Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 10.02.2022

Britan ministri Russiýanyň Ukraina çozmagynyň 'betbagtçylykly' boljakdygyny duýdurdy

Azathabar.com 

Britan daşary işler ministri Liz Truss rus kärdeşi Sergeý Lawrowa Ukraina garşy hüjümiň "betbagtçylykly" boljakdygyny duýdurdy. Beýik Britaniýa, ukrain serhediniň alkymynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlygy gowşatmaga gönükdirilen diplomatik saparlara goşulan iň soňky ýurt boldy. Günbatar bu goşun toplanmasynyň goňşy ýurda çozmaga görülýän taýýarlygyň bir bölegi bolmagyny güman edýär. "Aslynda, Ukrainada söweş rus we ukrain halky üçin, şeýle-de, Ýewropanyň howpsuzlygy üçin betbagtçylykly... Читать дальше...

Türkmenistanda VPN-e garşy göreş dowam edýär, ulanyjylar soraga çekilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda internet ulanyjylar tora birikmekde kynçylyklary başdan geçirýärler. Aragatnaşygyň aşa haýallamagy VPN-e birikmäge mümkinçilik bermeýär. Soňky günlerde internet tas işlemeýär. Bu barada 8-nji we 9-njy fewralda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berdiler. Ýurduň häkimiýetleri bolsa şu günler Halk Maslahatynyň ýakyn günlerde geçiriljek nobatdan daşary ýygnagyna taýynlyk görýärler.

Murgapda guraklykdan ejir çelýän maldarlar mallaryny tas ýarym bahasyna satýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Murgap etrabynda köp maldar öz mal-garalaryny tas ýarym bahasyna satmaga synanyşýar. Olar munuň sebäplerini gurakçylyk we öri meýdanlarda ot-iým ýetmezçiligi zerarly mallaryň köpüsiniň horlanyp, tas gyrylmak derejesine ýetýändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanyň ösüşini çaklaýar

Azathabar.com 

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy Fatih Türkmenogluna salgylanyp, “Trend” neşiri Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň şu ýyl 6 göterime çenli ösmegine garaşylýandygyny habar berýär. Emma Bütindünýä banky Türkmenistany şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy.

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlary tutmak işlerine çagalary "çekýär"

Azathabar.com 

Aşgabatda häkimiýetleriň köçelerdäki itleri we pişikleri tutmak hem-de ýok etmek işleri güýçli depginde dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we haýwanlary goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, häkimiýetler indi bu işlere çagalary hem çekýär. Köçelerde tutulyp, ýörite angara eltilen idegsiz haýwanlar aç we suwsuz köpçülikleýin ölýär. Bu waka häkimiýetleriň Halk Maslahaty mejlisine taýynlyk görýän wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar

Azathabar.com 

Milady kalendarda 21-nji dekabr onsuz hem iň uzyn gije hasaplanýar, ýöne 2006-njy ýylyň 21-nji dekabra geçilen gijesi türkmen syýasatynda, belki-de, has uzaga çeken gije boldy. Bar bolan resmi maglumatlara görä, şol gije Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykdy. Nyýazowyň ölüminden soňra, onuň orunbasary, wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda häkimiýet başyna geldi. 11-nji fewralda Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemegine 15 ýyl dolýar.



Maryda ýene tozanly ýel turdy

Azathabar.com 

Şenbe güni, 5-nji fewralda Mary welaýatynda tozanly ýel turdy. Uzakly gün dowam eden şemal howanyň düzüminde tozan emele getirdi. Bu sebäpli ýaşaýjylar 150-200 metr aralygy görmekde kynçylyk çekdiler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy ýeliň günüň ikinji ýarymynda has-da güýçlenendigini we hamana, asmandan çäge ýagýan ýaly bolandygyny aýdýar.

TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy

Azathabar.com 

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa sapar eden türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji fewralda Pekinde Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy. Ýygnagyň barşynda taraplar beýleki meseleler bilen bir hatarda iki ýurduň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

'Çörek ýetmänsoň aýnany döwdüler'. Aşgabadyň ýaşaýjylary nägilelik görkezýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda çörek ýetmezçiligi, dawa-jenjellere, şol sanda alyjylaryň we satyjylaryň arasynda çaknyşyklara sebäp bolýarlar. Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň birinde çörek ýetmezçiligi müşderileriň güýçli nägileligine sebäp boldy, netijede dükanyň aýnasy döwüldi. 9-njy fewralda irden çörek satylanda "Bereketli" bazarynda ýerleşýän döwlet dükanynyň aýnasy döwüldi. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosyna aýdyşy ýaly dükanyň galyň aýnasy bilkastlaýyn döwülipdir. "Irden, hemişe bolşy ýaly, çörek paýlanylandan... Читать дальше...

Aşgabatda we Maryda Halk Maslahatyna gatnaşyjylar karantine ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirusyň "omikron" görnüşiniň möwjeýändigi baradaky habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri Halk Maslahatynyň mejlisine güýçli depginde taýynlyk görýär. Taýýarlyklaryň çäginde mejlise gatnaşjak adamlaryň köpçüligi Aşgabat we Mary şäherlerindäki myhmanhanalarda karantine ýerleşdirildi. Aşgabatdaky myhmanhanada beden temperaturasy aşa ýokarlanan 10 ýaşuly öýüne ugradyldy we 20 töweregi deputat keselhana ýerleşdirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Mary welaýatyndaky habarçylary habar berýärler.

Maryda Halk Maslahatyna taýýarlyk dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda 11-nji fewralda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Mary welaýatyndan mejlise gatnaşyjylar we ýaşuly adamlar günüň dowamynda birnäçe gezek repetisiýa geçýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy penşenbe güni Marydan habar berdi. Döwlet durmuşynda möhüm hasaplanýan syýasy waka üçin mejlise gatnaşyjylar günüň dowamynda birnäçe sagatlap, bellenen tertipde oturmaga mejbur edilýärler. Mejlisde söz sözlemeli edilen adamlar, repetisiýalaryň çäginde... Читать дальше...

Gara maska gadaganlygy güýçlenýän mahaly, prezident karantin çärelerini dowam etdirmegi tabşyrdy​​​​​​​

Azathabar.com 

Aşgabatda polisiýanyň ilata gözegçiligi ýene güýçlenip, gara maskaly awtoulag sürüjilerini tutmak boýunça reýdler geçirilýär. Garaşsyz neşir gara maska gadagançylygynyň ýurduň sebitlerine hem baryp ýetendigini habar berýär. Bu habarlaryň arasynda, pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen prezidenti "ýurtda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi dowam etmegiň maksadalaýykdygyny" belledi. Azatlyk Radiosynyň ýurduň paýtagtyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä... Читать дальше...

Britan ministri Russiýa Belarus bilen türgenleşige başlanda, Moskwada Lawrow bilen duşuşar

Azathabar.com 

Angliýanyň daşary işler ministri Liz Truss 10-njy fewralda, ukrain serhediniň alkymynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlygy gowşatmak tagallalarynyň äginde, Moskwada daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar. Günbatar bu goşun toplanmasynyň goňşy ýurda çozmaga görülýän taýýarlygyň bir bölegi bolmagyny güman edýär. Şu aralykda Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň Polşanyň prezidenti Andrzej Duda we NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg bilen maslahatlaşmak üçin Warşawa hem-de Brýussele sapar etmegine... Читать дальше...

USAID Merkezi Aziýada täze bazarlary açmak üçin 19 million dollar berdi

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Merkezi Aziýa ýurtlaryna täze maksatnama hödürledi diýip, ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär. Bäş ýyla niýetlenen we 19 million dollar möçberinde maliýe serişdesi bolan maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmaga gönükdirilip, Gyrgyzystany, Gazagystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alar diýip, habarda bellenýär. ABŞ ilçihanasynyň maglumatyna görä... Читать дальше...

Özbegistan tussag edilen özbek raýaty barada Gazagystana hat iberdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Almatydaky baş konsuly, ýanwar wakalary bilen baglanyşykly, özbek raýaty Saken Talipowyň tussag edilmegi sebäpli Gazagystana nota, hat iberendigini aýtdy.  Özbegistanyň Daşary işler ministrligi bu notanyň iberilendigini tassyklady, ýöne Azatlyk radiosyna onuň mazmunyny aýan etmekden saklandy. 17 ýaşly Talipow Gazagystana geçen güýzde, ejesiniň ýanynda ýaşamak üçin geldi we Almatydaky bir ýaşaýyş jaý toplumynda garawul bolup işledi. Garyndaşlarynyň gürrüň bermegine görä, Talipow 4-nji... Читать дальше...

2021-nji ýylda Gyrgyzystanda aýallara garşy 9,800 jenaýat hasaba alyndy

Azathabar.com 

2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy guramalary aýal-gyzlara garşy amala aşyrylan 9,800 jenaýat işi boýunça deslapky derňew işlerini açdy. Baş prokuror Kurmankul Zuluşew bu maglumatlary 9-njy fewralda guran metbugat ýygnagynda yglan etdi. Onuň sözlerine görä, açylan derňew işleriniň 3996-sy bes edildi, 1728-si bolsa kazyýete geçirildi. Şeýle-de ol bu işleriň 2667 sanysynyň şindi hem derňelýändigini aýtdy. Hukuk goraýjy guramalaryň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Gyrgyzystanda 9 müň... Читать дальше...

Ýanwar wakalarynda Şymkentde azyndan 18 adam öldi

Azathabar.com 

4-7-nji ýanwarda Şymkentde hökümete garşy guralan protestleriň dowamynda şäheriň meýithanasyna demonstrasiýalar wagtynda ölen 18 adamyň jesedi getirildi.  Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň ýanyndanky milli öňüni alyň geňeşiniň agzasy Şahnoza Hasanowanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna  görä, bu maglumat 17-nji ýanwarda şäher prokuraturasyndan alnypdyr.  “Protest wagtynda ölenleriň jesetleriniň şondan soňam meýithana getirilendigi ýa däldigi  belli däl. Maglumatlaryň üýtgän bolmagy mümkin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Актер Бурак Озчивит приехал в Москву на съемки

Посол Армении в ЕС Балоян: Попытки подорвать интересы России на Кавказе будут самоубийственными

Кадыров готовится к бегству из Чечни - СМИ

Куда отправиться на майские: топ-6 направлений для россиян без загранника и визы