Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 11.02.2022

Berdimuhamedow ýurdy dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýdyp, özüniň bolsa durmuş hem-de syýasy tejribesini Halk Maslahatynyň başlyklygyna gönükdirmegi maksat edinýändigini aýtdy. Berdimuhamedow 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde söz sözledi: “Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip... Читать дальше...

Aşgabatda Halk Maslahatynyň geçýän wagtynda azyk 'bolçulygy' döredildi we 'artyk' çörek satyn alanlar saklandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri çörek ýetmezçiligi meselesini çözmegiň ýerine, iki gezek nobatda durmaga we rugsat berlenden biraz artyk nan satyn almaga synanyşýan raýatlary yzarlamagy dowam etdirýärler. Bu aralykda, 11-nji fewralda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçýän güni, döwlet dükanlarynda azyk önümleri birden köpeldi we bahalar arzanlady.

Aşgabatda awtoduralgalaryň tölegi iki ýarym esse gymmatlady

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen awtoduralgalaryň aýlyk tölegi duýdansyz 150% gymmatlady. Bu gymmatlama barada häkimiýetler tarapyndan öňünden hiç hili bildiriş edilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

Putin Tokaýew bilen duşuşygynda Russiýanyň ýanwarda Gazagystana 'egin berendigini' aýtdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bolan duşuşygynda ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda Moskwanyň goňşy döwlet bilen “egin-egne berşendigini” aýtdy. Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) geçen aý, Tokaýewiň haýyşy boýunça 2000-den gowrak esgeri Gazagystana kömek üçin iberdi. Gazak prezidenti şonda ýurduna “daşardan agressiýa” edilendigini öňe sürdi. Putin Tokaýew bilen Moskwada geçiren gepleşiklerinde... Читать дальше...

Ukrainanyň, Günbataryň aladalarynyň arasynda Russiýa, Belarus uruş oýunlaryna başlady

Azathabar.com 

Russiýa we Belarus sebitdäki dartgynlyklaryň hasam ýokarlanan wagtynda uly söweş oýunlaryna başlap, Moskwanyň harby niýetleri baradaky aladalaryň güýçlenmegine, Günbatar we Ukraina tarapyndan ýazgarylmagyna sebäp boldy. 10-njy fewralda başlanan harby türgenleşikler Belarusyň günortasynda, Ukraina bilen serhediň golaýynda geçirilýär. Iki ýurduň harby resmileriniň aýtmagyna görä, söweş oýunlary 10 gün dowam eder. Bu türgenleşikler ABŞ we Ýewropa liderleriniň Russiýanyň ukrain serhediniň golaýynda... Читать дальше...

Berdimuhamedow Žirinowskiniň “tiz wagtda sagalmagyny” arzuw etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň rezidenti Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiniň koronawirus bilen kesellemegi we hassahana ýerleşdirilmegi baradaky habary "çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini" aýdýar. “Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen, Siz häzirki döwürde bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriň Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatynda aýdylýar. Читать дальше...

TDH mejlisde döwlet durmuşynyň 'örän möhüm meselelerine' garaljakdygyny aýdýar  

Azathabar.com 

Şu gün, 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär diýip, TDH habar berýär. Hökümetiň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýat, etrap we şäher häkimleriniň, welaýat... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






Финского депутата Тимо Ворнанена задержали за стрельбу в ресторане

Омская команда «ВВ» не прошла в финал «Лиги городов» на ТНТ

«ВКонтакте» проведет фестиваль для фанатов поп-культуры в Москве

Медведева призналась, что набрала вес из-за стресса после Олимпиады-2018