Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 19.02.2022

Hepdäniň jemi #8 (19.02.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň irki prezident saýlawlary we daşary ýurtlardaky türkmenleriň saýlawda dalaşgär bolmak tagallalary barada geçiren söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Germaniýanyň kansleri: Eýranyň ýadro gepleşikleri "hakykat pursadynda" dur

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Eýrany 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyny saklap galmaga gönükdirilen gepleşikleri bozmazlyga çagyrdy. "Eýranyň ýolbaşçylarynyň indi saýlamak mümkinçiligi bar: häzir hakykat pursady" diýip, Şolz 19-njy fewralda geçirilen Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda aýtdy. Şolz soňky 10 aýyň dowamynda Wenada geçirilen gepleşiklerden soň, "gepleşikleri tamamlamak üçin ähli elementleriň stoluň üstünde durýandygyny" aýtdy. Muňa garamazdan, ol BMG-niň ýadro agentligi öz gözegçiligini togtadansoň... Читать дальше...

Türkmenistanda turýan güýçli ýelleriň fonunda, USAID türkmen meteorologlary bilen okuw türgenleşiklerini geçirýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentligi (USAID) klimatyň üýtgemegine garşy çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň meteorologlaryna goldaw berip, olar bilen okuw türgenleşiklerini geçirýär. Bu barada "Trend" habar agentligi 18-nji fewralda habar berdi. Bu habar, Türkmenistanda güýçli tozanly ýelleriň turýan we howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň çaklamalarynyň takyklygyna yzly-yzyna ýaramaz baha beren mahalyna gabat geldi. Читать дальше...

Harris, Russiýa Ukrainany basyp alsa, NATO özüniň gündogar tarapyny güýçlendirer diýýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris mundan beýläk Russiýanyň Ukraina haýsydyr bir çozuşynyň NATO-nyň gündogar bölegini güýçlendirmek arkaly çözüljekdigini aýtdy. "Biz ykdysady çäreler bilen çäklenmeris" diýip, Harris aýtdy. 19-njy fewralda Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynyň ýyllyk ýygnagynda çykyş eden Harris çozuşa gaýtawul hökmünde "biz gündogar tarapdaky NATO ýaranlarymyzy has-da güýçlendireris" hem diýdi. Onuň bu çykyşy ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň... Читать дальше...

Ukrainanyň gündogaryndaky separatist liderler harby mobilizasiýa yglan etdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň gündogarynda ruslar tarapyndan goldanylýan separatist liderler çozuş aladalarynyň artmagynyň fonunda, doly harby mobilizasiýa geçmek barada buýruk berdiler. Separatistler tarapyndan basylyp alnan Donetsk we Luhansk sebitleriniň de-fakto baştutanlary Denis Puşilin we Leonid Paseçnik 19-njy fewralda aýry-aýry beýanat ýaýradyp, goşun bölümleriniň doly ýygnalýandygyny yglan etdiler we ätiýaçdakylary harby gulluga gitmäge çagyrdylar. Bu çäre, soňky günlerde sebitdäki separatistler bilen... Читать дальше...

Baýden: ABŞ Putiniň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine "ynanýar"

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öňümizdäki hepde Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine özüniň "ynanýandygyny" aýtdy. Ýöne ol bu babatda diplomatik çözgüde gelnip bilinjekdigine heniz-de umyt baglaýandygyny hem belledi. "Şu pursatdan başlap, onuň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine ynanýaryn" diýip, Baýden 18-nji fewralda Ak tamda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu ýygnak Baýdeniň ýewropaly kärdeşleri bilen geçiren we 45 minut dowam eden konferensiýasynyň yz ýany boldy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде






Депутаты и ветераны написали «Диктант Победы» в Домодедове

Коммунальные службы Подмосковья устранили более 20 подтоплений

Участок, соединяющий Южную рокаду и МСД, готов практически на 70%

Домодедовские спортсменки завоевали золото и серебро Чемпионата Европы по бокс