Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 09.02.2022

Türkiýede okuw töleglerini geçirmedik türkmen talyplarynyň ýaşamaga rugsatnamasy "goýbolsun ediler"

Azathabar.com 

Türkiýe 2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymy üçin okuw töleglerini 11-nji fewrala çenli geçirmedik türkmenistanly talyplaryň ýurtda ýaşamak üçin rugsatnamalaryny goýbolsun eder. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär. Azatlyk Radiosy bu barada Türkiýäniň dürli şäherlerinde okaýan türkmenistanly studentleriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar bu maglumaty tassyklap, bu barada türk häkimiýetleri tarapyndan ýaýradylan resmi kararyň ýokdugyny we talyplaryň telefon arkaly habarly edilendiklerini aýtdylar. Читать дальше...

Türkmenistanda VPN-e garşy göreş dowam edýär, ulanyjylar soraga çekilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda internet ulanyjylar tora birikmekde kynçylyklary başdan geçirýärler. Aragatnaşygyň aşa haýallamagy VPN-e birikmäge mümkinçilik bermeýär. Soňky günlerde internet tas işlemeýär. Bu barada 8-nji we 9-njy fewralda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berdiler. Ýurduň häkimiýetleri bolsa şu günler Halk Maslahatynyň ýakyn günlerde geçiriljek nobatdan daşary ýygnagyna taýynlyk görýärler. Azatlygyň habarçylaryndan biri "Aşgabatda internet ýene erbetleşdi. Hemme zat haýallady, şonuň üçin VPN-e birikmek mümkin däl" -diýdi. Читать дальше...

Lebap: häkimiýetler un zawodlarynda we çörek kärhanalarynda barlag geçirýär

Azathabar.com 

Şu günler häkimiýetler Lebabyň iri un zawodlarynda we çörek bişirýän kärhanalarynda barlag geçirýärler. Bu barada polisiýa edaralaryndaky çeşmämiz 9-njy fewralda habar berdi. Barlaglar sebitde un gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi. Maglumata görä, derňewler Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda ýerleşýän un zawodlaryny hem öz içine alýar. Azatlyk Radiosynyň polisiýa edaralaryndaky çeşmesi un zawodlarynyň we çörek bişirýän kärhanalaryň käbir ýolbaşçylarynyň “bidüzgünçilikde” güman edilip... Читать дальше...

Murgapda guraklykdan ejir çelýän maldarlar mallaryny tas ýarym bahasyna satýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Murgap etrabynda köp maldar öz mal-garalaryny tas ýarym bahasyna satmaga synanyşýar. Olar munuň sebäplerini gurakçylyk we öri meýdanlarda ot-iým ýetmezçiligi zerarly mallaryň köpüsiniň horlanyp, tas gyrylmak derejesine ýetýändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Onuň sözlerine görä, soňky günlerde etrabyň mal bazarynda uly we kiçi mallaryň bahalary tas 50% arzanlady. 9-njy fewralda göleli sygyryň bahasy 8 müň manat bahalanýar. Читать дальше...

Bosgunlykdaky täjik blogçysynyň ejesi syýasy äheňli aýyplama esasynda tussag edildi

Azathabar.com 

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi 8-nji fewral güni giçlik Şohida Mamadjonowanyň ekstremist hereketleri guramakda güman edilip, tussag edilendigini aýtdy. Ministrlik bu iş boýunça goşmaça maglumat bermedi. Ýurt içindäki we halkara hukuk toparlary, howpsuzlyk güýçlerini we beýleki güýç gurluşlaryny garşydaşlaryny gyraklatmak we başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmak üçin ulanýandygyny aýdyp, Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan awtoritar lider Emomali Rahmony ençeme ýyl bäri tankyt edýärler. Читать дальше...

Eýran Ysraýyla, sebitdäki ABŞ bazalaryna ýetjek raketa ýasandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýran 9-njy fewralda ABŞ-nyň sebitdäki bazalaryna we Ysraýyla, 1450 kilometre çenli aralyga ýetýän täze, gaty-ýangyç raketasyny öndürendigini yglan etdi. Döwlet teleýaýlymy we “Tasnim” habar gullugy täze raketanyň  adyna "Haýbar-buster" diýilýändigini habar berdi. Bu yslamyň ilkinji günlerinde musulman goşunlary tarapyndan basylyp alnan ýewreý galasynyň ady bolup durýar. Ysraýylyň Eýran bilen aradaky iň ýakyn nokady 1000 km uzaklykda ýerleşýär. Garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýan habara görä... Читать дальше...

HRW Gazagystany ganly protestler boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy gazak häkimiýetlerini geçen aý merkezi aziýa döwletinde bolup geçen ganly tolgunyşyklar wagtynda adam hukuklarynyň düýpli bozulmagy boýunça geçirilýän içerki derňew işlerine halkara hünärmenlerini hem çagyrmaga çagyrdy. “Çykarylan netijeleriň ygtybarly bolmagyny üpjün etmek nukdaý nazaryndan”, garaşsyz derňew geçirilmegi zerur diýip, HRW 9-njy fewralda çap eden beýanatynda aýtdy. Bu beýanatyň adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň... Читать дальше...

Zelenski, Makron Kiýewde Minsk ylalaşygyny maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren ençeme sagatlyk gepleşiginden bir gün soň, ikinji gün Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski bilen gepleşik geçirdi. Zelenski Makrona Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we ýurtda geçirilýän özgertmeleri goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Fransuz prezidenti Parižiň Ukrainanyň azatlyga we demokratiýa ymtylyşyny, şeýle-de Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny aýtdy. Makronyň sözlerine görä... Читать дальше...

Gijeki protestde aýallar Aktau häkimliginiň öňündäki ýoly bagladylar

Azathabar.com 

Ýaşaýyş jaý meselesiniň çözülmegini talap edýän eneleriň bir topary 9-njy fewral gijesi Mangistau sebitiniň dolandyryş merkezi Aktauda, häkimligiň binasynyň öňündäki ýoly bekledi. Habar berilmegine görä, sagat 10 töweregi köp çagaly we maýyp çagalary bolan eneler sebit häkimliginiň binasyna gelip, häkimiň çykyp, özleri bilen gürleşmegini talap edipdirler. Häkim çykmansoň, aýallar topary ýoly petikledi. Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolarda onlarça aýalyň ýoly baglandygy we yzlaryna öwrülip gidýän awtoulaglaryň ilki olara signal berip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко проиграла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Эстафета поколений и победителей. В Ульяновске отметили юбилейный праздник спорта

В школах Московской области завершился День добрых дел

МТС предлагает выкупить акции иностранцев со скидкой

Правительство РФ подтвердило прогнозы добычи газа в России на 2024-2026 гг.