Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 26.02.2022

THG Ukrainadaky türkmenistanlylaryň 'hossarsyzdygyny' aýdýar, Türkmen ilçihanasy 'beýle däl' diýýär

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy Ukrainadaky harby operasiýanyň Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň işgärlerini gapyl basandygyny, beýleki ýurtlaryň diplomatlary ýaly, olaryň öz raýatlaryna konflikt başlamazyndan öň Ukrainany derhal terk etmek duýduryşyny bermändigini habara berýär. Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy bu aýdylýanlary umumylykda ret etdi we Ukrainadaky türkmenistanlylary goňşy ýurtlara ewakuasiýa etmek tagallasynyň edilýändigini aýtdy. Düýbi Bolgariýada... Читать дальше...

Wilniýus we Warşawa has güýçli herekete çagyransoň, Orban ÝB-niň ähli sanksiýasyny goldajakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Wengriýa Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy girizen ähli sanksiýasyny goldaýar we hiç bir çäräniň öňüni baglamaýar diýip, premýer-ministri Wiktor Orban 26-njy fewralda Ukraina-Wengriýa serhedinde eden gürrüňinde aýtdy. "Wengriýa biziň ähli sanksiýany goldaýandygymyzy açyk aýtdy, şonuň üçin biz hiç çäräniň öňüni almarys,  Ýewropa Bileleşiginiň premýer-ministrleri nähili ylalaşyp bilseler, biz ony  kabul edýäris we goldaýarys"  diýip, ol iňlis dilinde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.   "Bu birleşmegiň wagty. Читать дальше...

Hepdäniň jemi #9 (26.02.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda geçiriljek irki saýlawlaryň öňüsyrasynda Moskwada baglaşylan türkmen-rus howpsuzlyk ylalaşygy; Russiýanyň Ukraina goşun sürmegi we bu konfliktiň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky medeni, ruhy baglanyşyklara ýetirmegi mümkin täsirleri barada ýazyjy bilen gurnan söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Russiýa garşy girizilen sanksiýalar arasynda, Kreml Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, premýer-ministr Mihail Mişustin we Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko, Ukraina agressiýasy sebäpli, Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň üç döwletiniň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy. Kremliň metbugat gullugy 25-nji fewralda Putiniň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gepleşip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Ukrainada dowam edýän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. Читать дальше...

ABŞ Putine, Lawrowa, Şoýgua we Gerasimowa garşy sanksiýa girizdi

Azathabar.com 

Günbatar ýurtlary Russiýa garşy banklaryny gara sanawa girizmek we tehnologiýa eksportyny gadagan etmek ýaly sanksiýalar toplumyny yglan etdi. Emma plar Moskwany halkara bank tölegleri üçin SWIFT ulgamyndan çykarmakdan saklandylar. Birleşen Ştatlar prezident Putine, daşary işler ministri Sergeý Lawrowa, goranmak ministri Sergeý Şoýgua we Baş ştabyň başlygy Waleriý Gerasimowa garşy sanksiýalar toplumyny girizdi. Ýewropa Bileleşigi we Angliýa biraz öň Putin bilen Lawrowyň öz sebitlerinde saklaýan emläklerini doňdurdylar. Читать дальше...

Russiýa, garaşylyşy ýaly, BMG-niň Ukraina çozmagyny ýazgarjak kararynyň öňüni baglady

Azathabar.com 

Russiýa 25-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Moskwanyň Ukraina çozmagyny ýazgarjak kararynyň taslamasyna weto goýdy. Garaşylyşy ýaly, bu weto Howpsuzlyk geňeşiniň kabul etjek rezolýusiýasynyň taslamasyny ýatyrdy. Ýöne bu taslamanyň biraz soň BMG-niň 193 agzaly Baş Assambleýasynda kabul edilmegine garaşylýar. Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy bolan Moskwanyň weto hukugy sebäpli, bu kararyň geçmejegi bellidi. Geňeşiň 15 agzasynyň 11-si ABŞ we Albaniýa tarapyndan bilelikde ýazylan karar taslamasyna ses berdi. Читать дальше...

Maryda adamlar ýene metjitden kowuldy

Azathabar.com 

Azatlygyň ýerli habarçysy bäşinji gün metjitde juma namazyny okamaga baran raýatlaryň metjide goýberilmän, yzlaryna kowulandygyny habar berýär. “Telewideniýede adamlaryň metjitde üýşüp, juma namazyna duruşlary görkezilensoň, namaz okaýan adamlar ‘metjit açyldy’ diýip, bir-birine habar berdi. Olar jemagat bolup namaz okamak üçin ilki öz etraplaryndaky metjitlerden habar tutdylar” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, etrap metjitleriniň agzynda gulp asylgydygyny gören adamlar Marydaky baş metjide gitdiler. Читать дальше...

Türkmenistan dünýäniň Azatlyk reýtinginde ýene 100-den 2 dereje alyp, ‘azat däl’ ýurt boldy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Azatlyk öýi” (Freedom House) guramasy dünýädäki azatlygyň derejesi boýunça (Freedom in the World 2022) ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hökümetden aýry guramanyň täze hasabatynda Türkmenistan mümkin bolan 100 derejedan 2 dereje toplady we azat däl ýurtlaryň (erkin däl) hataryna goşuldy. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda berilýän azatlyk bahasy boýunça geçen iki ýylda, 2020-2021-nji ýyllarda hem mümkin bolan 100 derejeden bary-ýogy 2 dereje alypdy. Türkmenistandan hem az derejeler... Читать дальше...

Zelenski: 'Biz öz döwletimizi, öz topragymyzy we çagalarymyzy gorarys!'

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 26-njy fewral güni irden Kiýewden habar iberip, rus goşunlarynyň Ukrainanyň paýtagtyny gabap alan wagtynda, bu ýerde ukrain tabynlygynyň bolmajakdygyny aýtdy. "Galp habarlara ynanmaň ... Men şu ýerde, biz öz ýaraglarymyzy taşlamarys, biz öz döwletimizi, öz hakykatymyzy, öz topragymyzy we çagalarymyzy gorarys, biz bularyň hemmesini gorarys, size aýtmak islän zadym şu” diýip, Zelenski Kiýewiň merkezindäki prezident edarasynyň ýanynda durup, Twitter hasabynda çap edilen wideoýazgyda aýtdy. Читать дальше...

'Agressor ýurt': Kiýewiň daşyndaky güýçler bilen, Putin hökümeti içerki frontda hem söweşýär

Azathabar.com 

Moskwanyň Ukraina goşuna sürmeginiň ilkinji gününde, häkimiýetleriň raýat jemgyýetine edilýän basyşlary güýçlendirmegi bilen, Russiýanyň 53 rus şäherinde urşa garşy guralan demonstrasiýalarda 1800-den gowrak adam tussag edildi. Emma ýurtda urşa garşy döreýän täze hereket gowşamakdan geçen, barha güýçlenjege meňzeýär. Aktiwist Nikita Çirkow Russiýanyň Ukraina çozan güni Sankt-Peterburgyň köçelerine "Uruş ýok" diýen ýazgyly kiçijik bellik bilen çykdy. Birnäçe adam deňinden geçende oňa baş atsa, beýlekileri ýöne ýylgyryp geçdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






В Москве арестован бывший подчиненный замминистра обороны Иванова

Ещё один гражданин Таджикистана. Суд арестовал 12-го фигуранта дела о теракте в «Крокусе»

Продолжаются работы по озеленению города

Нижегородка скончалась на платформе Московского вокзала