýlaw möwsümi dowam edýän mahaly, ýurduň Internet ulgamynyň tizligi ep-esli haýallady. Ulanyjylar VPN hyzmatlaryndan peýdalanmakda kynçylyk çekýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.

Türkmenistan Gürjüstana bir ýylda 190 million dollarlyk nebir önümlerini iberdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Gürjüstana eksport eden nebitiniň we nebit önümleriniň umumy bahasy 191,8 million dollar boldy diýip, hökümetçi “Türkmenportal”  Azerbaýjanyň “Trend” neşirine salgylanyp habar berýär. “Trendiň” Gürjüstanyň milli statistiki gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, bu Türkmenistanyň gürjüstana 2020-nji ýyldaka garanda 186,2% köp nebit önümini eksport edendigini aňladýar. Gürjüstany nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmek mukdar taýdan hem 103,1% ýokarlandy, ýagny  149,711... Читать дальше...

Balkanda we Lebapda Serdar Berdimuhamedowyň wagzy başlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Balkan we Lebap welaýatlarynyň edara-kärhanalarynda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlige dalaş edýän ogly Serdar Berdimuhamedowyň propagandasy başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy we Lebapdaky çeşmeleri habar berýärler.

Syýasy synçy Soloweý birnäçe sagatlap sorag edilenden soň öýüne goýberildi

Azathabar.com 

Meşhur rus syýasy analitigi we kreml tankytçysy Waleriý Soloweý Moskwadaky kwartirasynda gözleg geçirilenden soň soraga çekilip, birnäçe sagatdan soň öýüne goýberildi. Soloweýiň aklawçysy rus hökümetini we prezident Wladimir Putini tankytlaýan 61 ýaşly synçynyň ogly bilen bilelikde, Derňew komitetinde birnäçe sagatlap sorag edilenden soň, 16-njy fewralda tussaglykdan boşadylandygyny aýtdy. Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RT teleýaýlymy we Znak.com habarlar web sahypasy çeşmelere salgylanyp, bu iki adamyň anyklaşdyrylmadyk... Читать дальше...

Gyrgyzystanyň metbugat jemgyýeti söz azatlygyna we raýat hukuklaryna howp abanýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň metbugat pudagynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri ýurtdaky söz azatlygynyň we raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň ýene-de howp astyna düşendigini aýtdylar. Metbugat jemgyýeti köpçülikleýin habar serişdeleriniň we täjirçilik bilen meşgullanmaýan guramalaryň hüjüm astyndadygyny belläp, “Temirow Live” YouTube kanalyny esaslandyryjynyň we Kaktus.media web sahypasynyň redaksiýasyna garşy gozgalan jenaýat işlerini, metbugat edaralarynyň ýanynda daşary ýurt agentleri baradaky kanunyň kabul... Читать дальше...

Özbegistanyň prezidenti on gün içinde ilata 350 000 goýun-geçi paýlamagy buýurdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-njy fewralda maldarçylygy ösdürmek barada maslahat geçirip,  hyzmatdaşlyk esasynda, on gün içinde ilata 350 000 goýun-geçini paýlamagy tabşyrdy. Prezident ilata goýun-geçi paýlamak üçin döwlet býujetinden 100 million dollar bölünip beriljekdigini aýtdy. Pudak emeldarlary, sebitleriň we etraplaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, bir hepdäniň içinde 67 sany iri we ownuk mallar fermasyny döretmeli. Sebitleriň ýolbaşçylarynyň maldarçylyk hojalyklarynda ýylda 150 000 adamy işe almagyna garaşylýar. Читать дальше...

ABŞ: Goşun çykarmak barada aýdylanlar ýalan, Russiýa ukrain serhedine ýene müňlerçe esger iberdi

Azathabar.com 

Günbatar ýurtlarynyň Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmek ähtimallygy sebäpli dörän gorky-howatyrlar arasynda güýçlendiren diplomatik tagallalarynyň dowam etmegi bilen, bu sebitden goşun çykarýandygy baradaky ‘galp’ beýanatlaryna garamazdan, Ak tam Orsýetiň Ukraina bilen serhet ýakasyna jemlän harby güýçlerini has-da köpeldýändigini aýtdy. NATO hem Russiýanyň sebitden çykarýan goşunlary barada aýdan sözlerini sorag astyna aldy. Baş sekretar Jens Stoltenberg faktlaryň Moskwanyň resmi beýanatlaryna ters gelýändigini aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistan ykdysady azatlyk boýunça 165-nji ýurt boldy

Azathabar.com 

Dünýä ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady azatlyk görkezijisiniň täze hasabatynda Türkmenistan ykdysady azatlygy boýunça 46,2 dereje aldy. Bu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýyldaky görkezijide 165-nji orunda durýandygyny aňladýar. Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar, emma hökümet mejlislerinde krizis we çökgünlik sözleri asla agzalmaýar.  Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki 39 ýurduň arasynda 38-nji ýerde durýar we bu... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






Председатель Мособлдумы Брынцалов принял участие в субботнике в Реутове

В Москве стартовал сезон фонтанов

Субботник в «День добрых дел» провели в Воскресенске

Танцы, демонстрации и мини-футбол. Как Москва отпразднует Первомай