Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 15.02.2022

Merkezi saýlaw topary Berdimuhamedowyň ogluny prezidentlige dalaşgär hökmünde bellige aldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine dalaşgärligi Merkezi saýlaw komiteti tarapyndan bellige alyndy. Bu barada ýarym-resmi "Orient" neşiri Merkezi saýlaw komitetine salgylanyp habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, Merkezi saýlaw topary 15-nji fewralda irki prezidentlik saýlawlary boýunça ýygnak geçirdi. Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy tarapyndan prezident wezipesine hödürlenen wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligi hasaba alyndy. Читать дальше...

Berdimuhamedow 'Dowzah derwezesini' ýapmak isleýär. Bu oňa başardarmy?

Azathabar.com 

"Dowzah derwezesi" 1971-nji ýylda Garagumda emele geldi. Geologlaryň skwažinada buraw işlerini geçirýän mahaly, toprak ýere çökdi we kraterden metan çykyp başlady. Geologlar oduň birnäçe günden sönjekdigini çaklap, gazy otladylar. Emma "Dowzah derwezesi" eýýäm 50 ýyl çemesi bäri ýanýar. Ony öçürmek boýunça edilen ozalky synanyşyk netije bermedi.

Balkan saýlawlara taýýarlanýarka, Maryda häkimiýetler býujet işgärleriniň pasportlaryny ýygnaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdiginiň yglan edilmeginiň yz ýany, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki mekdeplerde we saglyk öýlerinde saýlaw kabinalary goýlup başlandy. Şol bir wagtda, Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitde saýlawyň boljakdygyny alamatlandyrýan hiç bir hereketiň häzirlikçe göze ilmeýändigini habar berýär. Bu aralykda, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärleriň pasportlaryny ýygnaýarlar. Bu ýagdaýlar barada Balkan we Mary welaýatlaryndaky habarçylarymyz maglumat berýärler. Читать дальше...

Aşgabatda 'aşa köp' hasaplanan çörek alyjylaryň elinden alynýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümetiniň ykdysadyýetiň ýokary önümçilik derejesini gazanandygy baradaky täze hasabatynyň öňe sürlen pursadynda ýurduň ilatyna häkimiýetler tarapyndan rugsat berlen mukdardan artyk çörek satyn almak gadagan edilýär. Aşgabatda alyjylar dükandan çykanlarynda polisiýa tarapyndan barlanýar we olarda goşmaça çörek tapylsa, konfiskasiýa edilýär.

Kanunda erkinligi kepillendirilen teatr wagyzçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýar

Azathabar.com 

Soňky ýyllarda, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy netijesinde, teatr işi bilen meşgullanýan adamlar kyn günleri başdan geçirýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär. Megerem şu ýagdaý bilen balylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklaýan karara gol çekdi. Döwlet eýeçiligindäki media bu karary "Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek... Читать дальше...

Döwlet dumasy "DHR" we "LHR" garaşsyzlygyny ykrar etmek haýyşy bilen Putine ýüzlendi

Azathabar.com 

Russiýanyň Döwlet dumasynyň wekilleri öz-özlerini jar edýän "DHR" we “LHR” sebitleriniň garaşsyzlygyny ykrar etmek haýyşy bilen prezident Wladimir Putine ýüzlenmek baradaky karara ses berdiler. Mejlisdäki ses berişlik parlamentiň web sahypasynda efire berildi. Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy tarapyndan taýýarlanan resminama 351 deputat goldaw sesini berdi, 16 deputat garşy çykdy, bir deputat saklandy. "DHR" we "LHR" sebitleriniň garaşsyzlygyny ykrar etmek üçin kabul edilen ýüzlenme göni prezidente iberiler.

Türkiýede neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi

Azathabar.com 

Türkiýäniň Samsun şäherinde neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň iki raýaty saklandy. Olaryň biri kazyýet diňlenişiginiň yz ýany tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär. "Haberler.com" neşiriniň 13-nji fewralda çap eden habaryna görä, Samsun polisiýa müdirliginiň neşe serişdelerine garşy göreş bölümi ýolagçy awtobusy bilen Stambuldan Samsuna neşe maddalarynyň getirilmegi bilen baglanyşykly reýd geçirdi. Reýdiň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary G.Ý. we H.G. saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidildi. Читать дальше...



Nawalna garşy täze kazyýet işi başlandy, ol uly ogurlykda aýyplanýar

Azathabar.com 

Tussagda oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalna garşy türmede täze kazyýet işi başlandy, ol ogurlykda aýyplanýar we günäli tapylan ýagdaýynda ýene 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek ahtimallygy bilen ýüz-ýüz bolýar. Nawalny bu aýyplamanyň syýasy sebäplidigini aýdýar. Moskwanyň Lefortowo etrap kazyýeti 15-nji fewralda, Wladimir sebitiniň Pokrow şäherinde, Moskwadan 200 km uzaklykda ýerleşýän 2-nji düzediş koloniýasynyň içinde, korrupsiýa garşy kampaniýaçynyň saklanýan ýerinde täze kazyýet işine başlady. Читать дальше...

Tokaýewe ütük sowgat berjek bolan aktiwist özüne garşy iş gozgalandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Akmola sebitiniň Şuçinsk şäheriniň ýaşaýjysy Wladimir Prokopýew şäher häkimliginiň edarasy arkaly Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe “sowgat” hökmünde ütük ibermekçi bolany üçin özüne garşy administratiw kazyýet işiniň açylandygyny aýtdy. Prokopýew ütüge gyzyl harplar bilen "Tokaýewe we Co." diýip ýazdy. Prokopýewiň instagramdaky sahypasynda ýerleşdirilen wideoýazgyda aktiwist bu ütügiň “Gazagystanyň halkynyň adyndan” “Söýgi bilen" iberilendigini aýtdy. Aktiwist wideo ýazgyda ütügi häkimligiň binasynyň öňünde goýýar. Читать дальше...

CIT: Rus goşunlarynyň mümkin bolan çozuşyna taýýarlyk "iş ýüzünde tamamlandy"

Azathabar.com 

Rus goşunlarynyň Ukraina garşy bolup biljek operasiýa taýýarlygy iş ýüzünde tamamlandy ýa-da ýakyn günlerde tamamlanar. Konflikt aňtaw toparynyň (Conflict Intelligence Team) barlagçylary bu habary rus goşunlarynyň Ukrainanyň serhedinde jemlenmegine edilen gözegçilige esaslanyp tassyklaýar. Birinji gün bu topar açyk çeşmelere, ilkinji nobatda hem harby tehnikanyň bir ýerden başga ýere geçirilmeginiň wideolaryndan çykarylan netijelere esaslanýan jikme-jik hasabat çap etdi. Hasabatda tassyklanylmagyna görä... Читать дальше...

Maryda bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda gurakçylygyň we oba hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň arasynda Mary welaýatynyň kärendeçileri barha ýitileşýän suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler suw ýetmezliginiň diňe ýaplardaky suwuň azlygy bilen bagly däldigini aýdyp, hatardan çykan tehnikalaryň abatlanmagy üçin döwlet tarapyndan ýeterlik serişde goýberilmeýändigini belleýärler. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler welaýatyň tas ähli... Читать дальше...

Ukraina çozuş duýduryşlary wagtynda Şolz Putin bilen duşuşýar

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 15-nji fewralda Moskwada prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirer. Bu günbatar lideriniň Ukrainanyň golaýynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlylygyň arasynda Kremli diplomatiýany saýlamaga yrmak üçin häzire çenli eden soňky tagallasy bolar. Şolzyň Russiýanyň paýtagtyna edýän sapary Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň we Angliýanyň iki ministriniň geçen hepde krizis gepleşikleri üçin eden ugurdaş saparlaryndan soň amala aşyrylýar. German... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде






Синоптик Цыганков: май в Москве начнется с теплой погоды и небольших осадков

Дебошира с самолета Сургут – Москва приговорили к штрафу в 600 тыс. рублей

Актриса Муцениеце пристыдила экс-супруга Прилучного после суда по алиментам

Сотрудники Росгвардии задержали автомобилиста  с наркотиками в Москве